Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda taksi sürüjiler täze düzgünler bilen tanyş edildi


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Aşgabatda taksi sürüjileri indi has köp düzgüni berjaý etmeli bolar. Olaryň ýerine ýetirilmegine polisiýa tarapyndan berk gözegçilik ediler. Bu aralykda şäher häkimiýetleri öz ulagynda gazanç edýänlere garşy göreşini ýene-de güýçlendirdi. Bu çäreleriň hemmesi ilatyň transport kynçylyklaryny ýene güýçlendirdi.

Şäher taksileriniň işine degişli täze düzgünler paýtagtyň transport edaralarynyň wekilleriniň 6-njy maýda geçirilen giňişleýin ýygnagynda yglan edildi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň taksi sürüjileri üçin talaplaryň sanawyna girizilen käbir düzgünleri anykadylar:

  • ulaglaryň umumy tizligi sagatda 70 km-den geçmeli däl.
  • awtoulagda üç adamdan köp bolmaly däl
  • islendik ýaşdaky aýallary öňdäki ýolagçy oturgyjyna oturtmak gadagan
  • gadaganlyk alamatlarynyň ýanynda ulagdan ýolagçylary düşürip-mündürmek gadagan.

Aýal-gyzlaryň awtoulagyň öňdäki oturgyjynda oturmagynyň gadagan edilendigi aprel aýynyň ahyrynda belli bolupdy. Başda bu gadagançylyga Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary sezewar bolupdy.

Habarçynyň sözlerine görä, düzgünleriň bozulmagy ep-esli möçberde jerime salynmagyny göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, çeşmeler şäheriň ulag parkynyň täze taksi awtoulaglarynyň gelmegine garaşýandygyny aýdýarlar. Aşgabadyň häkimiýetleri täze düzgünler we düzgünleriň bozulmagy üçin göz öňünde tutulýan jogapkärçilik temasy barada resmi düşündiriş bermedi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolup, adynyň efirde agzalmazlygyny soran sürüjiler täze düzgünleriň gündeki iş planyny ýerine ýetirmegi kynlaşdyrýandygyny aýtdy. Şeýlelik bilen, ähli talaplary ýerine ýetirmek üçin sürüjiler köp müşderiden ýüz öwürmeli bolarlar we ýolagçylar ulag tapmakda kynçylyk çekýärler.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary hususy sürüjilere garşy görülýän çäreler barada habar berdiler. Olaryň sözerine görä, tussag edilen ulagy saklap, jerime duralgasyna eltmekden başga-da, sürüjiler 15 gün tussag edilip bilner.

Köpler taksi sürüjileri we ýolagçylar babatynda täze talaplaryň girizilmegi, şeýle hem olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň güýçlenmegi jerime köpelmegine we eden etdiligiň güýçlenmegine sebäp bolup biler diýip howatyrlanýarlar.

Soňky günlerde Aşgabadyň ýol polisiýasy dürli bahanalar bilen awtoulaglary köpçülikleýin saklady, olaryň arasynda paýtagt belgili, welaýat belgili hususy awtoulaglar, şeýle-de taksiler boldy.

Çeşmelere görä, awtoulaglaryň tas hemmesi saklanýar. Sürüjilere dürli sebäpler, şol sanda awtoulagyň daşyndaky tozan we içinden iki adamdan köp ýolagçynyň bolmagy ýaly bahanalar öňe sürülýär. Çagalar hem hasaplanýar.

Paýtagtyň ýol polisiýasy hususy transporty bilen gazanç edýän sürüjilere gözegçiligini hem güýçlendirdi. Raýat eşikli polisiýa işgärleri hususy taksilere münýärler we sürüjilere jerime salýarlar.

Ýollarda gözegçiligiň öň gürlüp eşidilmedik möçberi we dowamlylygy, täze gadagançylyklaryň gerimi apreliň başlarynda ýurduň Içeri işler ministrliginiň başlygynyň üýtgemeginden soň ýüze çykdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG