Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tehnologiýa ösüşine deňleş(me)ýän Täjigistan. Ýurt näme ýitirýär?


Illýustrasiýa suraty

Maglumat tehnologiýasy pudagynda zerur şertleriň ýokdugy we Täjigistanda takyk ylymlara bolan gyzyklanmanyň pes bolmagy ýurdy möhüm ykdysady artykmaçlyklardan mahrum edýär diýip, bu ugurdan bilermenler aýdýarlar. Häkimiýetler munuň üçin ýeterlik alada etmän, geljek ýigrimi ýylyň içinde, netijeleri gazanmak meýilnamasyny işläp düzýärler.

Russiýanyň Ukraina harby çozuşynyň netijesinde, Russiýadan informasiýa tehnologiýasynyň (IT) müňlerçe hünärmeni Merkezi Aziýa ýurtlaryna gelýärler. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine aýtmaklaryna görä, olar esasan internetiň we beýleki hyzmatlaryň elýeterliligi bolan, ýagny işlemäge amatly ýerleri – esasan Almaty, Daşkent we Bişkek şäherlerini saýlap alýarlar. Köpüsi öz işini açýarlar we täze ýere maýa goýup başlaýarlar. Bu ýagdaýyň fonunda, internete elýeterlilik taýdan iň erbet görkezijilere eýe bolan Täjigistan öz ykdysadyýetine goşmaça serişdeleri çekmekde, goňşy ýurtlardan yza galýar.

Tehniki pudaklaryň hünärmenleri maglumat tehnologiýasy we tebigy-tehniki ylymlar babatynda, Täjigistanda şertleriň bolmazlygy sebäpli, ýaşlaryň bu ugurlara bolan gyzyklanmasynyň peseldýändigini belleýärler. Netijede, ýurduň ykdysadyýeti ägirt uly maliýe we tehnologiki geljeginden mahrum bolýar.

Geljegi öňünden görmezlik

“Ol ýa-da beýleki ýurt saýlananda, hünärmenler internetiň hilini, dürli hyzmatlaryň bahasyny we bank pudagynyň ygtybarlylygyny başky orunda goýýarlar. Gynansak-da, bu görkezijiler boýunça Täjigistan goňşularyndan has yzda durýar" diýip, häzirki wagtda Germaniýada informasiýa tehnologiýasyndan işleýän hünärmen Parwiz Oşurmamadow aýdýar.

Onuň sözlerine görä, beýleki ýurtlar degişli salgyt ýeňilliklerine eýe bolup, öz ýurtlaryna onlarça we ýüzlerçe million dollar çekýän ýokary tehnologiýa ulgamyny özünde jemleýän park toplumyny döretmegi başardylar.

“Aziýa döwletleri, Gündogar Ýewropa, Hindistan ýaly ýurtlar başgalaryň sargytlaryny kabul edýärler, taslama – proýektleri işläp taýýarlamak bilen öz ýurtlary üçin millionlarça dollar alýarlar. Ol girdeji ýurduň ykdysadyýetini goldaýar, ilaty telekeçilik bilen meşgullanmaga we raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga itergi berýär" diýip, biziň söhbetdeşimiz aýdýar.

Şertleriň döremegi netijesinde, Täjigistanda üstünlikli kompaniýalaryň işläp başlamagynyň ýaşlarda täze hem girdejili iş bilen meşgullanmagyna höwesiň dörejekdigine hünärmen ynanýar.

Goňşy döwletlerdäki ýagdaý

Täjigistanyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrligi Merkezi Aziýa uniwersiteti we StrategEast kompaniýasy bilen bilelikde, soňky ýyllarda IT parklaryny döretmek boýunça, beýleki ýurtlaryň tejribesini öwrenýär. Garaşsyz bilermenler eger degişli hukuk binýady hem-de elýeterli internet bolmasa, beýle taslamanyň durmuşa geçirilip bilinmejekdigini belleýärler.

Bu aralykda, Gazagystanda ilkinji informasiýa tehnologiýa-parky 2003-nji ýylda, Gyrgyzystanda – 2013-nji ýylda, Türkmenistanda – 2018-nji ýylda we Özbegistanda 2019-njy ýylda döredildi.

BMG-niň Söwda we ösüş konferensiýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda neşir edilen Tehnologiýa we innowasiýa hasabatynda (Technology and Innovation Report 2021), Täjigistan dünýäde täze tehnologiýalar üçin iň taýyn däl 15 ýurtdan biri bolup durýar.

Takyk ylymlar

Tehnologiýa hyzmatlaryna taýýar bolmazlyk, şeýle hem internete höwesiň pesligi mekdeplerde we ýaşlaryň arasynda tebigy-tehniki ylymlara bolan gyzyklanmanyň döremezligine sebäp bolýar. Bu meseleler dürli derejelerde, tä prezidente çenli aralykda ençeme ýyl bäri ara alnyp maslahatlaşylýar, emma şu wagta çenli hiç hili öňegidişlik duýulman gelýär.

“Adatça, biziň ýaşlarymyz we olaryň ene-atalary hünär saýlanlarynda, ol hünäri däl-de, hünärmeniň geljekki durmuş şertini saýlaýarlar. Olar medisina institutynyň studentleri bolanynda, adamlary bejermek – saglygy ýokarlandyrmagy däl-de, wraçlar ýaly ýaşamagy we näsaglardan pul almagy höwes edýär... Biz himiýany we fizikany has köp adamyň öwrenmegini isleýän bolsak, onda ýaşlaryň öz töwereginde bu ylymlaryň üstünlikli wekillerini görmegi gerek" diýip, ýaş täjik fizigi Rizo Bahromzoda ýazýar.

Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň işgärlerinden biri, tebigy we tehniki ylymlary öwrenjeklere goşmaça höweslendiriji çäreleriň bolmazlygy ýagdaýy çylşyrymlaşdyrýar diýýär. Şeýle hem ýurduň senagatynyň düýbünden ýok edilendigi sebäpli, bu ugurda iş alyp barmagyň geljeginiň ýokdugyny belleýär. "Netijede, ykdysadyýetde, harby senagatda we ş.m. tehnologiki taýdan ösmegimiz barada, boş talap bar, ýöne bu pudaga adamlary çekmek üçin şert ýok" diýip, biziň gürrüňdeşimiz belleýär.

Şu ýylyň fewral aýynda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 2020-2040-njy ýyllardaky "Ylym we bilim pudagynda tebigy, takyk we matematika ylymlaryny öwrenmegiň we ösdürmegiň ýigrimi ýyllygy" diýen karara gol çekdi. Inisiatiwanyň maksady ylmy dünýägaraýyşy döretmek, tehniki pikirlenmäni ösdürmek, ylym bilen önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy berkitmek hem-de ýaşlary innowasiýa – ylmy döredijilige çekmek bolup durýar.

Ylymlar akademiýasynyň işgärleri meýilnamanyň çäginde, ýaşlaryň arasynda takyk ylymlar boýunça ilkinji gezek ýaryşlaryň başlandygyny bellediler hem munuň takyk ylymlary ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny aýtdylar.

Höwes bar, nusga ýok

Ykdysadyýet boýunça synçy Nur Safarow Täjigistana ýerli işewür toparlaryň senagat kärhanalaryny döretmegi üçin, örän düýpli maýa goýumlarynyň hem birnäçe ýylyň gerek boljakdygyny aýtdy.

“Bu ugurda häzirki wagtda Hytaý Täjigistanda maýa goýujy hökmünde öňdeligi eýeleýär. Iş ýüzünde dag-magdançylyk pudagyna ýatyrylan ähli maýa goýumlaryň 99%-ni hytaý kompaniýalary eýeleýär. Bu meselede hytaýlylar hem pul, hem beýin bilen, ýagny taýýarlykly hünärmenleri we inženerleri bilen gelýärler. Biziň tarapymyza bolsa diňe pes hünärli iş orunlaryny eýelemek hem-de işçi güýji hökmünde hyzmat etmek galýar. Eger häzirki hakykata salgylanman, tehniki hünärmenler taýýarlansa, bu boş, netijesiz çäre bolar. Eger bilelikdäki kompaniýalary döredip, daşary ýurtly hünärmenleri hem inženerleri ulansaňyz, onda tehnologiki garaşlylyk ýokarlanar" diýip, Safarow çak edýär.

Ol bilermeniň bellemegine görä, Täjigistanda post-sowet döwrüniň hünärmen inženerçilik bilimleri gutaryp barýar, olaryň orunlaryny käbir pudaklarda hytaý hünärmenleri eýeleýärler.

Safarow birnäçe ýyl öňünden görüjilik bilen senagat pudaklaryny döretmek we ony amala aşyrjak modelleriň pikirini etmegiň zerurdygyny belleýär hem-de şoňa barabar ýagdaýda geljekki senagat pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlamagyň gerekdigini aýdýar.

Täjigistan matematika we tebigy ylym biliminiň hili boýunça reýtingde (Quality of math and science education), dünýädäki 137 ýurduň arasynda, 74-nji ýerde durýar.

BMG-niň Bilim derejesi indeksine berýän reýtingine görä, Täjigistan respublikasy 2020-nji ýylda 189 ýurduň arasynda, 96-njy orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG