Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan aýal-gyzlary yzarlaýar we jyns taýdan deňligi ara alyp maslahatlaşýar


Studentler baýramçylyk çäresine gatnaşýar. Aşgabat, 2013 (arhiw suraty)
Studentler baýramçylyk çäresine gatnaşýar. Aşgabat, 2013 (arhiw suraty)

Türkmenistanda häzir aýallara häkimiýetler tarapyndan edilýän görlüp-eşidilmedik basyşlaryň we olaryň şahsy durmuşyna goşulyşmagyň fonunda türkmen jemgyýetçilik guramalary ýurtda jyns taýdan deňligi ösdürmek meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Türkmenistanda aýal-gyzlary kemsitmegiň ähli görnüşlerini ýok etmek meýilnamasynyň işlenip düzülmegini ara alyp maslahatlaşanlar hökümetiň howandarlygyndaky guramalar.

Ýurduň ýarym resmi onlaýn neşirlerine görä, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň 30-a golaýynyň wekilleri jyns taýdan deňligi öňe sürmek we aýal-gyzlara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça bilelikdäki hereket planyny tegelek stoluň başynda maslahat edipdir.

Ashgabat.in neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji maýda bolan bu çäre "Keyik Okara" jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Gullugynyň (USAID) Dolandyryş goldaw maksatnamasynyň (GSP) goldawy bilen geçirilipdir.

"Keyik Okara" -dan başga-da, gatnaşyjylaryň sanawyna "Professional buhgalter" we "Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi" ýaly guramalaryň wekilleri giripdir. Ashgabat.in neşiriniň habar berşi ýaly, her bir gurama jyns taýdan deňligi ösdürmäge goşan öz goşantlary barada gürläpdir, ýöne olaryň bu maksada ýetmek üçin haýsy takyk çäreleri görendikleri habarda görkezilmedi.

Türkmenportal neşiri, tegelek stoluň gatnaşyjylarynyň "bilelikdäki plany durmuşa geçirmek" kararyna gelendiklerini we "jyns deňligini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalaryny kararlary kabul etmek arkaly birleşdirmäge" razy bolandyklaryny habar berdi.

Bu ýarym resmi neşirleriň habaryndan türkmen jemgyýetinde aýallaryň häzir ýüzbe-ýüz bolýan anyk poblemalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygy belli bolmady. Azatlyk Radiosy tegelek stoluň gatnaşyjylaryndan maglumat alyp bilmedi.

Jyns taýdan deňhukuklyk baradaky bu duşuşyk Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daş keşbine we özüni alyp barşyna degişli öň görlüp-eşidilmedik basyş tolkunyna sezewar bolan wagtyna gabat geldi.

Azatlygyň habarçylary 24-nji maýda polisiýanyň aýal-gyzlaryň daş keşbi sebäpli kemsitmeginiň ýene bir mysaly barada habar berdiler. Türkmenbaşy şäherinde bolan bir hadysada, milleti türkmen däl iki gyz dodaklarynda botoksyň bardygy sebäpli polisiýa tarapyndan tussag edilip, jerimä derek jynsy gatnaşyga mejbur edilmek howpuna sezewar bolupdyr.

Iki aý töweregi wagt bäri ýurtda aýal-gyzlar kosmetika serişdelerini ulanmak, saçlaryny boýamak, manikýur etmek, dar köýnek geýmek we ýaglyk atynmak ýaly talaplar bilen ýübe-ýüz bolýar. Aýal-gyzlar çäklendirilýär, barlanýar, tussag edilýär we jerimä sezewar bolýar. Şeýle-de, aýal maşgalalar özlerine serenjam bermek hyzmatlaryndan peýdalanmazlyk hakynda dilhaty bermäge mejbur edilýär. Mundan başga-da, awtoulagyň öňdäki ýolagçy oturgyjynda oturmak we erkek adamlar bilen köçede bile ýöremek aýallaryň saklanmagy we polisiýa bölümine eltilmegi üçin ýeterlik bahana bolýar.

Mundan başga-da, Azatlygyň çeşmelerine görä, türkmen hökümeti aýal-gyzlaryň ýurtdan çykmagyny düýbünden gadagan etmegiň mümkinçiliklerine seredýär.

Türkmen aýal-gyzlaryna garşy gadaganlyklar we çäklendirmeler, Türkmenistanyň BMG-niň Aýal-gyzlar geňeşiniň üç ýyllyk agzalygynyň birinji ýylynda ýüze çykdy. Türkmenistanyň konstitusiýasy we ýurt tarapyndan gol çekilen halkara konwensiýalar aýallaryň hukuklaryny doly kepillendirýär.

Türkmenistanyň hökümeti gadaganlyklary ne resmi taýdan yglan etdi, ne-de onuň sebäpleri barada düşündiriş berdi.

Türkmenistanda onlarça jemgyýetçilik guramasy işleýär. Resmi taýdan hasaba alnan gurluşlar iş ýüzünde döwlete bagly bolup, adatça döwlet baştutany ýa-da hökümet tarapyndan oýlanyp, tapylan dabaralara we medeni çärelere gatnaşýar we wasp etmek wezipesini ýerine ýetirýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG