Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Blinken, Ostin Ukraina berilýän ABŞ kömeginiň has artdyryljakdygyny aýdýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we goranmak sekretary Lloýd Ostin Kiýewe gelip, Ukraina üçin berilýän harby kömegiň has-da köpeldiljekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken we goranmak sekretary Lloýd Ostin, Russiýanyň goňşy ýurda goşun çekeli bäri ýokary derejeli amerikan wekilleriniň Kiýewe edýän ilkinji sapary wagtynda Ukraina üçin göni we gytaklaýyn berilýän harby kömegiň has-da köpeldilip, goşmaça ýene-de 700 million dollardan gowrak serişdäniň goýberiljekdigini aýtdylar.

Bu serişdäniň ýarysyna golaýy Ukraina, galan bölegi bolsa NATO agzalarynyň we beýleki sebit ýaranlarynyň arasynda paýlanar.

Mundan başga, 24-nji aprel güni giçlik gelen we derrew Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşan amerikan resmileri Waşingtonyň Kiýewe 165 million dollarlyk ok-däri satjakdygyny aýtdylar.

Ukrainadaky urşuň üçünji aýyna girmegi bilen, Waşington bu iki resminiň sapara gidendigini diňe olar Ukrainanyň çäginden çykanyndan soň tassyklady.

Gizlinlik bilen gurşalan Kiýew saparyndan soň, Blinken Russiýanyň uruşda tutan maksatlaryna ýetip bilmeýändigini, emma “Ukrainanyň üstünlik gazanýandygyny” aýtdy.

Geçen ýyl prezident Jo Baýdeniň iş möhleti başlanaly bäri ABŞ Ukraina 4 milliard dollar töweregi harby kömek iberdi we geçen hepde täze 800 million dollarlyk kömek bukjasyny yglan etdi.

Blinken polýak-ukrain serhediniň golaýynda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, özüniň we Ostiniň Polşadan Ukraina otly bilen barandygyny aýtdy.

Ol Kiýew saparynyň "Ukrain hökümetine berilýän güýçli goldawy" görkezmek üçin bir pursat bolandygyny belledi.

Ostin hem Kiýewe edilen saparyň "örän netijeli" bolandygyny, Birleşen Ştatlaryň, “eger-de dogry-dürs enjamlary” bolsa, Ukrainanyň Russiýa bilen uruşda üstün çykyp biljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

"Ýeňiş gazanmak üçin ilkinji ädim seniň ýeňip biljekdigiňe bolan ynamyňdan başlanýar. Olar özleriniň bu uruşda ýeňip biljekdiklerine ynanýarlar" diýip, Ostin žurnalistlere aýtdy.

"Biz ýeňip biljekdigimize ynanýarys, eger zerur enjamlary, dogry-dürs goldawlary bolsa, olar ýeňip bilerler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de Blinken Baýdeniň ABŞ-nyň Slowakiýadaky ilçisi Bridget Brinki Birleşen Ştatlaryň Kiýewdäki ilçisiniň wezipesine bellemekçi bolýandygyny aýtdy. Bu wezipe 2019-njy ýyldan bäri resmi taýdan boş, eýesiz dur.

Russiýa 25-nji aprelde Ukrainanyň merkezi Winnitsiýa sebitiniň iki şäherini ýene-de raketa okuna tutup, adam ölümine we ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, sebit gubernatory Serhiý Borzow telegramda çap edilen wideo beýanatynda pidalaryň möçberini anyklaşdyrman aýtdy. Russiýa bu aýdylanlara bada-bat reaksiýa bildirmedi.

25-nji aprelde Ukrainanyň demirgazygynda, serhediň Russiýa tarapynda bir nebit desgasynda ýangyn turdy, ýöne nebit ammarlarynda turan ýangyna nämäniň sebäp bolandygy bada-bat belli bolmady.

Ýangynlary yzarlaýan NASA hemralary ukrain serhedinden 110 km demirgazykda ýerleşýän "Rosneft" desgasynyň ýerleşýän koordinatlarynda ýanýan bir zady görkezdi. Moskwa mundan öň Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän Braýansk sebitine edilen hüjümleri Kiýewden görüpdi.

Şu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi öz goşunlarynyň uzak aralayga ýetýän raketalary ulanyp, Ukrainanyň Kremençuk şäheriniň eteginde ýerleşýän nebiti gaýtadan işleýän zawoda hem-de ukrain harby desgalaryna zarba urandygyny aýtdy. Emma bu beýanat garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Ukrainanyň Poltawa sebitiniň gubernatory Dnipro derýasynyň golaýyndaky Kremençuk zawodynyň şu aýyň başynda ýumrulandygyny aýtdy.

24-nji aprelde Donetskde parahat ilatdan bäş adam öldi, ýene bäş adam bolsa ýaralandy. Häkimiýetler demirgazyk-gündogar Harkowda hem pida bolanyň bardygyny habar berdiler.

Rus goşunlary urşuň ilkinji hepdelerinde Kiýewi basyp almak niýeti bilen paýtagtyň käbir böleklerini topa tutup, ýüzlerçe müň ýaşaýjyny şäherden gaçmaga mejbur etdiler. Emma muňa garamazdan, berk gaýtawula duçar bolup, olar soň bu niýetlerini häzirlikçe goýbolsun etdiler.

Kreml indi öz harby kampaniýasyny ýurduň gündogaryndaky Donbas sebitini basyp almaga gönükdirýär.

Emma muňa garamazdan, Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň 25-nji aprelde çap eden gündelik maglumatynda aýdylmagyna görä, Moskwa harby ünsüni gündogar Ukrainany tutuşlygyna basyp almak meselesine gönükdireli bäri, beýle bir uly ilerleme gazanyp bilmedi.

Diplomatik front barada aýdylanda, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň 25-nji aprelde Türkiýä, Moskwa we soňra Kiýewe sapar etmegine garaşylýar.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG