Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa gündogardaky hüjümlerini güýçlendirip, Mariupoly goraýjylaryň tabyn bolmagyny talap edýär


Ýerli ýaşaýjy Tamara Mariupoldaky jaýynyň öňünde

Russiýa gündogar Ukrainadaky hüjümlerini güýçlendirmek bilen bir hatarda, gabawa salnan port şäheriniň, Mariupoluň goragçylarynyň tabyn bolmagy üçin ýene bir ultimatum berdi; Günbatar hökümetleri bolsa, agressora garşy has köp sanksiýa girizmek tagallasyny etjekdiklerini, Kiýewe bolsa, agyr artilleriýa kömegini berjekdiklerini aýtdylar.

Harbylaryň maglumatyna görä, ukrain güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda Donetskde we Luhanskda rus güýçleriniň 10 hüjümini yzyna serpikdirdi.

Kiýew bilen Moskwa 29-njy martdan bäri ýüzbe-ýüz gepleşik geçirmedi. Iki tarap hem bir-birini ylalaşygy bozmakda aýyplaýar.

"Ruslar "ýörite operasiýanyň ikinji tapgyry" diýýänlerine çyny bilen berlen wagtynda, indiki ýüzbe-ýüz gepleşikleriň haçan boljakdygyny aýtmak kyn“ diýip, Ukrainanyň prezidentiniň geňeşçisi Mihaýlo Podolýak aýtdy.

Şu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ýaranlar bilen Ukrainadaky konflikti ara alyp maslahatlaşmak üçin wirtual ýygnak geçirdi.

Wideoşekilli konferensiýa Fransiýanyň, Angliýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Polşanyň, Italiýanyň, Kanadanyň we Ýaponiýanyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Olar wideoşekilli konferensiýadan Ukraina has köp goldaw wadasyny berdiler.

Mariupol, 20-nji aprel, 2022
Mariupol, 20-nji aprel, 2022

Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki Moskwa garşy täze sanksiýalaryň hem taýýarlanýandygyny aýdyp, ABŞ-nyň Ukraina ýene has kän ok-däri, harby kömek berjekdigini belledi.

Baýden žurnalistlere ABŞ-nyň Ukraina indiki tapgyrda berjek ýaraglarynyň içinde artilleriýanyň, agyr toplaryň hem boljakdygyny aýtdy.

Britan premýer-ministri Boris Jonson öz ýurdunyň kanun çykaryjylaryna ýüzlenip, bu urşuň artilleriýa konfliktine öwrüljekdigini, şu sebäpden Ukraina has köp artilleriýa ýaragynyň zerur boljakdygyny aýtdy.

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz bolsa, Berliniň nemes senagatynyň öndürýän ýaraglarynyň Ukraina göni iberilmegini maliýeleşdirjekdigini aýtdy.

Germaniýanyň iberjek ýaraglaryň arasynda tanka garşy ýaraglar, howa goranyş enjamlary, ok-däriler we "artilleriýa gatnaşygynda" ulanyp boljak enjamlar bar diýip, ol aýtdy.

Mariupolly ýaşaýjy
Mariupolly ýaşaýjy

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýene Ukrainanyň hyzmatdaşlarynyň ammarlarynda ýyllap saklanan ýaraglary sorap almaly bolýandygyny aýdyp zeýrendi.

Ol bu ýurtlaryň Ukrainany zerur ýaraglar bilen üpjün etmelidigini, sebäbi munuň "ahlak borjy" bolup durýandygyny, öz wagtynda berlen ýaraglaryň müňlerçe ukrainalynyň janyny halas edip biljekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Goranmak departamentiniň metbugat sekretary Jon Kirbi ukrain goşunyna goşmaça uçarlaryň we zeper ýeten uçarlary bejermek üçin zerur bolan bölekleriň iberilendigini aýtdy. Pentagonda žurnalistler bilen söhbetdeş bolan Kirbi Kiýewe iberilen uçarlary haýsy ýurtlaryň berendigi barada jikme-jik maglumat bermedi, ýöne uçar bölekleriniň geçirilmegine ABŞ-nyň kömek edendigini welin aýtdy.

Kirbi Günbatar ýurtlarynyň Ukrainany Donbasda Russiýa garşy söweşmek üçin zerur bolan ýaraglar bilen üpjün etmekde gaty gyssanmaly bolandygyny hem boýun aldy.

Sekiz hepde töweregi dowam eden uruşda Kiýewi we beýleki iri hem-de strategiki şäherleri ele geçirip bilmänsoň, Moskwa 2014-nji ýyldan bäri Russiýa tarapyndan goldanýan separatistleriň nazarynda bolan Donetsk we Luhansk sebitlerini tutuşlygyna ele geçirmekçi bolýar.

Ukrainanyň Baş ştaby biraz öň gündogarda 480 kilometr uzynlykdaky front çäklerinde müňlerçe rus esgeriniň hüjüme geçendigini aýtdy. Zelenski biraz öň munuň garaşylan "Donbas söweşiniň" başlangyjy bolandygyny aýdypdy.

Ukrain metbugaty Donetsk sebitindäki Marinka, Slowýansk we Kramatorsk şäherleriniň güýçli top okuna tutulandygyny habar berdiler, resmiler rus güýçleriniň "Donetsk, Luhansk we Harkow sebitleriniň ähli ýerinde diýen ýaly ukrain goragyny böwüsmäge synanyşýandyklaryny" aýtdylar.

Ýerli resmileriň maglumatyn görä, Harkowa atylan top oklary we raketalar köp gatly kwartira jaýlaryna degip, ullakan harabaçylyk döretdi we azyndan dört adamyň ölmegine, 14 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Rus güýçleri "ähli tarapdan hüjüm edýär", häkimiýetler aldygyna parahat ilaty ewakuasiýa etmäge synanyşýarlar, häzirki ýagdaýda heläk bolan ýaşaýjylaryň anyk sanyny kesgitlemek mümkin däl diýip, Luhansk sebitiniň gubernatory Serhiý Haýdaý aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG