Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan: günä geçiş, türmede ýogalmak we uzak möhletden soň boşadylmak


Illýustrasiýa suraty 

Türkmenistan tussaglar üçin ýene bir günä geçişi yglan etdi. Bu gezek 514 adam boşadyldy. Amnistiýa 22-nji aprelde yglan edilenden soň, Azatlyk Radiosyna 15 ýyl höküm sürüp, martda prezidentlikden çekilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçende tussag edilen birnäçe adamyň ykbaly mälim boldy.

Milli howpsuzlyk ministriniň öňki orunbasary Baýmyradow Döwletgeldi türmede aradan çykdy. Bu barada 24-nji aprelde Azatlygyň Aşgabatdaky ygtybarly çeşmesi habar berdi.

Baýmyradow 2007-nji ýyldan bäri tussaglykda saklanýardy. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soň derrew tussag edilipdi. Tussaga 15 ýyllap hossarlary bilen duşuşmaga rugsat berilmedi. Baýmyradow mart aýynda ýogalypdyr, emma onuň maşgalasyna ýaňy habar berilipdir. Ol 50 ýaşyndady. Baýmyradowyň maşgalasy Aşgabatda ýaşaýar.

Adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen gürlän çeşme: "Ýadyňyzda bolsa, entek ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow ony wezipä belläninde oňa murty barada bellik edipdi, soň ol murtuny syrmaly bolupdy" - diýdi.

Çeşmeler öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geleninden soň azatlykdan mahrum edilen ýene bir öňki ýokary wezipeli şahsyýetiň ykbaly barada habar berýär.

Häzirki günä geçişde öň Türkmenistanyň Medeniýet ministri we Ahal welaýatynyň häkimi bolan Enebaý Ataýewa türmeden boşadyldy. Ol 15 ýylyny tussaglykda geçirdi. Ataýewa Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentliginiň başynda dessine tussag edilen ilkinjileriň biri boldy. Ol 2007-nji ýylyň iýun aýynyň başynda öz edara otagynda tussag edilipdi we onuň hatda garyndaşlaryny görmäge wagty bolmandy.

"Wersiýalaryň birine görä, Ataýewa Berdimuhamedowyň şahsy ar almagynyň pidasy boldy. 2002-2004-nji ýyllarda Ataýewa häkim, Berdimuhamedow bolsa ministr bolan wagtynda, olaryň arasynda haýsydyr bir düşünişmezlik döräpdir. Berdimuhamedow Gökdepede özi üçin ýer sorapdyr, jaý gurmak isledi diýilýär, Ataýewa bolsa, muny ret edipdir"-diýip, çeşme özne mälim bolan maglumatlary gürrüň berýär.

Azatlyk gürrüňi gidýän ýagdaýyň jikme-jiklerini resmi taýdan tassykladyp bilmedi.

Çeşmelere görä, Enebaý Ataýewa 21-nji ýa-da 22-nji aprelde tussaglykdan öýüne goýberilipdir.

"Şondan bäri Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri onuň jaýynyň howlusynda nobatçylyk edýärler we hiç kime barmaga rugsat bermeýärler. Goňşulary onuň ýanyna baryp görmäge synanyşdylar, ony boşadylmagy bilen gutlajak boldular, ýöne hiç kimi goýbermediler", - diýip çeşme gürrüň berdi.

Uzak möhlet bilen azatlykdan mahrum edilen öňki ýokary wezipeli adamlaryň ykbaly prezidentiň yglan eden günä geçişiniň yzýany belli boldy. Geçen aýda kakasynyň ornuna geçen prezident Serdar Berdimuhamedow 22-nji aprelde musulmanlaryň Remezan aýynyň Gadyr Gijesi mynasybetli 514 tussagy boşatmak barada karara gol çekdi.

Gysga resmi beýanatda amnistiýa edilen adamlaryň "eden işlerine tüýs ýürekden toba edendigi" aýdylýar. Türmelerden boşadylan tussaglaryň sanawlary şu gezek ýene-de çap edilmedi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow günä geçişligi yglan edip, "Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmeti bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris“ diýip, hökümet maslahatynda aýtdy.

Türkmenistanda günä geçişler ýylda birnäçe gezek yglan edilýär. Prezident dürli baýramçylyklara we döwlet senelerine gabat köp bolmadyk tussaglar üçin günä geçiş yglan edýär.

Bu günä geçişlere prezidentiň öz abraýyny ýokarlandyrmagyň usullaryndan biri hökmünde seredilýär.

Synçylar Türkmenistanyň türmelerinde aşa köp adamyň saklanýandygyny belleýärler. Türmelerdäki ýagdaýlary öwrenýän halkara merkeziniň habaryna görä, ilatyň her 100 000 adamyna görä, tussaglaryň sany boýunça Türkmenistan ABŞ we Salwadordan soň dünýäde üçünji ýerde durýar. Bu maglumatlara görä, 2017-nji ýylyň ahyryna çenli türkmen türmelerinde her 100 000 adama 552 tussag bardy we olaryň umumy sany 30452 adamdan ybaratdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanda tussaghanalarda azatlykdan mahrum edilen adamlaryň dereksiz ýitirim bolýan ýagdaýlary bar. "Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasyna görä, Türkmenistanyň türmelerinde ýüzlerçe adam ýitirim bolupdyr, we olaryň 120-den gowragy barada jikme-jik maglumat hasaba alnypdyr. Ýitirim bolanlaryň sanawynda syýasy oppozisiýa we korrupsiýa aýyplamalary bilen tussag edilen tanymal adamlar, şeýle-de öňki ýokary wezipeli resmiler bar.

Redaksiýanyň belligi: Materiala üýtgetme girizildi. Makala çap edilenden soň, çeşme türmeden ýogalan öňki ýokary derejeli resminiň adynyň Baýjaýew däl-de Baýmyradowdygyny takyklaşdyrdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG