Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Saýlawlaryň öňüsyrasynda azyk arzanlaýar, ýöne bankomatlarda nagt ýetmezçiligi saklanýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň golaýlamagy bilen, Aşgabadyň häkimiýetleri azyk gymmatçylygyny we gytçylygyny wagtlaýyn bolsa-da çözmäge çalyşýar. Şu günler paýtagtda azyk harytlarynyň bahalary ýene arzanlady. Muňa garamazdan, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly problema saklanyp galýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berdi.

Paýtagtyň bazarlarynda we dükanlarynda azyk önümleriniň bahalary günsaýyn arzanlaýar. Mysal üçin, 1-nji martda daşary ýurtlardan import edilen bir litr ösümlik ýagy 27 manat bahalanýar. Mundan üç gün ozal onuň bahasy 28 manada barabardy. 30 sany ýumurtga mundan üç-dört gün ozal 65 manat bahalanýardy, häzir 45 manatdan satylýar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly çeşmelerimiz we türkmenistanlylaryň ençemesi azyk harytlarynyň bahalarynyň arzanlamagyny "häkimiýetleriň prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda Serdaryň abraýyny ýokarlandyrmak tagallalary" diýip häsiýetlendirýärler. Şeýle-de, olar munuň "wagtlaýyn çäredigini" hem belleýärler.

"Ähli zat, halk 12-nji martda Serdaryň prezident saýlanandygyny eşidende, olaryň gaharlanmazlygy we durmuş hakykatyny kabul etmegi üçin edilýär. Arzan bahadan satylýan önümleriň ilata teselli bolmagyna garaşylýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 1-nji martda gürrüň berdi.

Türkmenistan 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirýär. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň sanawyna görä, ýurduň syýasy durmuşynda tanalmaýan sekiz dalaşgär we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow prezidentlik wezipesi ugrunda bäsleşer. 40 ýaşly Berdimuhamedow häzirki wagt ýurduň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýär.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde harytlaryň arzanlamagy, azyk üpjünçiliginiň gowulaşmagy bilen bagly ýagdaý mundan 10 gün çemesi ozal göze ilip başlady. 22-nji fewralda Lebap welaýatynyň hususy eýeçilikdäki dükanlarynda azyk we senagat önümleriniň bahalary birneme arzanlap, olaryň görnüşleri köpelip başlady.

Häkimiýetler ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da möhüm syýasy wakalaryň öňüsyrasynda, azyk bolçulygyny, arzançylygyny we köpdürlüligini döredýär. Ýöne bu ýagdaý gysga wagt dowam edip, baýramçylygyň ýa syýasy çäräniň yz ýany gürüm-jürüm bolýar.

Aşgabatdaky habarçymyz azyklaryň bahalarynyň arzanlamagyna syn edilýän mahaly, ilatyň nagt ýetmezçiligi bilen bagly problemanyň saklanyp galýandygyny hem habar berýär.

Onuň sözlerine görä, paýtagtyň bankomatlarynyň her biriniň öňünde 50-60 çemesi adamyň elmydama nobata durandygyny görse bolýar.

"Adamlar bankomatlardan günde 800 manat pul nagtlaşdyryp bilýärler. Bankomatlaryň köpüsinde nagt pul ýok. Köpüsinde-de pul nobatda duran adamlaryň hemmesine ýetmeýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 1-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol raýatlar öz aýlyk we pensiýa haklaryny, kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmese, azyk arzançylygynyň hiç bir peýdasynyň ýokdugyny hem aýtdy. Ol munuň sebäplerini paýtagtyň tas ähli bazarlarynda we dükanlarynda telekeçileriň nagt däl söwdany kabul etmeýändigi bilen düşündirdi.

"Mysal üçin, "Altyn asyr" gündogar bazarynda hiç bir dükan nagt däl söwda etmeýär. Satyjylar Internete baglanyp bolmaýandygyny aýdyp, kassa apparatynyň işlemeýändigini belleýärler. Ýöne bu bazarda "Altyn Asyr" öýjükli telefonlar we olardaky Internet hyzmatlary işläp dur" diýip, aşgabatly alyjylaryň biri anonimlik şertinde 1-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda indi bäş ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi we bazarlarda azyk gymmatçylygy ýylyň-ýylyna güýçlendi. Bu problemalar soňky ýyllarda, hususan-da, pandemiýanyň fonunda has-da ýitileşdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG