Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýeňşiň 77 ýyllygyny belleýär


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
  • Türkmenistanyň hökümeti II Jahan urşuna gatnaşan türkmenistanly uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna 200 manat möçberinde pul sowgadyny gowşurýar.
  • Türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan Turkmenportal.com neşiri Russiýanyň döwlet metbugatyna salgylanyp, Aşgabadyň Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň territoriýasynda 9-njy maý - Ýeňiş gününe bagyşlanyp, “Ölümsizler polky” atly ýöriş geçirilendigini habar berýär.
  • Azatlyk Radiosynyň sebitlerdäki habarçylary ýurtda Ýeňiş gününiň dabaraly bellenilmeýändigini habar berýärler.
  • Bu aralykda, Türkmenistanyň döwlet metbugaty Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ýeňiş baýramy mynasybetli daşary ýurt liderlerine we raýatlaryna, şol sanda Türkmenistana iberen gutlagyny heniz çap etmedi. Kremliň beýanatyna görä, Putin birnäçe öňki sowet ýurtlary bilen bir hatarda Ukrainanyň öz-özlerini Donetsk halk respublikasy we Luhansk halk respublikasy atlandyrýan, ýöne Russiýadan başga dünýäniň hiç bir ýurdy tarapyndan ykrar edilmedik sebitlerini hem özbaşdak ýurtlaryň hatarynda gutlady.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty 9-njy maýda uruşdan gaýdyp gelmedik türkmenleriň hatyralanjakdygyny we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýjakdygyny habar berýär.

Bu ýyl II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň ýyl dönümi Russiýanyň Ukraina esassyz çozýan wagtynda bellenip geçilýär.

Türkmenistanyň döwlet metbugatyna görä, prezident Serdar Berdimuhamedowyň 6-njy maýda gol çeken permanyna laýyklykda welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.

Hökümetçi Turkmenportal.com neşiri Ýeňiş baýramy mynasybetli Aşgabadyň Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebinde geçirilen “Ölümsizler polky” atly çäräniň Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen geçirilendigini habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenabatdaky habarçysy Ýeňiş güni mynasybetli şäheriň Bitaraplyk seýilgähindäki Baky ot ýadygärligine 9-njy maý güni irden sagat 9-da gül desseleriniň goýlandygyny habar berýär. Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk uniformalaryny geýipdirler.

“9-njy maý döwlet tarapyndan baýramçylyk yglan edilse-de, dynç güni däl, iş güni” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berdi.

Turkmenportal.com neşiriniň maglumatlaryna görä, 1941-1945-nji ýyllarda 300 müňden gowrak türkmen söweşlere gatnaşdy.

Bu aralykda, Kreml Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň daşary ýurt liderlerini we raýatlaryny ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli gutlandygyny habar berýär.

Kremliň beýanatyna görä, rus lideri birnäçe öňki sowet ýurdy bilen bir hatarda Türkmenistana ýeňiş gutlaglaryny iberdi. Kreml gutlag iberilen ülkeleriň hatarynda öz-özlerini Donetsk halk respublikasy we Luhansk halk respublikasy atlandyrýan, ýöne Russiýadan başga dünýäniň hiç bir ýurdy tarapyndan ykrar edilmedik ukrain sebitlerini hem sanawa goşdy.

Russiýa bu sebitleri Ukraina goşun girizmeginiň öň ýany ykrar etdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty Putiniň gutlag hatyny 9-njy maý güni Aşgabat wagty bilen sagat 5-e çenli heniz çap etmändi. Adatça, TDH daşary ýurt liderleriniň gutlaglaryny bolşy ýaly çap edýär.

Ýöne TDH prezident Berdimuhamedowyň sözlerine salgylanyp, ýeňşiň 77-nji ýyl dönüminiň türkmen döwletiniň durmuşynda "möhüm ähmiýetli syýasy wakadygyny, şoňa görä-de olaryň ýokary derejede geçirilmelidigini” aýdandygyny habar berýär.

Ýyllaryň tejribesinden belli bolşuna görä, Türkmenistanda uruş weteranlaryna, olaryň yzynda galanlara prezidentiň adyndan diýlip berilýän ujypsyzja sowgatlar hem adatça býujet edaralarynyň işgärleriniň hasabyna berilýär.

Azatlygyň Balkan sebitindäki habarçysynyň maglumatyna görä, Türkmenbaşyda polisiýa bölümlerinde we we beýleki býujet edaralarynda işgärlerden 1941-45-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan weteranlara, olaryň yzynda galanlara, tylda zähmet çeken raýatlara beriljek sowgatlar we Ýeňiş güni mynasybetli geçiriljek çäreler üçin 100 manatdan pul ýygnaldy.

Işgärlerinden pul ýygnalan edaralaryň arasynda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, şäher jemagat hojalygy edarasy, bilim we saglyk edaralary, banklar we maliýe edaralary bar.

Beýleki käbir post-sowet ýurtlary bilen deňeşdirilende Russiýa öz uruş weteranlaryna Ýeňiş güni mynasybetli iň az pul sowgadyny gowşurýan ýurtlaryň hataryndadyr. Şu ýyl uruş weteranlaryna Gazagystan takmynan 2300 dollar, Özbegistan 1350 dollar, Gyrgyzystan 1200 dollar, Azerbaýjan 880 dollar, Belarus 535 dollar, Täjigistan 240 dollar we Russiýa 150 dollar möçberinde pul sowgadyny gowşurýar. Türkmenistanyň uruş weteranlaryna gowşurýan pul sowgady dollaryň resmi alyş-çalyş kursy boýunça takmynan 57 dollara, gara bazaryň nyrhy boýunça takmynan 10 dollara barabar bolýar.

Türkmenistandaky uruş weteranlarynyň takyk sany baradaky maglumatlar elýeterli däl, ýöne iň ýaş uruş weterany, çen bilen, häzirki wagtda 95 ýaşynyň içinde bolmaly.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG