2-nji aprelde Aşgabatda türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen 1-nji aprelde döwlet saparyna gelen hindi prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu Hindistanyň prezidentiniň Türkmenistana eden ilkinji sapary bolsa, S.Berdimuhamedowyň prezident bolanyndan soň kabul eden ilkinji daşary ýurt lideri boldy.
Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk baglaşyldy, däp bolan dostlukly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedowyň metbugat ýygnagynda aýtmagyna görä, bu gezekki gepleşikler taraplaryň halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň ýakyndygyny görkezdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar; energetika, senagat we ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda, oba hojalygynda, söwdada hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Şeýle-de taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Prezident Ram Nath Kowind ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, ylym, bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçilikleriniň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki döwletiň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Şu ýyl Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär.