Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19: Pulsuzlyk ilaty saglygy bilen töwekgelçilik etmäge iterýär


Ýüzi maskaly ýaşaýjylar. Aşgabat. 2020 ý.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda ýeke hadysasy hem resmi hasaba alynmadyk koronawirus aladalary bilen baglylykda, ýüz maskasyny geýmeýän ýaşaýjylara garşy ulanylýan jerime çärelerini güýçlendirýärler, has berkidilen bazar çäklendirmelerini girizýärler. Şol bir wagtda, pulsuzlykdan kösenýän ilat, sosial aralyk talaplaryna hem garamazdan, gün-güzeranyny aýlamak üçin alaçsyzlykdan bankomatlaryň öňünde nobata durmaga mejbur bolýar.

Azatlyk bilen habarlaşan türkmenistanlylaryň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleriniň “ynsan saglygyna zyýan beriji tozan bölejikleriniň kadadan artmagy” sebäpli girizilendigi, emma aslynda COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ornaşdyrylandygy aýdylýan çäklendirmeler bilen birlikde, resmileriň onsuz hem eýýam azyndan 4 ýyl bäri ýiti ykdysady krizisden kösenýän ilaty goldamak üçin goşmaça çäreleri görmezligi, adamlaryň saglyklary bilen töwekgelçilik edip, bankomatlaryň öňünde nobata durmagyny dowam etdirmegine sebäp bolýar.

Azatlyga ýurduň dürli künjeklerinden gelip gowşan suratlarda we wideolarda, koronawirusa ýolugmak howpuna garamazdan, onlarça adamyň bankomatlaryň öňünde nobata durandygyny synlasa bolýar. Sebitdäki habarçymyz pul nagtlaşdyrmagyň polisiýa işgärleriniň bidüzgünçilikleri sebäpli has hem agraldylýandygyny gürrüň berdi.

“Mary şäherinde Senagat bankynyň ýerli şahamçasynda adamlar jokrama yssyda, hiç hili sosial aralygy saklaman, bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmak üçin nobata durlar. Gözegçilik etmek üçin goýlan polisiýa işgärleri, munuň öňüni alman, tersine 30 manada nobatsyz puly nagtlaşdyryp bermegi teklip edýärler. Adamlar muňa dawa etjek bolanlarynda, polisiýa işgärleri paýyş sözleri ulanyp, nägile bolýanlaryň ‘agyz-burnuny döwmek’ bilen haýbat atýarlar” diýip, Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri 2-nji awgustda gürrüň berdi.

Azatlyk ýerli kanun goraýjy edaralaryndan polisiýa işgärleriniň ýokarda beýan edilen hereketleri dogrusynda kommentariýa alyp bilmedi.

Bankomatlaryň öňündäki uly nobatlar ýurduň regionlary bilen birlikde, paýtagt Aşgabatda hem saklanyp galýar.

“Gurban baýramyna hem garamazdan, Aşgabatdaky Türkmen-Türk täjirçilik bankynyň öňünde ýüzden hem aşa adam nobatda dur. 60 töweregi adam bankyň daşky tarapyndaky iki bankomatyň öňünde nobatda duran bolsa, ýene 50-ä golaý adam baglaryň kölegesinde garaşýar” diýip, habarçymyz 2-nji awgustda Aşgabatdaky ýagdaýlary suratlandyrdy.

Bu aralykda, häkimiýetler ýüz maskasyny geýmeýän ýaşaýjylara garşy ulanylýan jerime çärelerini güýçlendirip başladylar.

“Ýüz maskasyny geýmedik adamlary saklap, duran ýerinden polisiýa bölümine alyp gidýärler we 60 manat möçberinde jerime salýarlar” diýip, Azatlygyň Baýramalydaky habarçysy geçen hepde soňy habar berdi.

Onuň sözlerine görä, agyz-burun örtügini geýmezden köçä çykan adamlar polisiýa bölüminde gaýdyp beýle iş etmejekdikleri barada dilhaty ýa-da arza ýazmaly bolýarlar.

Düzgüni bozan pyýada adamlar bolsa, olary polisiýa awtoulagyna mündirip, alyp gidýärler, ýol polisiýasynyň işgärleri ýüz maskasyny geýmedik sürüjileri saklap, golaýdaky polisiýa bölümine alyp gidýärler. Düzgün bozan sürüjiler awtoulaglary üçin hem 50 manat jerime tölemeli.

“Şu günden, awgust aýynyň birinden bazarlaryň ählisi, hatda azyk bazarlary hem ýapylýar” diýip, Mara aýlanyp gören baýramalyly habarçymyz 1-nji awgustda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, salgyt gullugynyň işgärleri hatda azyk dükanlaryny hem ýapýar, döwlet dükanlarynda bolsa, kassalarda satyjy bilen alyjynyň arasynda, banklardaky kassalaryň agzyndaky ýaly, aýnadan diwar oturdyldy.

Mundan başga, gurluşyk materiallaryny satýan dükanlar hem ýapylýar, salgyt işgärleri olara, düzgüni bozsalar, 300 manat möçberinde jerime salýar diýip, Marydan gelen habarda aýdylýar.

Satyjylar öz harytlaryny şäheriň çetine çykaryp, Gökje köçesinde satmaga başladylar, şu gün agşamlyga golaý bu satyjylaryň ählisine 300 manat möçberinde jerime saldylar. Olar bu işi gaýtalasalar, ýagny ýene köçä zat satmaga gelseler, onda harytlarynyň ellerinden alynjakdygyny aýtdylar diýip, habarçy aýtdy. Bu ýagdaý şäheriň köçelerinde görünýän adamlaryň we awtoulaglaryň kesgin azalmagyna alyp geldi.

“Ilat dowla düşmäge başlady, sebäbi hususy dükanlarda ýa kärhanalarda işleýän işgärler wagtlaýyn hem bolsa gazançsyz galýarlar, adamlar bir-birine “indi nädip çagamyzy ekläris?” diýýärler” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Şu aralykda Azatlygyň Balkanabatdaky diňleýjileriniň hem birinden hem hat geldi. “Saglyk işgärlerine wirus ýokuşmasynyň derejesiniň ýokarylygy barada maglumat berilmeýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran diňleýjimiz ýazýar. Onuň tassyklamagyna görä, Balkanabatda geçirilýän lukman ýygnaklary wagtynda bu hili wirus ýokuşmalarynyň diňe Balkan sebitine mahsusdygy aýdylýar.

“Lukmanlara ýüz maskalary we gorag serişdeleri berilmeýär, balkanabatdaky çadyr hassahanasynda eýýäm orun ýok, ýene bir hassahana gurmaga başladylar, saglyk işgärleri ýetenok, derman bolsa gyt” diýip, balkanabatly okyjymyz ýazýar.

Antibiotikli damja usulyndaky bejeriş ýanwarda 60 manat bolanlygyndan 260 manada çenli gymmatlady diýip, howpsuzlyk aladalary üçin anonim galmak islän okyjy aýtdy.

Şeýle-de ol anyklaşdyrmazdan hassahanalarda, öz dermanyň bolmasa, bejergi alyp bolmaýandygyny, Türkmenistana iberilýän ynsanperwerçilik kömekleriniň saglyk işgärlerine satylýandygyny, ygtyýarly adamlaryň olardan pul ýasaýandygyny öňe sürdi.

Balkanabatly çeşme häzirki çynlakaý ýagdaýda-da saglyk barlagyndan geçmek, näsaglan işgärleriň özüni üzňeleşdirmegini üpjün etmek meseleleriniň gyssagly çözülmeýändigini aýdýar.

“Maşgala lukmanlary, eger-de näsagyň gyzgyny ýokary bolmasa, ony rentgene ugratmakdan ýüz öwürýär... Iki hepde bäri keseliň ähli alamaty bolan näsagyň COVID-19 synagyndan geçmek baradaky haýyşy ret edildi, sebäbi lukmana görnen wagtynda gyzgynynyň ýokary bolmandygy aýdyldy. Hatda analiz aldyrmaga hem ugratmaýarlar, hamala bu mugt edilýän ýaly” diýip, Azatlyga gelen maglumatda aýdylýar.

“Bu, kowid ýokuşan adamlar işe barmaly we başgalara hem kesel ýokuşdyrmaly diýilen ýaly bolýar, beýle ýagdaýda, elbetde, ölüm derejesi ýokary bolar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran diňleýjimiz aýdýar.

Şu aralykda Türkiýäniň Türkmenistandaky işçilerini we hünärmenlerini ewakuasiýa etmek üçin çarter uçaryny planlaşdyrýandygy mälim boldy.

Akipress.com neşiri 31-nji iýulda “Gülhan-Dearsan” türk-türkmen kompaniýasynyň öz işçilerini we beýleki türk kompaniýalarynyň hünärmenlerini ewakuasiýa etmek üçin çarter uçaryny gurnaýandygyny habar berdi, emma Türkiýeden geljek uçarda yzlaryna dolanmak zerurlygy çykan türkmen migrantlarynyň gelip biljekdigi ýa däldigi bilinmeýär.

Neşiriň Türkmenistandaky türk diplomatik missiýasyna salgylanyp ýazmagyna görä, "Türk howa ýollarynyň" uçary 7-nji awgust güni agşam Türkmenbaşydan Stambula uçmaly.

Mundan öň, 26-njy iýunda gurnalan çarter uçuşynda 133 türk raýaty, 10-njy iýulda guralan uçuşda bolsa ýene 30 raýat Türkmenistandan çykdy. Bu uçuşy “Bouygues” fransuz gurluşyk kompaniýasy gurady. Emma Türkmenistanyň Türkiýede, Hindistanda we beýleki gurtlarda galan raýatlarynyň haçan ýurda dolanyp biljekdigi belli bolman galýar.

Azatlyk türkmen häkimiýetleriniň pandemiýa döwründe daşary ýurtlarda galan raýatlary üçin uçar mümkinçiliklerini döretmek planlary barada hiç bir maglumat alyp bilmedi.

Şeýle-de, ýurtda hiç bir koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygyny aýdýan türkmen häkimiýetleri Azatlygyň ilat arasyndaky ölüm habarlary, gonamçylyklarda peýda bolan täze mazarlaryň birden aşa köpelmegi barada berýän maglumatlaryny ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG