Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daýhanlar bugdaý oragynyň bosagasynda gallanyň heniz doly bişmändigini aýdýarlar


Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda iýun aýynyň başlarynda bugdaý oragyna resmi taýdan badalga berilýär. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy sebitiň käbir bugdaý meýdanlarynda galla oragyna girişilendigini habar berýär. Ýerli gallaçylar hasylyň heniz taýýar däldigini, bugdaýyň heniz doly bişmändigini aýdýarlar.

“Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň käbir daýhan birleşiklerinde bugdaý oragy başlandy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Ýöne ýerli kärendeçiler bugdaýyň heniz doly bişip ýetişmändigini aýdýarlar. Galyberse-de, gallaçylar bugdaý ammarlarynda hasylyň agramynyň ‘azaldylyp ýazylmagyndan’ şikaýat edýärler.

“Bugdaý oragyna girişildi, ýöne heniz bugdaý çig. Bugdaý çig bolansoň, ammarlara tabşyrylýan bugdaýdan köp tonna ýa-da köp kilogram aýyrýarlar” diýip, bir murgaply gallaçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol sebäpden daýhanlar ekin meýdanlaryna möhletinden öň kombaýn salmakdan ýüz öwürýärler.

“Men oba başlygyna ýüzlenip, ‘kärende ýerime entek kombaýn saljak däl diýdim. Sebäbi geçen ýyl hem alty tonna barabar bolan bugdaý hasylymy iki tonna diýip ýazdylar, bugdaý gurasyn, onsoň ordurjak’ diýdim. Başlyk maňa bugdaý gurandan soň, guşlar iýip gutarýar diýdi. Onsoňam, men zat çözemok, häkimlik çözýär diýip, sözüniň üstüni ýetirdi” diýiip maryly kärendeçi gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şeýle tejribe geçen ýyllarda hem gaýtalanypdyr.

“Geçen ýyl meniň bugdaý meýdanymdan alty tonna bugdaý hasyly alyndy. Ýöne bugdaý ammaryna eltip, agramyny çekdirenimizde, tereziçi kemeldip aýtdy. Bugdaý orýan kombaýn ýygnalan hasylyň agramyny görkezýär. Kombaýnçy meniň bugdaý hasylymyň agramynyň alty tonna bolandygyny aýtdy, ýöne tereziçi 4,5 tonna diýdi. Soňra hasylyň “hapasy” we “çig bolandygy” üçin, hasylyň umumy agramyny iki tonna diýip ýazdylar. Alty tonna çykan bugdaý hasylymy iki tonna diýip ýazdylar” diýip, ýerli daýhan geçen ýylyň hasyl möwsüminde başdan geçirenlerini gürrüň berdi.

“Arz etmäge ýer galmady” diýip, daýhan öz umytsyzlygyny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Nobatdaky bugdaý oragy hökümet mejlislerinde hem maslahat edilýär.

13-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet toparyny döretdi.

“Resminama laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek üçin, Türkmenistanda 2022-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça Döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy” diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Maglumata görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Galyberse-de, resminama laýyklykda Oba hojalyk ministrligi bugdaý daşamak üçin hususy awtoulag eýeleri bilen hem şertnama baglaşyp bilýär.

10-njy maýda geçirilen hökümet maslahatynda welaýat häkimleri bugdaý meýdanlarynda heniz tümmül suwunyň tutulýandygyny habar berdiler.

Bu aralykda, nobatdaky galla möwsümi Russiýanyň goňşy Ukraina esassyz amala aşyrýan çozuşynyň arasynda dünýäde galla üpjünçiliginiň ýagdaýy bilen bagly aladalaryň dowam edýän wagtyna gabat gelýär. Russiýa we Ukraina iri galla öndürijileri bolup durýar. Türkmenistan Russiýa we Gazagystan ýaly döwletlerden galla önümlerini satyn alýar.

Bu aralykda, sebitde iň iri galla öndürijileriniň biri bolan Gazagystan hem bugdaý eksportlaryny çäklendirdi.

Russiýanyň Ukraina garşy esassyz çozuşa girişmeginiň yz ýany, dünýäde azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy bilen bagly dörän aladalaryň arasynda dünýäniň dürli ýurtlary azyk önümleriniň eksportyny çäklendirdi.

Russiýa, Ukraina we Gazagystan bugdaý bilen bir hatarda beýleki käbir azyk önümleriniň eksportyny çäklendiren bolsa, Eýran kartoşka, sogan, pomidor we badamjan ýaly käbir gök-bakja önümleriniň eksportyny näbelli möhlete çenli gadagan etdi. Türkiýe käbir galla önümleriniň, galyberse-de et önümleriniň eksportyny 31-nji dekabra çenli gadagan etdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji maýda Gazagystanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul edip, beýleki meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň çäginde galla saklamak üçin niýetlenen terminalyň gurluşygyny maslahat etdi. TDH-nyň habaryna görä, Gazagystan tarapy bu taslama gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistan nobatdaky galla oragynda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almagy göz öňünde tutýar.

Gallaçy kärendeçiler Türkmenistanda hroniki häsiýete eýe bolan suw, dökün we tehnika ýetmezçiligi barada ýyllarboýy şikaýat edip gelýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary daýhanlaryň aladalaryna häkimiýet wekilleriniň “arzyňy nirä ýetirseň, şoňa ýetir” diýip, jogap berýändiklerini habar berýärler.

Galyberse-de, çopanlar hasyl ýygnalan bugdaý meýdanlarynda mal otlatmagyň gadagan edilýändigini habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG