Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan weteranlara Ýeňiş güni mynasybetli 200 manat berýär


Arhiw suraty. 2010, 9-njy maý, Aşgabat.

Türkmenistanyň prezident Sedar Berdimuhamedow 6-njy maýda geçiren hökümet mejlisiniň dowamynda Ýeňiş gününiň ýetip gelýändigini belläp, 9-njy maýda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň "Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýjakdygyny, uruşdan gaýdyp gelmedik türkmenistanlylaryň hatyralanjakdygyny aýtdy; Azatlygyň habarçysy prezidentiň adyndan beriljek sowgatlar üçin ýene, Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident döwründe bolşy ýaly, býujet edarlarynyň işgärlerinden 'mejbury-meýletin' pul ýygnalandygyny aýdýar.

TDH prezidentiň sözlerine salgylanyp, bu çäreleriň türkmen döwletiniň durmuşynda "möhüm ähmiýetli syýasy wakadygyny, şoňa görä-de olaryň ýokary derejede geçirilmelidigini” aýtdy.

Şeýle-de, öňki ýyllarda bolşy ýaly, döwlet baştutany uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan sowgat gowşurmak baradaky karara gol çekdi.

Bu karar esasynda welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.

Ýyllaryň tejribesinden belli bolşuna görä, Türkmenistanda uruş weteranlaryna, olaryň yzynda galanlara prezidentiň adyndan diýlip berilýän ujypsyzja sowgatlar hem adatça býujet edaralarynyň işgärleriniň hasabyna berilýär.

Azatlygyň Balkan sebitindäki habarçysynyň maglumatyna görä, Türkmenbaşyda polisiýa bölümlerinde we we beýleki býujet edaralarynda işgärlerden 1941-45-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan weteranlara, olaryň yzynda galanlara, tylda zähmet çeken raýatlara beriljek sowgatlar we Ýeňiş güni mynasybetli geçiriljek çäreler üçin 100 manatdan pul ýygnaldy.

"Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, şäher jemagat hojalygy edarasynyň, bilim we saglyk pudaklarynyň, maliýe, bank işgärleriniň ählisinden uruş weteranlaryna we olaryň hossarlaryna sowgat almak üçin pul ýygnalyp, edara ýolbaşçylaryna tabşyrylýar“ diýip, habarçymyz 7-nji maýda habar berdi.

Azatlygyň habarçysynyň we beýleki çeşmeleriň tassyklamaklaryna görä, 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş baýramynyň öňünden býujet edaralarynyň işgärlerinden pul ýygnamak adaty bir zada öwrüldi, bu iş hiç bir kanunçylyga daýanmazdan, dilden görkezme bermek esasynda amala aşyrylýar.

"Işleýän adamlar, işini ýitirmek gorkusy astynda, kyn görseler-de, ber diýlen pul bermäge mejbur bolýarlar, bu mejbury sowgat çykdajysy bolýar“ diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran bilim işgäri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Weteranlara we olaryň hossarlarynda prezidentiň adyndan berilýän 200 manat bu ýyl, synçylaryň hasaplamalaryna görä, döwlet kursunda 57 dollar, gara bazar kursunda bolsa 10 dollar çemesi serişde bolýar.

Geçen ýyl prezidentiň adyndan berilýän 200 manat sowgat döwlet kursunda 57 dollar, gara bazar kursunda 5 dollar çemesi pul bolupdy.

Ozalky SSSR-iň düzümine giren ýurtlarda Ýeňiş güni mynasybetli weteranlara gowşurylan pul sowgatlarynyň möçberi deňeşdirilende, 2017-nji ýyldaky maglumatlara görä, Gazagystan her bir weterana 1570 dollar möçberinde pul sowgadyny gowşuryp, beýleki ýurtlardan has tapawutlanan bolsa, Türkmenistan öz weteranlarynyň her birini 26 dollar möçberinde pul sowgady bilen sylaglap, sanawda iň soňky orny eýeledi.

Türkmenistanda uruş weteranlarynyň we olaryň ýanýoldaşlarynyň sany barada resmi maglumat çap edilmeýär. Käbir maglumatlara görä, 2013-nji ýyla çenli Türkmenistanda Ikinji jahan urşunyň 1000 töweregi weterany ýaşaýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG