Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çalşylýan ýurtlar. Türkiýe we Hytaý Russiýanyň Ukraina garşy urşa girmeginden peýdalanyp, Merkezi Aziýada güýçlenýär


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi garşy alýar. 2022-nji ýylyň maýy. Ankara we Nur-Sultan bu sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze döwri diýip atlandyrdy.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi garşy alýar. 2022-nji ýylyň maýy. Ankara we Nur-Sultan bu sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze döwri diýip atlandyrdy.

Pekin we Ankara soňky aýlarda Merkezi Aziýada öz gatnaşygyny giňeldýärler. Sebitiň ýurtlary ykdysadyýetini güýçlendirmek we Kremliň barha artýan erjelligini deňagramlaşdyrmak üçin, täze hyzmatdaşlary gözleýän wagtynda, bu hereketleri oňlaýarlar.

Russiýanyň Ukraina harby hüjüm etmeginden soň, Merkezi Aziýanyň hökümetleri Moskwa garaşlylygyny azaltmak hem-de Günbatar tarapyndan Kremliň agressiýasyna garşy girizilen sanksiýalaryň ykdysady täsirini ýeňip geçmek isleýärler.

Öňräkden bäri Merkezi Aziýa bilen arabaglanyşygy bolan iki güýçli ýurt – Hytaý we Türkiýe häzirki emele gelen ýagdaý bilen baglanyşykly sebitdäki liderleriň dünýä güýçleri bilen gatnaşyklardaky deňagramlylygyna ýaňadan seredýärler hem täze mümkinçilikler açýarlar.

Golaýda Türkiýe Merkezi Aziýadaky gatnaşygyny giňeldip, söwda we goranyş şertnamalaryna gol çekdi hem-de ýarag söwdasyny ýokarlandyrdy. Prezident Rejep Taýýyp Erdogan Gazagystanyň we Özbegistanyň liderleri bilen ýokary derejeli duşuşyk geçirdi.

Şol wagtyň özünde, Hytaý hem onlarça ýyl mundan ozal yglan eden ugruny dowam etdirýär. Pekin sebitde öz howpsuzlyk bähbitlerini yzarlaýar. Şeýle-de, energiýa çeşmelerine we beýleki çig mallara elýeterliligi üpjün etmäge çalyşýar. Hytaý diplomatik işjeňligini güýçlendirip, öz maksat tutan ugurlaryny hasam berkidýär.

Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I geçen hepde Gazagystana bardy hem-de Nur-Sultanda Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy. Hytaý diplomaty "Ukrainadaky krizisiň çynlakaý täsirleri barada çuňňur alada bildirdi" hem-de Merkezi Aziýa hökümetlerini sebitdäki öz ykdysady bähbitlerini nazarda tutup, geosyýasy konfliktlerden daşda durmaga çagyrdy.

“Türkiýäniň we Hytaýyň Merkezi Aziýada [uruş başlanaly bäri] işjeňligi görnetin artdy. Iki ýurt hem sebitdäki gatnaşygyny giňeltmek üçin mümkinçilikleri görýär" diýip, Waşingtondaky Milli Goranmak Uniwersitetiniň barlagçysy Erika Marat Azatlyk Radiosyna mälim etdi. Ýakyn gatnaşyklara gyzyklanma iki tarapdan hem bar diýip, ol sözüne goşdy.

Kreml şindizem öňküleri ýaly, Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylaryna güýçli täsir edýär, sebitdäki hökümetler Russiýany tankytlamak meselesine ätiýaçly çemeleşýärler. Ýöne şol wagtyň özünde, Moskwadan daşlaşýarlar we alternatiw hyzmatdaşlary gözleýärler. Şeýle hem olar ykdysady ýagdaýyň peselmegini göz öňünde tutmak bilen syýasy täzelenişi başdan geçirýärler.

Mart aýynda awtoritar lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti wezipesine girişdi.

5-nji iýunda Gazagystan Konstitusiýany üýtgetmek boýunça referendum geçirdi. Täze düzedişlere görä, prezidentiň ygtyýarlyklary çäklendirilýär we öňki döwlet baştutany Nursoltan Nazarbaýewi galan täsirinden mahrum edýär.

Gazagystan Konstitusiýasyna düzedişler ýanwar aýynda bolup geçen wakalardan we ýurduň häzirki prezidenti Tokaýew bilen öňki prezident N. Nazarbaýewiň arasyndaky syýasy göreşden soň kabul edildi.

Tokaýew bu üýtgeşmeleriň garyndaşparazlyga garşy gönükdirilendigini aýdýar; indi prezidentiň garyndaşlaryna döwlet wezipesini eýelemek gadagan ediler. Muňa garamazdan, tankytçylar täzelenen Konstitusiýanyň Gazagystanyň awtoritar ulgamynyň tebigatyny üýtgetmejekdigini aýdýarlar.

“Russiýanyň ýyllar boýy Merkezi Aziýada öňe süren ähli başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge mümkinçiligi ýok. Şol sebäpden [Moskwa] başga meselelere baş goşmaly bolanda, beýleki ýurtlar bu pursatdan peýdalanmaga synanyşýarlar. Ýöne Merkezi Aziýa üçin, içerki meseleler möhüm bolup durýar. Olar urşuň getirip biljek islendik täsirini çäklendirmek we ondan saklanmak isleýärler" diýip, Glazgo Uniwersitetiniň professory Luka Ançeski düşündiriş berýär.

HYTAÝYŇ IŞJEŇLIGI

Wan I sebitdäki döwletleri geosyýasy gapma-garşylyklara goşulmazlyga çagyryp, bu meseläni ABŞ-nyň nazarda tutýandygyny duýdurdy. ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Donald Lu maý aýynyň ahyrynda, Tokaýew bilen duşuşypdy. Şondan soň Wan I hem Tokaýew bilen duşuşyk geçirdi.

“Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşarky gatyşmalara berk garşy durjakdygyna ynam bildirýär. Olaryň utgaşdyryjy gatnaşyklary güýçlendirjekdigine, hyzmatdaşlygy ak ýürekden dowam etdirjekdigine hem-de sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy saklajakdygyna umyt baglaýar. Hytaý Merkezi Aziýada hiç haçan geosyýasy bähbitleri yzarlamady, indem daşarky güýçleriň sebitde bidüzgünçiliklere sebäp bolmagyna ýol bermez" diýip, Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I Tokaýew bilen duşuşygy mahalynda aýtdy.

Wan I Ukrainadaky söweşden öň Waşingtonyň Hytaýy tankytlamagy nyşana alandygyny göz öňünde tutup ýaňzytdy. Merkezi Aziýada ýüze çykýan islendik ykdysady kynçylyklaryň hemmesinde ABŞ-nyň we Günbataryň Hytaýy günäkärlemegi barada ýiti garaýşyny mälim etdi.

Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I (çepden üçünji) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen. Nur-Sultan, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuny.
Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I (çepden üçünji) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen. Nur-Sultan, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuny.

Tokaýew bilen Wan I-niň duşuşygy barada hasabat beren Gazagystan tarapy Hytaýyň Daşary işler ministriniň geosyýasat barada nähilidir bir aýdan sözlerini agzamady. Akorda metbugat üçin beren beýanatynda, gepleşikleriň esasy ugrunyň Tokaýewiň göz öňünde tutýan syýasy maksatlaryny Hytaýyň prezidenti Si Szinpiniň goldaýandygy baradaky meselä gönükdirilendigini aýtdy. Şeýle hem hytaý lideriniň şu ýylyň güýzünde Gazagystana sapar etjekdigi hem mälim edilipdir.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäş sany daşary işler ministriniň gatnaşmagynda geçirilen sammit esasan hyzmatdaşlyk we söwda gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak baradaky, kada öwrülen sözler bilen tamamlandy. Sebitiň hökümetleri gepleşiklerde has gowy transport aragatnaşygynyň ýola goýulmagyna çagyryş etdiler, şol sanda Hytaýy Gyrgyzystanyň üstünden Özbegistan bilen baglanyşdyrýan demirýol taslamasy barada, öňden gürrüňi edilip gelinýän meseläni maslahatlaşdylar.

Soňky ýyllarda bu sebite Hytaýyň gatnaşygynyň artýandygy we çaltlaşmagyny dowam etdirýändigi belli bolsa-da, synçylar Pekiniň Merkezi Aziýa bilen ýakyn arabaglanyşygy we Hytaýyň sebitiň ykdysadyýeti üçin, hereketlendiriji güýje öwrülip biljekdigi barada, henizem dürli soraglary orta atýarlar.

“Urşuň Pekiniň bu sebite bolan garaýşyny üýtgedendigini ýa-da ýokdugyny men bilemok. Şeýle hem Hytaýyň Merkezi Aziýada häzirki ýagdaýdan has giň çäkde ornaşmak isleýändigine ynanyp baramok" diýip, Ançeski teswir berýär.

ANKARANYŇ TÄSIRI

Sebitdäki güýçler arasynda üýtgeşmeleriň barýan wagtynda we Russiýanyň maliýe ýagdaýynyň üýtgeýän pursadynda, Türkiýe hem Merkezi Aziýada gatnaşyklaryny has işjeňleşdirýär.

Mart aýynda Erdogan Özbegistana iki günlük sapar edip, 10 şertnama gol çekdi. Taraplar söwdanyň ýyllyk mukdaryny 10 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar. Şolar ýaly sanlar Tokaýewiň 10-njy maýda Türkiýä döwlet sapary wagtynda hem yglan edilip, Ankara bilen Nur-Sultanyň "gatnaşyklaryň täze eýýamyny alamatlandyrýandygyny" aýdyldy.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (çepde) Daşkende sapar bilen gelen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogany garşylaýar. 2022-nji ýylyň 29-njy marty.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (çepde) Daşkende sapar bilen gelen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogany garşylaýar. 2022-nji ýylyň 29-njy marty.

“Ruslaryň Ukraina çozup girmegi Türkiýäniň Merkezi Aziýa bilen gatnaşygy üçin ýene bir itergi berdi” diýip, Tbilisidäki Ýewropa Uniwersitetiniň Geozase pikir merkeziniň Ýakyn Gündogary öwreniş bölüminiň müdiri Emil Awdaliani Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Türkiýäniň Merkezi Aziýada köpden bäri täsiri bar, şeýle-de bolsa, 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargansoň, Türkiýäniň sebit bilen gatnaşyklary deň derejede ösmedi, indi bolsa Ankara täsiriň ep-esli ýokarlanmagyny gazanmak üçin köp tagalla edýär.

Türkiýäniň abraýy 2020-nji ýyldaky Daglyk-Garabag konfliktinde, Azerbaýjana aýgytly artykmaçlyk beren pilotsyz uçarlary bilen güýçlendi. Indi ol uçar Ukrainanyň goşunlary tarapyndan üstünlikli ulanylýar.

Türkmenistan köpden bäri türk ýaraglary bilen ýaraglanýar, şol sanda “Baýraktar TB2” pilotsyz uçarlary bar, 2021-nji ýylda Gyrgyzystan Täjigistan bilen serhet çaknyşygyndan soň, Türkiýeden ýarag satyn aldy.

Her nähili-de bolsa, Merkezi Aziýa bilen Türkiýäniň birek-birege hödürleýän iň uly mümkinçiligi – ol söwda gatnaşyklarydyr.

Awdaliani Ankaranyň Russiýa, Hytaýa ýa-da ABŞ garanda, ykdysady mümkinçilikleri we çeşmeleri taýdan pes bolmagyna garamazdan, häzirki wagtda sebitde Türkiýäniň has işjeň rolunyň goldanylýandygyny aýdýar. Russiýanyň Ukraina çozup girmegi bilen dörän boşlugyň bir bölegini doldurmaga Ankarada ähli mümkinçilik bar diýip, bilermen hasap edýär.

Hususan-da, Türkiýe günbatar Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa haryt daşamagy maksat edinýän “Bir guşaklyk – bir ýol” başlangyjyna we Russiýa garanda, amatly alternatiwa hökmünde özüni görkezmek isleýär.

Russiýa garşy girizilen sanksiýalar bu ýoly kesýän wagrynda, Türkiýe Russiýadan sowa geçmegiň amatly usuly bolup biler.

"Merkezi Aziýa döwletleri, hususan-da Gazagystan, Ýewraziýadaky baglanyşyk görnüşleriniň üýtgemegi sebäpli, Türkiýe bilen has işjeň gatnaşyklary isleýär" diýip, Awdaliani belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG