Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Garagumda ekin meýdanlaryny ösüş suwuna tutmak üçin "ýüzlerçe manat para bermeli"


Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň kärendeçi daýhanlarynyň ençemesi bugdaý we gowaça meýdanlaryndaky ýiti suw ýetmezçiliginden we bu pudakdaky para-berimden şikaýat edýärler. Olar diňe ýolbaşçylara ýüzlerçe manat para beren kärendeçileriň ekin meýdanlarynyň ösüş suwuna tutulýandygyny aýdýarlar. Daýhanlar zähmetleriniň puja çykmagyndan we döwlete bergili çykmakdan howatyrlanýandyklaryny hem belleýärler. Bu maglumat, “Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýol beren kemçilikleri üçin”, ýurduň üç welaýatynyň, şol sanda Mary welaýatynyň häkimine käýinç yglan edilen mahalyna gabat geldi.

Şu günler Türkmenistanda gowaça we bugdaý meýdanlarynda degişli oba hojalyk işlerini geçirmek, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, Garagum etrabynda käbir gallaçy kärendeçiler öz ekinlerine entek bir gezek ösüş suwuny tutup bilmeýän mahaly, käbirleri bu çäräni eýýäm üçünji ýa dördünji gezek amal etdiler. Ýerli kärendeçiler munuň sebäplerini suw ýetmezçiligi we para-berim bilen düşündirýärler.

"Men ençeme gezek gatnap, ekinime ösüş suwuny tutup bilmedim. Ahyrsoňy, zähmetimi köýdürmejek bolup, para bermäge razy boldum. Her gezek ekin meýdanymy suwa tutjak mahalym, başlyga 300 manat pul bermeli bolýaryn. Şol gün, uzak gije suw diňe meniň ekinime govberilýär. Nasosça bolsa, agşamlyk naharyny we bir çüýşe arak berýärin" diýip, öz ekinine soňky ösüş suwuny tutan garagumly kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Şol bir wagtda, kärendeçiler nasosy bejermek üçin özlerinden eýýäm 50 manat ýygnalandygyny, şeýle-de hasyl tabşyrylanda, suw, dökün we tehnika üçin goşmaça pul alynýandygyna ünsi çekip, näresmi töleglere, korrupsiýa nägilelik bildirýärler.

"Şu ýyl döwletiň pagtany satyn alyş nyrhy ýokarlandy. Onuň bir kilogramy 1,40 manatdan 3,40 manada ýokarlandy. Men bu ýyl girdeji gowy bolar diýip begendim. Ýöne suw ýetmezçiligi sebäpli göz öňünde tutulan hasyly alyp biljegim gümana. Başlyga her gezek para bermäge-de ýagdaý ýok. Şonuň üçin begenere zat ýok" diýip, başga bir garagumly kärendeçi belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Garagum etrap häkimliginden we onuň oba hojalyk bölüminden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Bu aralykda, prezident Serdar Berdimuhamedow “Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýol beren kemçilikleri üçin”, ýurduň üç welaýatynyň häkimine, şol sanda Mary welaýatynyň häkimi Annaberdiýew Döwranberdi Orazberdiýewiçe käýinç yglan etdi.

TDH-nyň habarynda häkime bu käýinjiň "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi" üçin berlendigi aýdylsa-da, onuň jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrylmady.

Ýöne bellesek, bu käýinçler Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda kärendeçi daýhanlaryň suw ýetmezçiliginden kösenýändigi barada Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň yzygiderli beren maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

22-nji aprelde Lebap welaýatyndaky habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan kärendeçi daýhanlar sebitiň bugdaý we gowaça meýdanlaryndaky ýiti suw ýetmezçiliginiň özleriniň ekinlerine ýaramaz täsir ýetirýändigini gürrüň berdiler.

20-nji aprelde bolsa, Balkan welaýatynyň Serdar, Magtymguly we Bereket etraplarynda bugdaý eken daýhanlaryň, bugdaý meýdanlaryndaky ýiti suw ýetmezçiligi zerarly, ekiniň 60 göterimden gowrak hasylyny ýitirendigi barada maglumatlar gowuşdy.

Şeýle-de, geçen aý Lebapdaky habarçylarymyz sebit ýaşaýjylarynyň Amyderýanyň suwunyň çekilen böleklerine, derýada emele gelen adajyklara alada bilen syn edýändigini habar berdiler.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasynyň soňky hasabaty Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigini duýdurdy. Guramanyň geçen ýylyň awgustynda ýaýradan hasabatyna görä, ýurtda suw resurslaryna çenden aşa agram düşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG