Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda işe ýerleşmekdäki paranyň möçberi "onlarça müň dollara çenli ýetýär"


Illýustrasiýa suraty.

"Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary boş iş ýerleri, şol sanda işe alnan we işden çykarylan işgärleriň sany barada özlerine gözegçilik edýän döwlet edaralaryna her aý hasabat berýärler. Gynansakda, bu boş iş ýerleri ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliklerinde ýyllarboýy nobatda duran işsiz adamlara berilmeýär. Edaranyň ýolbaşçylary iş orunlaryny satýarlar. Raýatlar, şol sanda tejribeli hünärmenler islendik işe ýerleşmek üçin müňlerçe dollar möçberinde para bermeli bolýarlar" diýip, ýurduň döwlet edaralarynyň birinde işleýän ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda korrupsiýa sebäpli işe ýerleşip bilmedik raýatlaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolup, soňky aýlarda ýurduň käbir pudaklaryna işe ýerleşmek isleýän hünärmenlerden talap edilýän paranyň möçberlerini anyklamagy başardylar.

"Türkmenistanda işe ýerleşmek üçin öňünden para bermeli. Bu düzgün diňe döwlet edara-kärhanalaryna däl, eýse hususy firmalara hem degişli. Hususy firma işe ýerleşen raýat birinji aýlygyny özüni işe ýerleşdiren adama bermeli bolýar. Döwlet edaralaryna işe girmek isleýän raýatlar has uly möçberde para bermeli bolýarlar" diýip, çeşmämiz belleýär.

Efirde adynyň Azat diýlip tutulmagyny soran bir raýat özüniň Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleriniň birinde indi ençeme ýyl bäri nobatda durandygyny aýdyp, şeýle diýdi: "Menden mekdebe, çagalar bagyna ýa-da häkimlige arassaçylyk işgäri bolup işe ýerleşmek üçin $1000-$1500 aralygynda para soraýarlar".

Nebit-gaz ugry boýunça hünärmenleriň biri bu pudaga işe ýerleşmek üçin soralýan paranyň möçberiniň has-da ýokarydygyny, onuň $4000-$5000 aralygynda üýtgeýändigini aýdýar.

"Kanun goraýjy edaralara işe ýerleşmek isleýän raýatlardan soralýan paranyň möçberi, eýelejek wezipesine görä, $5000-den $50000-e çenli ýetip bilýär. Döwlet dükanlarynda uly möçberde puluň dolanşygy bolýandygy sebäpli, bu dükanlaryň başlygy wezipesine işe ýerleşmek isleýänlerden alynýan paranyň möçberi $10000-$20000 aralygynda bolýar" diýip, çeşmämiz aýdýar.

Ýagdaýdan habarly bilim işgärleriniň birnäçesiniň sözlerine görä, mugallymlar işe girende sapaklarynyň köp bolmagy üçin $1500-$2000 aralygynda para berýärler.

"Köp sapak okadýan mugallymlaryň aýlyklary has ýokary bolýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran mugallym aýtdy.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar we çeşmelerimiz paranyň dollarda ýa-da dollaryň gara bazar nyrhy boýunça manatda talap edilýändigini hem aýtdylar.

"Eger parany dollarda berip bilmeseň, onda şol serişdäni gara bazaryň şol günki nyrhy boýunça manatda bermeli. Para sebäpli köp adam işe ýerleşip bilmeýär. Sebäbi olaryň parany bermäge puly ýok. Olaryň gündelik iýjek çöregi gaýgy" diýip, mugallym belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Bilim we Nebitgaz ministrliklerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda korrupsiýanyň tas ähli pudaklarda giňden ýaýrandygy, raýatlaryň - tam süpüriji bolmakdan başlap tä ýokary wezipelere çenli - islendik işe ýerleşmek üçin para bermäge mejbur bolýandygy barada Azatlygyň habarçylary, türkmenistanlylar we garaşsyz neşirler yzygiderli habar berip gelýärler.

Ýatlatsak, aprel aýynda Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçylary bilen söhbetdeş bolan saglyk işgärleriniň ençemesi, Türkmenbaşy şäherinde täze açylan hassahana işe ýerleşmek üçin, edaranyň ýolbaşçylarynyň müňlerçe dollar möçberinde para soraýandyklaryny gürrüň berdiler.

Azatlygyň bu habaryndan soň, ol ýere Aşgabatdan ýörite derňew toparynyň iberilendigi we birnäçe jogapkär adamyň, şol sanda hassahananyň baş lukmany Tahyr Annataganowyň tussag edilendigi barada habar ýaýrady.

Bu aralykda, 6-njy iýunda "Turkmen.news" neşiri Annataganowyň boşadylandygyny habar berdi. "Keselhananyň baş lukmany Tahyr Annataganow heniz öýünde bolup, ol girew esasynda boşadyldy" diýip, garaşsyz neşir belleýär.

Azatlyga bu maglumaty öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine häzirlikçe tassyklatmak ýa inkär etdirmek başartmady. Redaksiýa bu aýdylanlar barada agzalýan hassahana bilen habarlaşyp, kommentariýa hem alyp bilmedi.

“Transparency International” guramasynyň 2021-nji ýyldaky korrupsiýa garaýyş indeksinde Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 169-njy orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG