Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Serişde üstündäki uruş'. Türkmenistanda zir-zibile mätäç bolanlaryň sany artýar


Aşgabat, 2022-nji ýylyň maýy (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat, 2022-nji ýylyň maýy (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynda zir-zibil dörmegiň üstünde güýçli bäsdeşlik gidýär, käbirler üçin bu hakyky işe öwrülýär. Zibil gaplarynyň içindäki galyndylar ugrundaky göreş gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýar. Bu işe başga girdejisi bolman, gaýtadan işlenip bilinýän serişdeleri ýygnap, tabşyrmak bilen gazanç edýän adaty adamlar, jemagat edaralarynyň işgärleri, şeýle-de aşa garyplykda ýaşap, galyndylary dörmäge ýa-da dilegçilik etmäge mejbur bolan adamlar bar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, zibil söwdasy ösýär, galyndylar ugrunda çynlakaý göreş barýar, dawa-jenjeller we ýakalaşyklar seýrek däl.

"Her zibil nokadynyň" öz garawuly bar, adatça ol 'işewür' köçe süpüriji. Ol bäsdeşlere hüşgärlik bilen gözegçilik edýär we olary kowýar, olaryň sany bolsa barha köpelýär " diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmesi gürrüň berýär we soňky wagtda jemagat hyzmatlarynyň işgärleriniň zibil çeleklerine we onuň töwereklerine gözegçiligi hasam güýçlendirendigini, hatda gijelerine hem aýlanyp görýändigini aýtdy.

Gaýtadan işlenilýän serişdeleri ýygnaýjylaryň ençemesi, ir bilen welosipedli ýa-da galtak alyp zibil taşlanýan ýerlere aýlanýarlar we günüň dowamynda bu ýerde nobatçy bolup oturýan garawullaryň gelmeginden has öň konteýnerleriň içini dörmäge synanyşýarlar.

"Gözegçiler soň bütin gün gapdalda oturýarlar we bäsdeşleriň gelmezligi üçin 'hüşgär' bolýarlar. Olaryň işi, zibil getirenlerinde dessine özüne zerur zatlary saýlap almak. Emma çelekleriň golaýyna başgalar gelip, gerekli zatlary gözlejek bolanlarynda olar 'bäsdeşlerine' topulýarlar we kowup goýberýärler" - diýip, Aşgabatdaky çeşmämiz aýdýar.

Paýtagtyň zibil taşlanýan ýerlerine barýanlaryň köpüsi gaýtadan işlenýän serişdeleri pula alýan nokatlara eltmek üçin plastik gaplary, aýna çüýşeleri we karton ýygnaýarlar. Mundan başga-da, köp adam azyk galyndylaryny hem gözleýär, käbler tapanlaryny soň mal iými üçin satýar.

Habarçylar gaýtadan işlenilýän serişdeleri ýygnamagyň has girdejili bolýandygyny belleýärler. Seýilgähler we söwda merkezleri jemagat gulluklarynyň işgärleri üçin has girdejili ýerler hasaplanýar, sebäbi şol ýerlerde karton köp bolýar. Köçe süpürijiler eden gazançlaryny ýolbaşçylary bilen paýlaşýarlar. Bu barada habarçylar gürrüň berýär.

Bu aralykda, gaýtadan işlenilýän serişdeleri ýygnamak işine ilatyň has giň gatlaklary goşulýar. Habarçy köçelerde plastik gaplaryny ýygnaýan adaty adamlaryň köpelendigini aýdýarlar. Habarçymyz käbir tanyşlarynyň hem öz hojalygyndaky plastik gaplary ýygnap, üýşürýändigini, soň bolsa olary pula kabul edýän alyjylary öýlerine çagyryp satýandygyny gürrüň berdi.

"Açylýan nokatlardan başga-da, plastmassa we karton kabul edýän aýry-aýry adamlar peýda boldy. Olar 1 kilogram plastik suw gaplary üçin 6-7 manat töleýärler" - diýip, Azatlygyň habarçysy 13-nji maýda gürrüň berdi.

Köplenç "strategiki çig mal" ugrundaky göreş çynlakaý gapma-garşylyklaryň sebäbi bolýar. Habarçylaryň sözlerine görä, garawullaryň gatnaşmagyndaky dawalar we ýakalaşyklar bolýar. Azatlygyň habarçylaryna mälim bolan wakalaryň biri ýakynda Parahat-2 etrapçasynda bolupdyr, iki aýal galyndylaryň üstünde ýakalaşypdyr, olaryň biri garawul, beýlekisi - köp ýyllap gaýtadan işlenýän galyndylary ýygnap, gün görýän zenan.

Geçmişde Azatlyk Radiosy galyndylar üstündäki dawa-jenjelleriň adamyň ölümine sebäp bolan ýagdaýlar barada habar beripdi.

Dekabr aýynda Türkmenabat şäherinde, hapa taşlanýan ýerleriň birinde zibil gaplaryny dörmegiň üstünde 10 adamyň arasynda ýakalaşyk boldy. Železnodorožnikow köçesindäki zibil gaplarynyň içindäki galyndylaryň üstünde bolan şol çekeleşik bir adamyň ölümine sebäp boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň şonda habar bermegine görä, bu waka boýunça jenaýat işi açylypdyr.

Geçen ýylyň aprel aýynda Azatlyk Radiosy Aşgabatda "zibil söweşleriniň" ýene bir pidasy bolandygy guman edilýän 70 ýaşly pensioneriň heläk bolandygy barada habar berdi.

Soňky ýyllarda barha agyrlaşýan ykdysady krizisiň çäginde gaýtadan işlenilýän serişdeleri, köne zatlary we azyk önümlerini gözlemek üçin zibil gaplaryny dörýänleriň sany ep-esli artdy, olaryň arasynda garry adamlar, şeýle hem çagaly aýallar bar.

Ýurduň häkimiýetleri ilatyň garyplygyny öz içine alýan agyr sosial-ykdysady problemalary resmi taýdan ykrar etmeýärler. Şol bir wagtyň özünde ýerli häkimiýetler bu meseläni gytaklaýyn boýun alýarlar we käbir ýerli çäreleri görýärler.

Zibil taşlanýan ýerlerdäki ýagdaý barada köp sanly garaşsyz habarlardan soň, 2021-nji ýylyň ýazynda polisiýa zibil taşlanýan ýerlerde galyndylary dörýän adamlary jemagat hyzmatlarynyň işgärlerine meňzeş etmek üçin ýörite iş eşigini geýmäge mejbur edip başlady. Şeýle hem Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň polisiýasy zibil dörýänleri köpçülikleýin kowup, hususan-da, paýtagtyň ýokary oňaýlykly "elitniý" diýilýän kaşaň jaýlarynyň golaýyndaky zibilhanalaryň golaýynda olary tussag edip, şäheriň gözelligini bozmakda aýyplady.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG