Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň polisiýasy nobatlary 'düzgünleşdirmäge' çalyşýar we mobil telefony bolan adamlary saklaýar


Alyjylar, şol sanda çagalar, ellerinde üç çörek alyp dükandan çykýarlar. Aşgabat, noýabr, 2021
Alyjylar, şol sanda çagalar, ellerinde üç çörek alyp dükandan çykýarlar. Aşgabat, noýabr, 2021

Aşgabadyň polisiýasy çörek nobatlaryndaky alyjylara gözegçiligini güýçlendirdi we nobatda duran adamlaryň jübi telefonlaryny ulanylmagynyň öňüni almaga çalyşýar. Şeýlelik bilen polisiýa dükanlaryň öňünde bolup geçýän ýagdaýlary görkezýän wideo ýazgylaryň we suratlaryň köpçülige elýeterli bolmagynyň öňüni almaga synanyşýar.

Ir bilen, entek ýagty düşmänkä Türkmenistanyň paýtagtynda çörek satyn almak üçin uzyn nobatlar soňky hepdelerde adaty bir zat boldy. Dükanlar entek açylmanka alyjylar eýýäm köpçülik bolup ýygnanyşýarlar we satuwyň başlamagyna garaşyp durýarlar, olar bilen bilelikde nobatlarda polisiýa işgärleri we raýat geýimli howpsuzlyk işgärleri hem bolýar.

Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, polisiýa indi adamlaryň dükanlaryň öňünde ýygnanyp durmagyna rugsat bermeýär we uzakrak ýerde garaňkylykda saklaýar.

"Dükanyň öňüne diňe 5-10 adama barmaga rugsat berilýär, galan raýatlar garaňkyda durmaly we dükanyň öňünde duran adamlaryň çörek satyn alyp, gitmegine garaşmaly. Şondan soň indiki bäş adama dükana golaýlamaga rugsat berilýär"- diýip, aşgabatly çeşme 12-nji noýabrda gürrüň berdi.

Dükandan çörek satyn almak üçin öz nobatyna uzagrakda garaşýan adamlar, sabyrsyzlykdan ýa-da tötänden dükana has ýakynlaşan halatynda, polisiýa olary kowýar.

Şeýle-de habarçylaryň we çeşmeleriň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleriniň aýratyn ünsi, elinde mobil telefonlary bolan raýatlara gönükdirilýär. Dükanyň öňünde eli telefony bolan islendik adam saklanýar we düşündiriş üçin polisiýa bölümine iberilip bilýär.

"Polisiýa işgärleriniň hemmesiniň ünsi elinde mobil telefony göze ilen adamlara gönükdirýär. Islendik adamyň surata düşürýändigi barada sähelçe şübhe dörese, ol tussag edilýär we anyklamak üçin polisiýa bölümine äkidilýär" -diýip, çeşme aýdýar we polisiýa ofiserleriň telefonda gürleşmek isleýän alyjylaryň dükandan daşlaşmagyny talap edýändigini belleýär.

Bu ýagdaýda dükanlaryň öňünde çörek nobatlarynda duran raýatlar telefonlaryny görkezmekden we hatda özlerine edilýän jaňlara jogap bermekden howatyrlanýar.

Azatlygyň habarçylary polisiýanyň alyp barýan bu çäresi bilen azyk dükanlarynyň öňünde bolup geçýän ýagdaýlary görkezýän wideo ýazgylaryň we suratlaryň peýda bolmazlygynyň we köpçülige mälim bolmazlygynyň öňüni almaga synanyşýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy we beýleki garaşsyz metbugat çeşmeleri tarapyndan neşir edilen wideolarda we suratlarda dükanlaryň öňünde onlarça we ýüzlerçe adamdan ybarat uzyn nobatlaryň dörýändigini görmek bolýar. Adamlar ýapyk dükanlaryň öňünde nobata düzülip durýarlar ýa-da az mukdarda satyn alan azyk paýyny göterip dükandan çykýarlar.

Soňky hepdelerde döwlet dükanlarynda esasan çörek satyn almak üçin nobatlar döreýär. Hususan-da, Aşgabatda kesgitli nyrhdan satylýan beýleki azyk önümleriniň dükanlardaky söwdasy bes edilip, çäkli möçberli azyk paýy ýaşaýjylaryň öýlerine eltilip berildi.

Döwlet dükanlarynda azyk önümleriň ýiti ýetmezçiliginiň saklanýan wagtynda hususy söwda nokatlarynda bahalar gitdigiçe ýokarlanýar we önümleriň görnüşleri hem mukdary azalýar. Ilki bilen un ýetmezçiligi güýçlendi. Un ýetmezçiligi onlarça çörek bişirýän kärhananyň ýapylmagyna sebäp boldy.

Aşgabadyň häkimiýetleri azyk satyn almaga synanyşýan raýatlaryň nobata durmagynyň öňüni almak boýunça çärelerini 2021-nji ýylyň maý aýynda güýçlendirdiler. Bu, ýurduň prezidentiniň oglunyň tankytlarynyň yzýanyna gabat geldi. Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow dükanlaryň daşyndaky mähelläniň prezident kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýyna ýaramaz täsir ýetirýändigini aýtdy.

Ýurduň häkimiýetleri ilatyň azyk üpjünçiligindäki kynçylyklaryň birnäçe ýyl bäri dowam edýändigine garamazdan, krizisiň bardygyny ykrar etmeýärler. Tersine türkmen ýolbaşçylary ýurduň ykdysadyýetiniň üstünlikli ösüşini yglan edýärler we prezidentiň talabyna görä, täze hökümet tribunasy, atçylyk we it köpeltmek boýunça desgalar ýaly obýektlere millionlarça dollar sarp edýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG