Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: G.Berdimuhamedowyň garaşylan sapary amala aşmady


Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty
Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mara etmegine garaşylan sapary bilen baglylykda, 9-njy iýunda Mary we Baýramaly şäherlerinde irdenden agşama çenli, 24 sagatlap arassaçylyk işleri geçirildi. Ýöne bu giň gerimli taýynlyklara garamazdan, G.Berdimuhamedowyň 10-njy iýunda etmegine garaşylan sapary amala aşmady. Mary şäher häkimliginiň işgärleri munuň sebäplerini sapara "ýeterlik taýýarlyk görülmändigi" düşündirýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu barada sebitden maglumat berýän habarçysynyň sözlerine görä, G.Berdimuhamedowyň 10-njy iýunda Mara gelmegine garaşylýardy. Munuň bilen bagly, jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri irdenden agşama çenli, gijesi bilen köçelerde arassaçylyk işlerini geçirdiler.

"Köçeler süpürilip, ýuwuldy. Köçeleriň ýol belgileri, käbir jaýlaryň üçekleri, derwezeleri we haýatlary reňklendi. Köçeleriň ugrundaky meýdanlarda haşal otlar arassalandy. Uçar menziliniň gapdalyndaky kärende ýerlerinde ýekeje haşal ot galmady. Işgärler 24 sagatlap, gezekleşip diýen ýaly arassaçylyk işlerini geçirdiler" diýip, Mary şäher häkimliginiň bir işgäri anonimlik şertinde 12-nji iýunda gürrüň berdi.

Emma bu berk taýýarlyklara garamazdan, öňki prezidentiň garaşylan sapary amala aşmady. Häkimligiň birnäçe işgäriniň anonimlik şertinde beren maglumatyna görä, saparyň amala aşmazlygynyň sebäpleri "oňa görülen taýynlyklaryň ýeterlik bolmandygy" bilen baglanyşykly. Olaryň sözlerine görä, sapar "giň gerimli taýýarlyklar doly berjaý edilýänçä, nämälim möhlete yza süýşürildi".

"Taýynlyklaryň çäginde, häzirki wagtda uçar menziliniň golaýynda ýerleşýän zeý kanaly hem arassalanyp, gazylýar. Zeý kanalyň gyralary tekizlenýär" diýip, häkimligiň işgäri soňky taýýarlyklar barada maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, sapara taýýarlyklary tamamlamagyň çäginde, gowaça gögermedik ekin meýdanlaryna beýleki kärende ýerlerinden goparylyp getirilen gowaçalar oturdylýar. Bu ekin meýdanlary öňki prezidentiň uçarynyň gonjak ýeriniň golaýynda, Marynyň uçar menziliniň töwereginde ýerleşýär.

"Bu gowaçalar beýleki kärende ýerlerinde oňat gögerip oturan gowaça meýdanlaryndan goparylýar" diýip, häkimligiň işgäri belledi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan pagtaçy kärendeçileriň birnäçesi häkimiýetleriň bu çäresini "bir adamyň göwnünden turmak üçin pagta hasylyna bilkastlaýyn zarba urmak" diýip häsiýetlendirýär.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Öňki prezidentiň saparynyň anyk senesi we onuň gün tertibi belli däl. Bu barada resmi maglumat ýok. Türkmen häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri ýurt resmileriniň welaýatlara etjek saparlary barada öňünden hiç hili habar bermeýärler. Şol sebäpli ýurt resmileriniň sebitlere planlaşdyrýan saparlarynyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Ýöne häkimligiň we döwlet edara-kärhanalarynyň birnäçe işgäriniň aýtmagyna görä, G.Berdimuhamedowyň iýun aýynyň ikinji ýarymynda Mara sapar etmegine garaşylýar.

Bu aralykda, habarçymyz saparyň yza süýşürilmegine köp adamyň begendigini hem habar berdi. "Köçeleriň köpçülikleýin ýapylmagy we býujet işgärleriniň jokrama yssyda çärä çykarylmagy ýaly wakalar häzirlikçe ýatyryldy" diýip, býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Şol bir wagtda, jemagat hojalygyna degişli edaralaryň ençeme işgäri bolsa, arassaçylyk işleriniň sapar amala aşýança dowam etjekdigini belläp, öňki prezidentiň tizden-tiz Mara gelip gitmegini arzuw edýändiklerini aýdýar.

"Yssy diýmän, gündiz jokramada, hatda gijesi bilen işlemeli bolýarys. Maşgalamyza zar bolýarys. Onuň geljek güni ýakynladykça, işlemeli sagadymyz artýar. Gijelerine ýörite nobatçy goýlan awtobuslarda dynç almaga rugsat berýärler, ýöne köp erkek adamlary öýlerine goýbermän işledýärler" diýip, jemagat hojalygyna degişli edaranyň bir işgäri belledi.

Türkmenistanyň welaýatlarynda şeýle taýýarlyklar adatça döwlet baştutanynyň sebitlere etjek saparlarynyň öňüsyrasynda bolýar. Ýöne soňky aýlarda ýurtda şeýle taýynlyklar döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň kakasy Gurbangulynyň sebitlere saparlarynyň öňüsyrasynda hem bolup geçýär.

G.Berdimuhamedow 9-njy iýunda Lebap we 31-nji maýda Daşoguz welaýatlaryna bardy. Sebit häkimiýetleri bu saparlara berk taýynlyk görüp, giň gerimli arassaçylyk işlerini geçirdiler.

Lebapdaky habarçylarymyz onuň welaýat hassahanasyna, Çärjew etrabyndaky "Ak" bazara baryp görendigini, bu ýerde "emeli arzan azyk bolçulygynyň döredilendigini" habar berdiler.

"Bazarda iki günläp taýynlyk işleri geçirildi. Oňa gök-bakja önümleriniň dürli görnüşi getirildi. Türkmenabat-Mary ýoly doly petiklendi. Içi mugallymlardan doly dört sany awtobus bazara eltildi. Olar bazarda söwda edýän ýaly bolup, alyjy roluny ýerine ýetirdiler. Öňünden gurnalan bu sahna "Watan" habarlary gepleşiginde görkezildi" diýip, ýagdaýdan habarly lebaply çeşmämiz 10-njy iýunda gürrüň berdi.

Mundan başga-da, Amyderýa köprüsine barýan ýollaryň çatryklary doly petiklendi. 9-njy iýunda köp adama barmaly ýerine, şol sanda işe baryp bilmedi. 8-9-njy iýunda Türkmenabadyň ýaşaýjylaryna köne ulaglary, uly ýük awtoulaglaryny we reňki ak bolmadyk ulaglary sürmek gadagan edildi.

Resmi metbugat döwlet ýolbaşçylarynyň we resmileriniň sebitlere edýän saparlarynyň ilata ýetirýän täsirleri barada hiç hili habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG