Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain ministri ýurduň öňünde 'adatdan daşary agyr hepdeleriň' bardygyny aýdýar


Oleksi Reznikow

Ukrainanyň goranmak ministri ýurduň öňünde "adatdan daşary agyr hepdeleriň" bardygyny aýdyp, ýurduň gündogarynda dowam edýän töwerekleýin rus hüjümleriniň uly “ýykgynçylyk” wehimini duýdurdy.

Russiýa "bize mümkin boldugyça köp ýara salmaga synanyşar" diýip, goranmak ministri Oleksi Reznikow 27-nji aprelde mümkin bolan “heläkçilikler we agyr ýitgiler” baradaky aladasyny duýdurdy.

Onuň bu beýanaty takmynan 40 ýurduň resmileriniň Germaniýanyň Ramşteýn şäherindäki ABŞ howa bazasynda geçirýän iki günlük maslahatyna gabat geldi.

"Bu hakyky koalisiýanyň duşuşygy, onuň maksady diňe Kremli jogapkärçilige çekmekden däl-de, eýsem Russiýanyň diýdimzorlugyny ýeňmekden, medenileşen dünýäniň bu uruşda ýeňiş gazanmagyny üpjün etmekden ybarat” diýip, Reznikow Facebookda çap eden beýanatynda aýtdy.

Günbatar ýurtlary 27-nji aprel güni Russiýany Polşa we Bolgariýa iberýän gazyny kesip, “şantaž” etmekde aýyplady.

Ak tam Russiýanyň NATO-nyň iki ýaranyna garşy alyp barýan hereketiniň "energiýa üpjünçiligini ýaraga öwürmek” bolandygyny we Waşingtonyň muňa garaşýandygyny aýtdy.

Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawiecki Russiýanyň bu hereketini öz ýurduna edilen "göni hüjüm" diýip atlandyrdy we Polşanyň güýzden başlap rus gazyny satyn almajakdygyny aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen Kremliň ÝB döwletleriniň arasynda "bölünişik döretmek" synanyşygynyň ýene-de başa barmandygyny aýtdy.

Ol ÝB-niň "bu ssenariýa taýyndygyny" aýtdy we gyssagly meýilnamalaryň düzülendigini hem-de degişli jogabyň "çalasyn, jebislikde we utgaşdyrylan ýagdaýda” beriljekdigini belledi.

Polşa Ukraina getirilip berlen ýaraglaryň köpüsiniň esasy derwezesi bolan bolsa, Bolgariýa Gara deňiz kenaryndaky täze NATO gonalgasynda Günbataryň söweş uçarlaryny kabul etdi. Ýöne bu ýurt şindem öz ulanýan gazynyň 90 göteriminden gowragyny Russiýadan alýar.

Won der Leýen ÝB agzalaryna, şertnamalarynda rublda töleg etmeli diýip görkezilmedik halatynda, Moskwanyň rublda töleg etmek baradaky talaplaryna boýun egmezlik barada duýduryş berdi.

Ol ÝB şertnamalarynyň takmynan 97 göteriminiň ýewro ýa-da dollar bilen töleg etmek şertinde baglaşylandygyny aýtdy.

Rus goşunlary Mariupoluň polat zawodyny, şäheri goraýjylaryň we asuda ilatyň iň soňky berkitmesini ýumurmagy dowam etdirdiler.

Şäher häkiminiň kömekçisi Petro Andriuşenko “Azowstal” zawodyna urulýan howa zarbalarynyň yzynyň kesilmeýändigini aýtdy. Asuda ilatyň bu ýerden alnyp çykylmagy üçin gumanitar koridor döretmek babatda edilen soňky birnäçe synanyşyk hem şowsuz boldy.

Russiýa öz raketa zarbalarynyň günorta-gündogar Zaporižýa şäherine Günbatar ýurtlaryndan getirilen we bu ýerdäki alýumin zawodynda saklanýan ýaraglaryň we ok-därileriň “uly bölegini” ýok edendigini öňe sürdi.

Britan aňtaw gullugynyň maglumatyna görä, rus goşunlary deňizden uzak aralyga ýetýän raketalary atyp, zawoddaky ammarlary nyşana alypdyr, ýöne bu zarbalar netijesinde anyk haýsy ýaraglaryň urlandygy anyklaşdyrylmaýar.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi 27-nji aprelde demirgazyk-gündogar Harkow sebitindäki Welika Komişuwakha we Zawodi obalarynyň, gündogar Donetsk sebitindäki Zariçne we Nowotoşkiwske obalarynyň ruslaryň gözegçiligine geçendigini aýtdy. Olar bu ýerleri Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krymyň gündogarynda orsýetçi separatistleriň gözegçiliginde galýan ýerler bilen birikdirjek bolýana meňzeýär diýip, habarda bellenýär.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 26-njy aprelde Russiýa bilen gury ýer baglanyşygyny üpjün etjek sebitde ýerleşýän Herson sebitini doly gözegçilik astyna alandygyny aýtdy.

Herson sebitiniň häkimi Hennadiý Laguta 26-njy aprelde çap eden wideo ýüzlenmesinde basyp alyşlygyň öz administrasiýasynyň bu ýerden gitmäge mejbur bolandygyny aňladýandygyny aýtdy.

Ukraina bilen araçäkleşýän Transdniesteriň Russiýa tarapyndan goldanýan separatist sebitinde bolup geçen soňky partlamalar urşuň Moldowa hem ýaýramak ähtimallygy barada gorky döretdi.

Ukrain prezidentiniň kömekçisi Mihaýlo Podolýak 27-nji aprelde Moskwany Moldowany "durnuksyzlaşdyrmak" üçin Transdniesterden peýdalanmak isleginde aýyplady.

"Eger Ukraina ýan berse, rus goşunlary ertesi gün Kişinýewiň derwezesinde bolar" diýip, Podolýak Moldowanyň paýtagtyny nazarda tutup aýtdy.

Transdniesteriň sepratist häkimiýetleri bu partlamalary ‘terror hüjümleri’ diýip atlandyrdylar.

Angliýanyň Goranmak ministrligi 28-nji aprelde Russiýanyň Gara deňiz flotunyň ukrain we kenarýaka nyşanalaryna zarba urmak ukybyny ýitirmändigini duýdurdy.

“Saratow” we “Moskva” gämilerini ýitirendigine garamazdan, Russiýada henizem 20 töweregi deňiz gämisi, şol sanda suwasty gämileri hem bar diýip, ministrlik twitterde aýtdy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG