Polisiýa zenanlaryň dyrnaklaryny barlaýar we maska bahanasy bilen jerime salýar
Aşgabadyň köçelerinde we töwereklerde güýçli polisiýa gözegçiligi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri düzgüni bozanlary gözlemek üçin köçelerde gözegçilik edýärler, geçip barýan adamlary we ulagly barýanlary saklaýarlar ellerinde emeli dyrnaklaryň bolup-bolmazlygyny barlaýarlar we ýüzlerinde dakyýan maskalar sebäpli jerime salýarlar.