Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan daşary ýurtda galan raýatlaryny getirmäge ‘howlukmaýar’


Stambulyň Halkara aeroportynda uçara garaşýan türkmenistanly. Mart, 2022 ý.
Stambulyň Halkara aeroportynda uçara garaşýan türkmenistanly. Mart, 2022 ý.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň çäginde koronawirus aladalary sebäpli girizilen karantin çäklendirmelerini gowşadyp başlasalar-da, Türkmenistan pandemiýanyň başyndan bäri adaty halkara ýolagçy uçar gatnawlaryny häzire çenli dikeltmedik sebitdäki ýeke-täk ýurt we dünýädäki sanlyja döwletiň biri bolmagynda galýar. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy apreliň başynda Türkiýeden ýörite gurnalan uçar bilen ýurda getirilip, 21 gün karantinde oturyp çykan bir raýat bilen söhbetdeş bolup, onuň başdan geçiren ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Ýatlatsak, 5-nji aprelde “Türkmenistan” howaýollary Stambuldan çarter uçary bilen 290 türkmenistanlyny Türkmenabada alyp gelipdi.

“Stambulyň halkara aeroportynda bu uçara münmek umydy bilen, ýüzlerçe türkmenistanly gelipdir. Olaryň arasynda uçara garaşyp, ençeme hepdeläp aeroportda ýatyp-turanlar hem bar eken. Emma uçara diňe türkmen konsulhanasy tarapyndan hasaba alnan raýatlar goýberildi. Bu watanyna dolanmak umydy bilen gelen adamlarda nägilelik döretdi. Görnüşinden, [türkmen häkimiýetleri] raýatlaryny yzyna getirmäge howlukmaýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde maglumat beren aşgabatly söhbetdeşimiz belledi.

Ol sanawa esasan näsaglaryň, ýaş çagaly eneleriň we Ukrainadaky uruşdan gaçyp çykan türkmen studentleriniň girizilendigine şaýat bolandygyny hem sözüne goşdy.

“Türkmenabada gonan dessimize bizi iki topara böldüler. 50 töwerek näsagy we ýaş çagaly enäni şäheriň Ýokanç keseller hassahanasyna äkitdiler. Galanlary, şol sanda meni hem karantin zolagda 21 gün saklap goýberdiler. Hassahana ýerleşdirilenleriň soňky ykbalyny bilmeýärin” diýip, söhbetdeşimiz 28-nji aprelde habarçymyza gürrüň berdi.

Pandemiýanyň başyndan bäri öz çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän Türkmenistan wirus sebäpli 2020-nji ýylyň martynda ähli halkara uçuşlary ýatyranyndan soň, dürli ýurtlarda 'agyr ýagdaýda galandygyny' aýdýan müňlerçe türkmen raýaty watanyna dolanyp bilmän kösenýär.

Türkmenistana käwagt barýan çarter uçarlara münmek üçin düzülýän resmi sanawlara goşulmak işi käbirler üçin aýlara, beýlekiler üçin bir ýyldan hem köp wagta çekýär. Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar bu uçarlardan peýdalanyp bilmek üçin daşary ýurtlardaky türkmen resmileriniň 1 müňden 3 müň dollar aralygynda para soraýandyklaryny hem gürrüň berýärler.

Azatlyk 28-nji aprelde “Türkmenistan” howaýollary bilen habarlaşyp, dowamly halkara uçar gatanawlarynyň ýola goýuljak senesi bilen gyzyklandy. Emma agentligiň wekilleri jogap bermekden ýüz öwürdiler.

Bu aralyka, Azatlygyň Türkmenabadyň aeroportyndaky çeşmesi 29-njy aprel giçlik Moskwadan çarter uçarynyň gelmegine taýýarlyk görülýändigini aýtdy. Şeýle-de, ýurduň Saglyk ministrligindäki bir çeşmämiz maýyň başky hepdesinde Stambuldan ýene bir çarter uçary bilen 280 türkmenistanlynyň Balkanyň Türkmenbaşy şäherine getiriljekdigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG