Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda mekdep uçurymlarynyň yzygiderli azalmagy ‘demografiki krizisden habar berýär’


Türkmen ýaşlary
Türkmen ýaşlary

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden soňky on ýyl çemesi wagtyň dowamynda uçurym bolýan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli azalmagy, Azatlygyň çeşmeleriniň ýurduň demografiki krizisiň bosagasynda durandygy baradaky maglumatlaryna güwä geçýäne meňzeýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 2009-njy ýyldan bäri uçurym bolan ýaşlaryň sany baradaky resmi maglumatlary toplap, soňky 12 ýylda mekdebi tamamlan ýaşlaryň sanynyň 30% azalandygyna ünsi çekdi.

Maglumata görä, 2009-njy ýylda 115 müň uçurym hasaba alnan bolsa, 2021-nji ýylda ýurduň 1 müň 875 umumybilim berýän orta mekdebini 82 müň ýaş tamamlapdyr. Iki döwrüň arasyndaky tapawut 33 müň adama deň.

Bu sanlar Azatlygyň ygtybarly çeşmeleriniň soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 1,8 million töweregi türkmenistanlynyň ýurtdan göçüp gidendigi, şeýle-de ýurduň häzirki ilatynyň 2,7-2,8 million töwereklerindedigi baradaky maglumatlaryny şöhlelendirýäne meňzeýär.

2007-nji ýyldan bäri ilatynyň sany barada resmi maglumatlary çap etmeýän Türkmenistanyň hökümeti Azatlykda çykan bu maglumatlara reaksiýa bildirmedi.

Türkmenistany ýakyndan yzarlaýan bilermenler uçurymlaryň sanynyň yzygiderli kemelmegini tutuş ýurduň ilatynyň azalmagy bilen düşündirmelidigini aýdýarlar.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Türkmenistanyň öz çäginde ýokdugyny aýdýan koronawirusyň hem köp adamyň ölmegine sebäp bolandygyny, emma raýatlaryň aglabasynyň ýurtdaky diktatorlyk režimi we günsaýyn ýaramazlaşýan ykdysady krizis sebäpli, watanyny terk etmäge mejbur bolýandygyny belledi.

“Mekdep uçurymlarynyň [12 ýylyň dowamynda] 30% azalmagynyň ýönekeýje sebäbi, bu ýurtda has az adamyň galmagy bilen baglanyşyklydyr” diýip, Panniýer 26-njy maýda Azatlyga gürrüň berdi, şeýle-de bu sanlaryň ýurduň ýüzbe-ýüz bolup duran demografiki krizisinden habar berýändigini belledi.

Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara gitmeginiň esasy sebäpleriniň arasynda synçylar ilatyň maddy ýagdaýynyň gitdigiçe agyrlaşýandygyny belleýärler. Agyr işsizligiň fonunda ýurtda ministrlikler, döwlet edaralary ýapylýar, iş orunlary azaldylýar, hususy biznes üçin mümkinçilikler çäklendirilýär.

Munuň bilen bir wagtda-da, häkimiýetler ilata gözegçiligini güýçlendirip, raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagynyň öňünde päsgelçilikleri döredýärler, şol sanda pandemiýa sebäpli çäklendirilen halkara uçar gatnawlarynyň aglabasyny ýola goýmaýarlar.

Dürli çeşmelere görä, Sowet Soýuzynyň dargamagyndan ozal Türkmen Sowet Sosialistik Respublikasynyň ilaty 3,7 million adamdy. Ondan soňky ýyllarda, garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet statistika we maglumat milli institutynyň sanlaryna görä, 1995-nji ýylda ilat sany 4,5 million, 2000-nji ýylda - 5.37 million, 2002-nji ýylda - 5,79 million bolupdyr. 2003-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň hökümetiniň metbugat gullugy alty million raýatyň dünýä inendigini habar berdi. 2006-njy ýylyň mart aýynda döwlet statistika edarasy ilatyň 6,79 milliona ýetendigini öňe sürüpdi.

Türkmenistanda 2012-nji ýylda geçirilen ilaty ýazuwynyň netijeleri, sebäbi düşündirilmezden, hiç haçan köpçülige äşgär edilmedi. Şu ýylyň 17-27-nji dekabr aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek planlaşdyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG