Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bankomatlarda nagt ýetmezçiligi: Pulsuz, alaçsyz ilat nobatlarda ýakalaşýar 


Bankomatdan pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duran ýaşaýjylar. Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatyndaky bankomatlarda ýiti nagt ýetmezçiligi bilen bagly problema saklanyp galýar. Ilat öz zähmet haklaryny, pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýär. Welaýatda bank kartlary bilen söwda etmek mümkinçiligi çäkli wagty, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi ilata agyr täsir ýetirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan maryly ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, bu problema oba ýerlerinde has-da ýiti bolup, käbir obalardaky bankomatlara her aýda bir ýa-da iki gezek pul salynýar.

"Bankomatlara goýulýan nagt pul oba ýaşaýjylarynyň ählisine ýetmeýär. Bankomatlaryň öňünde nobata duranlaryň sany 250 adamdan geçýär. Nobatlarda ýaka tutuşyp uruşýan uly adamlara hem duş gelse bolýar.Çäklendirmeler sebäpli oba ýaşaýjylary şäher we etrap bankomatlaryndan hem pul çekip bilmeýärler" diýip, Baýramaly etrabynyň Mekan obasynyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde beren maglumatynda aýtdy.

Häkimiýetleriň pul nagtlaşdyrmak boýunça girizen çäklendirmeleriniň bir bölegi hökmünde, etrap we oba ýaşaýjylary öz bank kartlaryndaky puly diňe ýaşaýan ýerindäki bankomatlardan nagtlaşdyryp bilýärler. Bu çäklendirme, ýurduň bankomatlarynda ýiti nagt ýetmezçiliginiň arasynda, 2020-nji ýylda güýje girizilipdi.

Mekan obasynyň ýaşaýjysynyň sözlerine görä, ilat oba ýerlerindäki bankomatlardan her gezekde 400-500 manat nagtlaşdyryp bilýär. Oba administrasiýa çäklendirmäniň sebäbini "nobata duran adamlaryň bolup bildiginden köpräk böleginiň pul nagtlaşdyryp bilmelidigi" bilen düşündirýär.

Ýaşaýjylar sebitde, hususan-da, oba ýerlerinde bank kartlary bilen söwda etmek mümkinçiliginiň juda çäklidigine ünsi çekip, bankomatlarda nagt ýetmezçiliginiň ozalam kyn ykdysady şertlerde ýaşaýan maşgalalary has köp basyş astynda goýýandygyny aýdýarlar.

"Oba ýaşaýjylary pullaryny nagtlaşdyrandan soň tutuş aýyň dowamynda eden bergilerini aýryp, obanyň azyk we senagat dükanlaryna, başga ýerlere bermeli bolýarlar. Olaryň elleri ýene nagt pulsuz galýar. Bankomatlara yzygiderli pul salynsa ýa-da bank kartlary bilen ähli ýerde söwda edip bolsa, adamlar beýle kösenmezdi. Oba ýerlerinde nagt däl söwda düýbünden ýok. Şähere aşmak üçin-de nagt gerek. Hemme ýerde nagt pul gerek. Etrap hassahanalarynda hem töleg terminallary işlemeýär" diýip, oba ýaşaýjysy belledi.

Türkmenistanda indi bäş ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ilat bankomatlarda ýiti nagt ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Bankomatlara çäkli möçberde nagt pul salynýar. Olaryň öňünde adamlaryň uly nobatlary ýygy-ýygydan emele gelýär.

Bu habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri ýurduň tas ähli pudaklarynyň, şol sanda dürli hyzmatlaryň we bank ulgamynyň sanly ulgama "üstünlikli" geçirilýändigini tekrarlaýar.

Şol bir wagtda, ýurtda töleg terminallary çäkli möçberdäki söwda merkezlerinde, dükanlarda işleýär. Ýerli ýaşaýjylar töleg terminallarynyň hatda döwlet edaralarynda, şol sanda hassahanalarda, poçta edaralarynda we dermanhanalarda hem işlemeýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, olar döwlet dükanlaryndaky töleg terminallaryndan diňe öz bank kartlarynyň balansyny görmek üçin peýdalanyp bilýändiklerini belleýärler.

Türkmen häkimiýetleri ne ykdysady kynçylyklary, ne nagt ýetmezçiligini, ne-de töleg terminallarynyň işlemeýändigini boýun alýarlar. Resmi metbugat hem bu babatda dymyşlygyny dowam etdirip, ilatyň başdan geçirýän kynçylyklary hakda mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG