Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýal-gyzlaryň daşky keşbine girizilen gadagançylyk ‘alym-berime ýol açýar’, sosial torlarda nägilelik döredýär


Internet ulanyjylary Türkmenistandaky aýal-gyzlara garşy alnyp barylýan häzirki kampaniýany ‘orta asyr nadanlygy’ bilen deňeşdirýärler.
Internet ulanyjylary Türkmenistandaky aýal-gyzlara garşy alnyp barylýan häzirki kampaniýany ‘orta asyr nadanlygy’ bilen deňeşdirýärler.

Türkmen häkimiýetleriniň aýal-gyzlara gözegçiligi güýçlendirip, olaryň daşky keşbine döwlet derejesinde görlüp-eşidilmedik gadagançylyklary girizmeginden soň, polisiýa soňky günlerden bäri bu çäklendiriji düzgünleriň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirdi. Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan raýatlar munuň alym-berime, korrupsiýa hem ýol açýandygyny belleýärler. Bu aralykda, türkmen hökümetiniň aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryny çäklendirmek boýunça alyp barýan syýasatyna sosial ulgamlarda garşylyk görkezilýär.

“Geçen dynç günleriniň dowamynda Türkmenabadyň köp gatnawly awtobus duralgalarynda polisiýa reýd geçirip, aýal-gyzlaryň daşky keşbini barlady. Kim goşmaça kirpik goýduran bolsa, dyrnaklaryny boýadan bolsa... olar polisiýa bölümine äkidildi” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri 2-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligi soran söhbetdeşimiz polisiýa äkidilen bir tanyşyna 500 manat jerime ýazylandygyny, şeýle-de işleýän ýerine arz etmek bilen haýbat atylandygyny sözüne goşdy.

Habarçymyz mundan öň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän aýallara saçlaryny boýatmajakdygy, emeli kirpik goýdurmajakdygy, dar köýnek geýmejekdigi ýaly çäklendiriji düzgünlere boýun bolmaga razydygy barada dil hat ýazdyrylandygyny, oňa gol goýmakdan ýüz öwürenleriň hem iş ýerlerine goýberilmeýändigini aýtdy.

“Dil hatyna diňe bir iş wagtynda däl, eýse ‘eger işden daşary hem, bu düzgünleri berjaý etmän zähmet çekýän ýerime ysnat getirsem, işden çykarylmagyma razyçylyk berýärin’ diýen şerti hem goşupdyrlar. Işleýän ýerimizde her gün ir bilen daşky-keşbimizi gözden geçirip, soňra edara goýberýärler. Ýöne bu düzgüni aýal-gyzlary gorkuzyp, para almak üçin ulanýanlar hem bar’ diýip, söhbetdeşimiz belledi we şeýle haýbatlary esasan polisiýa işgärleriniň edýändigini sözüne goşdy.

Azatlygyň ýurduň beýleki künjeklerindäki habarçylary hem soňky günler aýal-gyzlaryň daşky keşbine girizilen gadagançylyklara gözegçiligiň güýçlenendigini tassyklaýarlar.

“Aşgabadyň döwlet edaralarynda her gün irden aýallaryň daşky keşbi içginden gözden geçirilýär. Eger-de ‘kemçilik’ tapylsa, işe goýberilýän, yzyna ‘düzetmäge’ iberilýär. Iş gününiň dowamynda hem daşardan duýdansyz barlagçylar gelip bilýär. Hökümetiň daşky-keşp talaplaryna gabat gelmeýän aýal-gyzlary ýüze çykarsalar, edaranyň ýolbaşçysyna bellik edýärler” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren aşgabatly zenanlaryň biri 2-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Paýtagtly habarçymyz şeýle barlaglaryň köçelerde, jemgyýetçilik transportynda hem geçirilýändigini aýtdy.

“Ulagyň öň ýolagçy oturgyjyna aýal-gyzlary mündürmek boýunça gadagançylyklaryň girizilmeginden soň, indi polisiýa şahsy ulaglary saklap, umuman, ulagdaky aýal-gyzlaryň sürüji bilen garyndaşlyk derejesini hem barlap başlady. Görnüşinden, indi şahsy ulagda diňe sürüji bilen ýakyn garyndaşlygy bolan aýal-gyzlary mündürip bolýar” diýip, aşgabatly söhbetdeşimiz belledi.

Bu aralykda, polisiýa gözellik merkezlerine hem aýlanyp, aýal-gyzlara bu hyzmatlary hödürlemek boýunça gadagançylygy bozan hünärmenleriň jogapkärçilige çekiljekdigini duýduryp başlady.

“Türkmenabadyň gözellik salonlarynda zähmet çekýänlere aýal-gyzlaryň daşky keşbini timarlamak boýunça hyzmatlary hödürlemejekdigi barada dil hat alyndy. Muny birinji gezek bozanlara 500 manat jerime salynjakdygy, ikinji gezek-de bolsa, 15 gije-gündiz tussaglyga alynjakdygy duýdurylýar” diýip, bu ýagdaýlardan habarly söhbetdeşimiz aýtdy.

Häkimiýetler dil üsti bilen ýöredýän bu gadagançylyklarynyň sebäplerini düşündirmeýär. Azatlyk degişli döwlet edaralaryndan, şol sanda häkimliklerden, polisiýadan hem bular barada kommentariýa alyp bilmeýär. Bellemeli ýeri, bu çäreler täze prezident Serdar Berdimuhamedowyň işe girişmeginiň we ýurduň Içeri işler ministrliginiň başlygynyň çalşylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Şol bir wagtda, sosial ulgamlarda türkmen ulanyjylarynyň arasynda häkimiýetleriň aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryny çäklendirmegi belli-bir derejede garşylygy hem döretdi. Ulanyjylaryň käbiri hukuk toparlary tarapyndan adam hukuklaryny, raýat azatlyklaryny berk çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistandaky aýal-gyzlara garşy alnyp barylýan häzirki kampaniýany ‘orta asyr nadanlygy’ bilen deňeşdirýärler.

Dürsoltan Taganowa
Dürsoltan Taganowa

Häzirki wagt Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa türkmen häkimiýetleriniň bu çäklendirmelerini, esasan hem erkek oglanlaryň we aşa dinçileriň arasynda, goldaýanlaryň hem bardygyny, emma bu gadagançylyklara garşy çykýanlaryň has köpdügini belledi.

“Bu [gadagançylyklara] aýal-gyzlarymyz gaty nägilelik bildirýär. Biziň alyp barýan [raýat aktiwligi bilen bagly] işlerimize ozal goşulman, gyrada saklananlar hem bu bolýan zatlardan nägile bolýarlar. Bu barada [sosial torlarda] geçirýän efirlerimize hem adatdakysyndan gaty köp adam gelýär. Aşa dinçileriň arasynda bu çäklendirmeleri goldaýanlar hem bar, emma raýatlarymyzyň uly bölegi muňa garşy çykýar” diýip, Taganowa 2-nji maýda Azatlyk bilen geçiren söhbetdeşliginde belledi.

Türkmenistanda aýal-gyzlara gönükdirilýän bu gadaganlyklar Türkmenistanyň BMG-Zenanlar edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine üç ýyl möhlet bilen agza bolmagynyň birinji ýylynda amal edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG