Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukraina öz howa giňişligine gözegçilgi dikeldýär, "Gazprom" Polşa, Bolgariýa iberýän gazyny kesýär


"Mistral" raketasyny ulanýan ukrain esgeri

Ukraina öz howa giňişliginiň aglaba bölegine gözegçiligi dikeltdi diýip, britan aňtaw gullugy 27-nji apreldäki habarynda aýtdy. Bu habar Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolan Polşa we Bolgariýa tebigy gaz ibermegini togtadandygyny aýdan wagtyna gabat geldi.

"Russiýanyň Ukrainanyň demirgazygyndaky we günbataryndaky howa giňişligine bolan elýeterliligi örän çäkli, bu onuň uzak aralyga ýetýän ýaraglary ulanyp, çuňňur zarba urmaga mümkinçilik berýän hüjümlerini çäklendirýär” diýip, Angliýanyň Goranmak ministrliginiň twitterde çap eden gündelik habarynda aýdylýar.

"Russiýanyň howa işjeňligi esasan Ukrainanyň günortasyna we gündogaryna gönükdirilip, bu sebitde söweşýän gury ýer güýçlerine goldaw bermekden ybarat" diýip, ministrlik Moskwanyň bütin ýurt boýunça ukrain harby desgalaryny we logistika ulgamlaryny nyşana almagyny hem dowam etdirýändigini aýtdy.

Şeýle-de habarda Ukrainanyň gabaw astyndaky port şäheri Mariupola urulýan howa zarbalarynyň asuda adamlar üçin uly töwekgellik döredýändigi, sebäbi ýokardan taşlanýan bombalaryň ugrukdyrylmaýan bombalardygy aýdylýar.

Şu aralykda, 27-nji aprelden başlap, “Gazprom” Bolgariýa we Polşa, gaz tölegleriniň rublda tölenmeýändigi sebäpli, gaz üpjünçiligini düýbünden togtadandygyny aýtdy.

Polşa we Bolgariýa, Moskwa 24-nji fewralda Ukraina goşun süreli bäri gazy kesilen ilkinji ÝB ýurtlary boldy.

“Gazpromyň” 26-njy aprelde 27-nji aprelden başlap tebigy gaz ibermegini togtatjakdygyny aýdandygyny aýdyp, bu iki ýurt Russiýanyň Ukrainanyň ýaranlaryna gaz ibemegi kesip biljekdigi baradaky aladalaryň, Kiýewiň "gaz şantajy" diýýäniniň çynyrgamagyna sebäp boldy.

"1-nji aprelden soň iberilen gaz üçin edilýän tölegler täze töleg usullary arkaly rublda tölenmeli we onuň jikme-jiklikleri garşydaky taraplara öz wagtynda habar berildi” diýip, “Gazprom” 27-nji aprelde aýtdy.

27 agzaly Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Ukraina garşy esassyz urşa başlamagyny ýazgardy we Moskwa garşy sanksiýalar toplumyny girizip, prezident Wladimir Putiniň geçen aý “dost däl” ýurtlardan bolan daşary ýurtly alyjylaryň gaz tölegini dollar we ýewro bilen däl-de,eýsem rublda tölemeli boljakdygy bilen haýbat atmagyna alyp geldi.

ÝB agzalarynyň köpüsi töleg walýutasyny üýtgetmegiň şertnamanyň bozulmagyna sebäp boljakdygyny aýdyp, Putiniň aýdan sözlerini ret etdi.

Şeýle-de, gaz ibermegiň hakykat ýüzünde näderejede çalt togtadylyp bilinjekdigi entek belli däl.

Ýewropa Bileleşiginiň gaz geçiriş ulgamynyň operator maglumatyna görä, 27-nji aprel güni irden, “Gazprom” bu habary yglan etmezinden öň, Polşa barýan gaz akymy nola çenli peseldi we birazdan ýene ýokary galdy.

“Bulgartransgaz”, Bolgariýanyň gaz ulgamy operatory bolsa, biraz öň atylan haýbatlara garamazdan, 27-nji aprelde Russiýadan gelýän gaz akymynyň häzirki wagtda kesilmändigini aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň ýene bir agzasy bolan Wengriýa 27-nji aprelde, “Gazprom” bilen arasyndaky çaknyşyklara garamazdan, Serbiýanyň we Bolgariýanyň üsti bilen gelýän rus gazyny kadaly ýagdaýda alýandygyny aýtdy.

Sagçy premýer-ministr Wiktor Orban Putin bilen dostlukly gatnaşykda bolansoň, Wengriýa rus gazy üçin rublda töleg etmegi kabul eden az sanly ýurtlaryň biri boldy.

Awstriýa hem 27-nji aprelde Russiýanyň tebigy gaz üpjünçiliginiň çäklendirilmedik ýagdaýda dowam edýändigini we munuň üýtgejekdigini görkezýän alamatyň ýokdugyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG