Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda köpden bäri garaşylan Latyn Amerikasynyň aýdym-saz konserti geçirildi


“Klassika dünýäsine syýahat! Latyn Amerikasy” atly konsert Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetirildi. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 23-nji apreli

23-nji we 24-nji aprelde Aşgabatda köpden bäri garaşylan "Klassika dünýäsine syýahat! Latyn Amerikasy" atly konsert geçirildi. Aýdym-saz çäresi öň iki gezek ýatyrylypdy. Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetiren konsertlerine Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy hem tomaşa etdi.

Koronawirus bilen bagly karantin sebäpli iki gezek, ýagny 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda we şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda ýatyrylan konsert ahyrsoňy 23-24-nji aprelde Aşgabatda Mukamlar köşgüniň ajaýyp zalynda geçirildi.

“Klassika dünýäsine syýahat! Latyn Amerikasy” atly konsert Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetirildi. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 23-nji apreli
“Klassika dünýäsine syýahat! Latyn Amerikasy” atly konsert Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetirildi. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 23-nji apreli

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň dirižeri Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda alyp baran konsertleri klasiki saz muşdaklaryna baýramçylyk sowgady boldy.

"Klassika dünýäsine syýahat! Latyn Amerikasy" atly konsertiň programmasyny Amerikanyň meşhur kompozitory Jorj Gerşwiniň "Kubin uwertýurasy" açdy. Soňra 20-nji asyryň birinji ýarymynyň meksikaly kompozitory Hose Pablo Monkaýonyň “Huapango” eseri geldi. Göni manyda "agajyň depesi" diýlip terjime edilýän bu saz žanry, agaç gurallary kakmak bilen Meksikanyň milli tanslarynyň aýdym-sazlary bilen bile ýerine ýetirilýär.

Konsertleriň solistleri bolup, köpçüligiň halaýan aýdymçylary Nury Nuryýew we Maýsa Nyýazowa çykyş etdiler.

Nury Nuryýew Reweriano Soutullonyň "Quiero desterrar", Pablo Sorsabalyň "Puede no ser" we Agustino Laryň "Granada" atly meşhur aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Gyzykly bir fakt, "Granada" eseri 1965-nji ýylda Meksikanyň kompozitoryna Ispaniýanyň raýatlygyny beren Ispaniýanyň diktatory Fransisko Frankonyň iň halaýan aýdymydy.

“Klassika dünýäsine syýahat! Latyn Amerikasy” atly konsert Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetirildi. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 23-nji apreli
“Klassika dünýäsine syýahat! Latyn Amerikasy” atly konsert Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetirildi. Aşgabat, 2022-nji ýylyň 23-nji apreli

Maýsa Nuryýewa ispan kompozitory Jose Mariýa Kanonyň "Hijo de la luna" ("Aýyň ogly") atly eseri pop-rok topary "Mekanonyň" iň meşhur aýdymy-baladasyny ýerine ýetirdi. Sigan zenanyň tragiki söýgüsi hakynda beýan edýän bu eserde onuň başga tireden bolan sigana bolan söýgüsi üçin onuň bilen bile bolmagyny sorap, özüniň ilkinji çagasyny aýa bagyş etmegi söz berýär. Doglan gök gözli akja çagany gören gabanjaň adamsy aýalyny öldürýär we çagany depä, aýa ýakyn bir ýere eltýär.

Maýsa Nyýazowa, şeýle hem, panamaly kompozitor Karlos Almaranyň Kubanyň ballero stilindäki "Historia de un amor" eserini we Argentinanyň meşhur kompozitory Astor Piazzollanyň “Yo soya Mariýa” eserini ýerine ýetirdi.

Orkestr häzirki zaman meksikaly orkestr sazynyň kompozitory Artur Markesiň "Conda del Fuego Nuevo" aýdymyny ýerine ýetirdi. Bu eserde Meksikanyň halk sazlary giň ulanylýar. Konsertleriň iň soňky jemleýji pursadynda Artur Markesiň "Danson" Kubanyň jübüt tansy jerine ýetirildi. Bu tomaşaçylar tarapyndan şowhunly kabul edildi.

Sazandalar bäş sany gyzyl reňkli tutynyň fonundaky sahnada gara kostýumly boldular, zenanlaryň köýnekleri gyzyl gül bilen bezeldi. Ajaýyp aýdymçy Maýsa Nyýazowa owadan gyrmyzy köýnekli çykyş etdi.

Maýsa Nyýazowa
Maýsa Nyýazowa

Rasul Gylyjowyň ýaşlar kamera orkestri we aýdymçy Maýsa Nyýazowa bilen indiki aýdym-saz duşuşyklary 13-nji we 14-nji maýda bolar, şol günler "Tango" konsertlerine garaşylýar.

"Klassika dünýäsine syýahat! Latyn Amerikasy" konsertleri Aşgabatda Türkmen milli konserwatoriýasynyň binasynda bir hepde mundan öň geçirilen aýdym-saz konsertleriniň yzýanyna gabat geldi. Şonda paýtagtyň aýdym-saz söýüjileri birbada birnäçe medeni çärä gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 15-nji we 16-njy aprelde Türkmen milli konserwatoriýasynyň binasynda geçirilen şol konsertler barada habar berdi.

Türkmenistan ýanwarda girizen karantin çäklendirmelerini indi ýuwaş-ýuwaşdan ýeňilleşdirýär. Pandemiýa başlaly bäri, Türkmenistan üç gezek doly karantin girizipdi, ýanwardan öň 2020-nji ýylyň iýulyndan 2021-nji ýylyň martyna çenli, şeýle hem 2021-nji ýylyň awgustyndan 2021-nji ýylyň dekabry aralygynda ýurtda söwda, hyzmat we güýmenje desgalary uzak wagtlap ýapyk durdy. Ilatyň ýurt içinde erkin hereket etmegi gadagan edildi. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ýolbaşçylary koronawirusyň ýurtda hasaba alynmandygyny henze çenli öňe sürýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG