Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Içinden näme geýdiňiz?' Türkmenistanda aýal-gyzlara gözegçilik içki geýime baryp ýetdi


Türkmen halysynyň baýramyna gatnaşýan milli eşikli aýallar

Türkmenistanyň käbir döwlet edaralarynda zenan işgärlere göwsüni uly görkezýän içgi geýimleri geýmek gadagan edildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, şeýle gadagançylyga Türkmenbaşy şäherindäki birnäçe edaranyň işgärleri duçar boldular.

Şäher medeni öýi, ýerli bilim bölümleri we Türkmenbaşy şäherindäki aýallar geňeşi işgärlerine dar köýnekli işe gelmäge, şeýle hem göwsüni uly görkezýän içgi geýimleri ulanmagy gadagan edipdir. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu edaralaryň işgärlerine salgylanyp, 15-nji iýunda habar berdiler.

Azatlyk bilen anonim gürleşen zenanlaryň biriniň aýtmagyna görä, içgi geýime girizilen gadaganlykdan başga-da aýal-gyzlara dar köýnek geýmezlik barada hem ýene bir gezek ýatladylypdyr. Dar köýneklere gadaganlyk, nagyşly türkmen balagyny geýmek, şeýle hem durmuşa çykan aýallaryň başyna ýaglyk atynmak talaby bilen birlikde aprel aýynyň birinji ýarymyndan bäri dowam edýär.

Habarçylar şeýle hem Hazar deňziniň kenarynda - Türkmenbaşyda we Awazada tomus dynç alyş möwsüminiň dowamynda ýarymýalaňaç wideo düşmegiň gadagan edilýändigini habar berdiler.

"Türkmenbaşyda TikTok üçin suwa düşülýän geýimde bikinide wideo düşýän aýal-gyzlara administratiw jogapkärçilik hakynda duýduryş berilýär, olara pornografiki maglumatlary gadagan edýän kanuna laýyklykda 1 ýyldan 3 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek ýaly jenaýat jogapkärçilige çekilip bilinjekdigi hakynda hem duýdurylýar" -diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berýär.

Bu aralykda, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri Türkmenistanda aýal-gyzlar üçin kosmetika satýan dükanlaryň barlanyp başlandygyny habar berdi.

Neşir alyjylaryň “saglygyna we daşky görnüşine zyýan berip biljek" diýlip hasaplanan harytlaryň tekjelerden aýrylmagynyň talap edilýändigini belleýär we adatça şol harytlaryň hataryna dyrnak üçin reňkleriň, dodak üçin pomadanyň, kirpik boýagynyň girýändigini habar berýär. Şol bir wagtyň özünde arassaçylyk önümleriniň, ýagny saç üçin şampun, ýuwunmak üçin gel we krem ýaly önümleriň satylmagyna rugsat berilýär diýip "Türkmenistanyň Hronikasy" habar berýär.

Garaşsyz neşiriň maglumatynda aýdylyşyna görä, satyjylarda we alyjylarda inspektorlaryň anyk görkezmeleriniň ýokdugy we olaryň nämäni satyp, nämäni satyp bolmajagyny çak bilen kesgitleýändigi barada pikir döräpdir.

Aprel aýynyň başyndan bäri Türkmenistanda aýallar häkimiýetleriň görlüp-eşidilmedik basyşyna sezewar boldular. Häkimiýetler aýal maşgalalaryň daşky görnüşine we özüni alyp barşyna gözegçilik edýär. Iki aýdan gowrak wagt bäri aýal-gyzlar kosmetika serişdelerini ulanmak, saçlaryny boýamak, manikýur etmek, dar eşik geýmek ýaly zatlardan mahrum edilýär, saklanýar, barlanýar we jerimä sezewar bolýar.

Edaralarda we kärhanalarda zenan işgärler özlerine serenjam bermek üçin ulanylýan şol zatlardan ýüz öwürýändigi hakanda dilhaty bermäge mejbur bolýarlar. Azatlygyň habarçylary howa we demirýol edaralarynda dodagyny çişiren we göwsüni ulandan zenan işgärleriň işden çykarylandygyny habar beripdi.

Mundan başga-da, aýallaryň awtoulagyň öňdäki ýolagçy oturgyjynda oturmagy ýa-da erkek adam bilen elleşip kösede ýöremegi polisiýa tarapyndan aklanmak we jerimä sezewar bolmak üçin ýeterlikdir.

Maý aýynda Azatlygyň çeşmeleri türkmen hökümetiniň aýal-gyzlaryň ýurtdan çykmagyny düýbünden gadagan etmegi göz öňünde tutýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti gadagançylyklary resmi taýdan yglan etmedi we sebäpleri barada düşündiriş bermedi. Türkmenistanyň konstitusiýasy we ýurt tarapyndan gol çekilen halkara konwensiýalar aýallaryň hukuklaryny kepillendirýär.

Türkmen aýal-gyzlaryna garşy eden-etdilik, Türkmenistanyň BMG-niň Aýal-gyzlar geňeşiniň üç ýyllyk agzalygynyň birinji ýylyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG