Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan gitmek isleýän raýatlaryň sany ýyl-ýyldan artýar


Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsul bölüminiň öňündäki nobat, Aşgabat, 21-nji dekabr, 2018.

Azatlygyň ýurt içindäki we Türkiýedäki ynamdar çeşmeleri, ykdysady kynçylyklar, işsizlik sebäpli, Türkmenistandan daşary ýurtlara gitmekçi bolýanlaryň barha köpelýändigini habar berýärler.

"Gitmek hyýalyna münen adamlar türkmen migrantlarynyň daşardaky gazanç mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar, birki ýyl mysapyrlykda işlänlerden maslahat we kömek soraýarlar" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran çeşme aýtdy.

Şeýle-de ol eýýäm daşary ýurtda ençeme ýyl işläp ýören migrantlaryň hem köpüsiniň türkmen häkimiýetlerinden gaty çekinýändigini, mydama işini ýitirmek aladasy bilen ýaşaýanlaryň az däldigini gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň migrantlary, hususan-da Türkiýä işlemäge gidýän adamlary ýoldan saklamak ugrunda görýän çäreleri, yzyna maşgalasyny görmäge gelen raýatlaryň soraga çekilişi, olaryň käbiriniň ýurtdan çykmagyna emeli päsgelçilik döredilişi baradaky agyzdan-agza geçýär diýip, Türkiýede işleýän türkmen migranty Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ol bu maglumatlaryň geljekki migrantlar üçin uly alada döredýändigini hem sözüne goşdy.


Türkiýe, iki ýurduň arasyndaky syýahat ýeňillikleri we dil umumylygy sebäpli, soňky on ýyllykda türkmen migrantlarynyň iň kän giden ýurdy hasaplanýar.

Emma soňky döwürde goňşy ýurtlara, hususan-da Azerbaýjana, ozalky SSSR-iň baş ýurdy bolan Orsýete gidýän türkmen migrantlarynyň köpelýändigi göz ilýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň ýazmagyna görä, türkmen raýatlary soňky döwürde barha kän Azerbaýjana we Orsýete sapara gidýär. Neşir bu maglumaty "Trend" we "Meteožurnal" neşirlerine salgylanyp berýär.

"Trend" habar gullugynyň Azerbaýjanyň döwlet eýeçilgindäki syýahatçylyk gullugynyň maglumatyna salgylanyp ýazmagyna görä, 2019-njy ýylda Türkmenistandan Azerbaýjana syýahat edýän raýatlaryň möçberi 84% köpeldi.



Çap edilen maglumatlara laýyklykda, 2019-njy ýylyň 11 aýynda bu ýurda gelýän türkmenistanlylaryň möçberi 91,9% boldy, ýagny Azerbaýjana gysga wagtda 46 müň türkmen raýaty geldi.

Ozal hem habar berlişi ýaly, 2019-njy ýylda Orsýete giden türkmenistanlylaryň hem sany köpeldi, Türkmenistanyň 54 müň çemesi raýaty rus wizasyny aldy.

Bu, 2018-njy ýyldaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, Türkmenistandan Orsýete geçen ýyl 8 müň adamyň köp gidendigini aňladýar. Mundan başga, 1400 türkmenistanlynyň rus raýatlygyny alandygy hem aýdylýar.


Adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy" guramasynyň "Meteožurnal" neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, 90-njy ýyllar Orsýete Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan iň kän migrantyň gelen döwri bolup, 1993-1999-njy ýyllar aralygynda bu ýurda 110 153 migrant gelipdir.

Bu sanlar Orsýetiň statistiki maglumatlaryna esaslanyp çap edilýär.

Şondan soňky döwürde Türkmenistandan Orsýete gidýän migrantlaryň möçberiniň azalandygy, ýagny 2000-2010-nji ýyllarda 48 324 migrantyň gidendigi aýdylýar.


2010-njy ýylda, gidýänleriň möçberi 1993-2018-nji ýyllar içindäki iň pes derejesine düşüp, bary-ýogy 2 283 adam Türkmenistany Orsýete çalşypdyr.

2011-nji ýylda Türkmenistandan Orsýete gidýänleriň möçberi ýene köpelip başlaýar we 2011-2018 -nji ýyllar aralygynda Türkmenistandan Orsýete 55 014 migrant gelýär.

"Meteožurnal" neşiriniň Federal Howpsuzlyk býurosyna salgylanyp ýazmagyna görä, 2010-2018-nji ýyllar aralygynda Orsýete dürli görnüşdäki wizalar bilen Türkmenistanyň 461 608 raýaty geldi.

Türkmenistan ýurtda işsizligiň derejesi, migrasiýa bilen bagly anyk maglumatlary çap etmeýär, Azatlygyň ýurduň Migrasiýa gullugyndan maglumat almak ugrunda eden synanyşyklary häzire çenli netije bermeýär.

Makalada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň maglumatlary ulanyldy.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG