Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daniýa Russiýanyň 15 diplomatyny ýurtdan kowdy, Moskwa ar aljagyny aýdýar


Germaniýa Russiýanyň Berlindäki diplomatik wekilhanasynyň 40 işgärini ýurtdan çykarýandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Bucha şäherinde rus goşunlarynyň parahat adamlara garşy eden wagşyçylyklar barada çykan habarlardan soň, Daniýa Russiýanyň 15 diplomatyny ýurtdan çykarýandygyny aýtdy.

Daniýanyň daşary işler ministri Jeppe Kofod bu habary 5-nji aprelde Russiýanyň Kopengagendäki ilçisine ýetirip, hökümetiň rus esgerleriniň Buçada eden hereketini "berk ýazgarýandygyny" hem sözüne goşdy. Bu habar Moskwanyň bada-bat ar aljagyny duýurmagyna sebäp boldy.

Daniýa rus diplomatlarynyň ýurtdan çykmagy üçin 14 gün wagt berdi.

Az salymdan, Italiýanyň daşary işler ministri Luigi Di Maio RAI-Nrews-24 teleýaýlymynda Rimiň Moskwanyň 30 diplomatyny, "milli howpsuzlyk sebäpli", ýurtdan çykarýandygyny aýtdy.

Mundan öň Germaniýa Russiýanyň Berlindäki diplomatik wekilhanasynyň 40 işgärini ýurtdan çykarýandygyny aýtdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bu karary düşündirip, ýurtdan kowulýan diplomatlaryň “her gün azatlyga we jemgyýetiň jebisligine garşy işländigini” aýtdy.

Şeýle-de ol Kiýewiň etegindäki Buça şäheriniň köçelerinde öldürilren adamlaryň suratlarynyň rus ýolbaşçylarynyň ukrainler babatdaky zalymlygynyň çen-çakynyň ýokdugyny görkezýändigini nygtady.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa Germaniýanyň 40 diplomaty ýurtdan kowmagynyň jogapsyz galmajakdygyny aýtdy. Germaniýada Russiýanyň jemi 104 sany hasaba alnan diplomaty bar.

Fransiýa hem Russiýanyň 30-a golaý diplomatyny ýurtdan çykarmak kararyna geldi.

Litwa hem birinji gün, 4-nji aprelde Russiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny peseltmek kararyna geldi. Wilnýus Moskwadaky ilçisini yzyna çagyrýar we rus ilçisiniň Litwany terk etmegini soraýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG