Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Lenta.ru” neşiriniň işgärleri web sahypada urşa garşy makala ýerleşdirdiler


Russiýanyň iň köp girilýän habar saýtlaryndan biri bolan “Lenta.ru” web sahypasy 9-njy maýda Ukrainadaky urşy we Russiýanyň häkimiýetlerini ýiti tankytlaýan birnäçe makalany çap etdi.

"Rus goşuny ogrularyň we garakçylaryň goşunyna öwrüldi" ýa-da "Wladimir Putin nalajedeýin diktatora we was-wasa öwrüldi" ýaly atlar bilen çap edilen makalalar häzir web sahypadan aýryldy. Emma olaryň käbiri web arhiwinde skrinshot görnüşinde saklandy.

Olar “Lenta.ru” neşiriniň işgärleriniň atlary bilen çap edildi. “Ykdysadyýetdäki şowsuzlyklary uruş ýapyp bolmaz. Putin gitmeli” diýen at bilen çap edilen makalanyň jogapkärçiligini Ýegor Polýakow we Aleksandra Miroşnikowa öz üstüne aldy. "Biz iş, aklawçy we, belki-de, syýasy gaçybatalga gözleýäris!" diýip, olar makalanyň soňunda ýazypdyrlar.

"Mediazonadaky" we "Lenta.ru" neşirindäki çeşmeler bu işiň, ozal çap edilen beýleki habarlary başga mazmunly makalalar bilen çalşyrmak esasynda, işgärler tarapyndan edilendigini tassyk etdiler.

XS
SM
MD
LG