Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝUNESKO: Ukrainadaky uruşda azyndan 53 sany medeni desga zeper ýetdi

ÝUNEKSO-nyň baş müdiriniň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary Ernesto Ottone Ramirez (sagda) we agentligiň dünýä mirasy boýunça direktory Lazare Eloundu Assomo 1-nji aprelde Parižde Ukrainanyň howp astyndaky medeni mirasy baradaky metbugat maslahatyna gatnaşýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) medeniýet meseleleri boýunça edarasy, ÝUNESKO, Russiýanyň Ukraina goşun girizmeginden bäri medeni taýdan ähmiýetli azyndan 53 sany desga zeper ýetendigini aýdýar.

Bu binalaryň arasynda 29 sany kilise, 16 sany taryhy bina, dört muzeý we dört ýadygärlik bar diýip, ÝUNESKO-nyň baş müdiriniň medeniýet boýunça orunbasary Ernesto Ottone Ramirez 1-nji aprelde Parižde aýtdy.

“Bu gutarnykly sanaw däl, ýöne bar bolan iň soňky sanaw. Biziň hünärmenlerimiz ýene bir topar habary tassyklamagy dowam etdirýärler” diýip, metbugat sekretary AFP-de sitirlendi.

ÝUNEKSO özünde bar bolan emeli hemra suratlarynyň hem-de şaýat hasabatlarynyň çekilen zyýany tassyklaýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG