Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabat: hususy awtoulagda kireýine ýolagçy gatnatmak gadagan edilýär


Ýol ugrunda hususy taksi tutýan aýallar. Maý, 2022 ý. Aşgabat ş. Türkmenistan

Aşgabatda hususy awtoulagda kireýine ýolagçy gatnatmak gadagan edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri türkmen paýtagtyndan habar berýärler.

“Hususy awtoulaglara kireýine ýolagçy gatnatmak, ýagny taksiçilik bilen meşgullanmak gadagan edilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmesi aýdýar.

Ýöne çeşmäniň maglumatlaryna görä, bu gadaganlyk taksi sargamak gulluklary tarapyndan hakyna tutulýan şahsy awtoulaglara degişli bolman, ýol ugra kireýine ýolagçy alýan hususy awtoulaglara degişli bolup durýar.

Taksi sargamak gulluklary tarapyndan hakyna tutulýan hususy awtoulaglar resminama düzedip, ygtyýarnama alýarlar.

Ýöne kireý etmek barada ygtyýarnama almadyk hususy awtoulag eýeleri häkimiýetleriň nyşanasyna öwrülýärler. Olaryň awtoulaglary jerime duralgalaryna äkidilýär, özlerine bolsa müňlerçe manat jerime salynýar.

Paýtagtyň myhmanlary we ýaşaýjylary şäher içinde bir ýerden başga ýere gitmek üçin döwlet eýeçiligindäki taksileriň hem hyzmatlaryndan peýdalanyp bilýärler. Eltip bermek hyzmatyny hödürleýän kärhanalar köplenç döwlet taksileriniň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagt Aşgabatda taksi sargamak üçin ýörite onlaýn goşundylaryň hem bardygyny, ýöne bu hyzmatyň elýeterliliginiň ýolagçynyň günüň haýsy wagtynda taksi sargaýandygyna baglydygyny habar berýär.

Türkmenistanda hereket edýän hökümetçi habar neşirleri 2-3 aý mundan ozal, Aşgabatda işe girizilen taksi sargamak onlaýn goşundysyny mahabatlandyrdylar.

Maglumatdan çen tutulsa, bu onlaýn goşundy dünýä belli “Uber” we “Bolt” taksi hyzmatlary kompaniýalarynyň türkmen wersiýalaryna meňzeýär. Ýöne hökümetçi neşirler Türkmenistanda ilata hödürlenýän juda pes Internet tizliginiň onlaýn taksi sargamakda döredip biljek päsgelçiligini agzamaýarlar.

Maglumata görä, bu goşundy “Awtomobil ulag hyzmaty” atly açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan hödürlenýär. Ýolagçylar bu kompaniýanyň hödürleýän “Onlaýn taksi” mobil goşundysy bilen paýtagtyň çäginde taksi sargap bilýärler.

Häkimiýetler ilat arasynda öňden bäri ýörgünli bolan hususy taksileri nyşana alýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatda taksi tapmagyň aňsat däldigini habar berýär.

Çeşmämiz özbaşdak kireý edýän hususy awtoulaglara garşy güýçlendirilýän gözegçiligiň döwlet eýeçiligindäki taksi gulluklaryna täze awtomobilleriň gelip gowuşmagyna garaşylmagy bilen baglydygyny çaklaýar.

Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň düzümine girýän “Türkmenawtoulaglary” agentligi ýurduň awtomobil ulaglary pudagyna gözegçilik edýär.

Awtomobil ulaglary pudagynyň gurluşy we onuň döwlet gözegçiligi soňky birnäçe ýylyň dowamynda yzly-yzyna üýtgedip gurmalary başdan geçirdi.

Has ozal Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi atlandyrylan bu ulgam 2019-njy ýylyň ýanwarynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi atlandyryldy. Ýöne bu üýtgeşme ýurduň awtomobil ulgamynyň diňe bir adynyň üýtgedilmegi bilen çäklenmedi. Awotmobil ulaglary ulgamy ministrlik derejesini ýitirip, agentlige öwrüldi we 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda täze döredilen Senagat we kommunikasiýalar ministrliginiň garamagyna berildi. Şondan iki ýyl soň, 2021-nji ýylyň iýulynda bolsa Türkmenistanyň Ministerler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentligi döredildi. Şonda “Türkmenawtoulaglary” agentligi täze agentligiň garamagyna geçirildi. Munuň yz ýany, ýurduň awtomobil ulaglary pudagyna girýän käbir kärhanalar doly hususylaşdyryldy.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň internet sahypasynyň “Biz barada” atlandyrylýan bölümi agentlik barada hiç hili maglumat bermeýär.

Ýöne ýurduň çäginde taksi we awtobus hyzmatlarynyň ýola goýulmagyna “Türkmenawtoulaglary” agentligi gözegçilik edýär.

Garaşsyz turkmen.news neşiri türkmen paýtagtynda özbaşdak kireý edýän wagty ele salnan hususy awtoulag sürüjileriniň 15 gün möhlet bilen tussag astyna alynýandyklaryny habar berdi.

Has ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda taksi sürüjileriniň täze düzgünler bilen tanyş edilendigini habar berdi. Täze düzgünlere laýyklykda,

  • ulaglaryň umumy tizligi sagatda 70 km-den geçmeli däl.
  • awtoulagda üç adamdan köp bolmaly däl
  • islendik ýaşdaky aýallary öňdäki ýolagçy oturgyjyna oturtmak gadagan
  • gadaganlyk ýol belgisi goýlan ýerlerde ulagdan ýolagçy düşürip-mündürmek gadagan diýip, Azatlygyň habarçysy 6-njy maýda habar berdi.

Bu aralykda türkmen metbugaty 11-nji maýda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan sürüjilere we pyýadalara garşy jeza çäreleriniň güýçlendirilendigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG