Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda we Maryda dollaryň gaýtadan gymmatlamagy harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagyna getirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap we Mary welaýatlarynda dollaryň gara bazardaky bahasy gaýtadan ýokarlanyp başlady. Munuň bilen bir wagtda, sebit bazarlarynda azyk we senagat harytlarynyň bahalary 20% gymmatlady.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, 20-nji iýunda garaz bazaryň söwdegärleri bir amerikan dollaryny 19 manat 50 teňňeden satyn alýarlar we 19 manat 70 teňňeden satýarlar.

7-8-inji iýunda gara bazarda dollar 17 manada çenli arzanlapdy. Şondan öň gara bazar söwdagärleri bir amerikan dollaryny 20 manatdan satyn alýardylar. 12-nji iýunda dollar gaýtadan ýokarlanyp, 18 manat 80 teňňä ýetdi.

Dollaryň gara bazardaky durnuksyz bahasy azyk we senagat harytlarynyň söwdasyna hem täsir ýetirdi. Türkmenabat şäherinde käbir söwdegärler özleriniň harytlaryny satmagy wagtlaýyn bes etdiler.

"Soňky günlerde dollar gara bazarda belli bir bahada durmansoň, söwdegärler we telekeçiler kondisioner, gaz plita we telewizor ýaly önümleri satmagy bes etdiler. Olar dollaryň durnukly bir nyrhynyň saklanmagyna garaşýarlar. Sebäbi olar dollar ýene ýokarlansa, onda maddy zyýan çekjekdiklerini aýdýarlar" diýip, ýerli telekeçileriň biri anonimlik şertinde 20-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.

Käbir telekeçiler bolsa, dollaryň gara bazardaky bahasynyň has-da ýokarlanmagynyň ähtimaldygyny aýdyp, käbir azyk önümleriniň nyrhyny öňünden gymmatlatdy.

"Türkmenabadyň bazarlarynda Russiýa we Ukraina döwletlerinden getirilen mesge ýaglarynyň, gaplanan garohlaryň we süýt önümleriniň bahasy 20% ýokarlandy. Konserwa önümleriniň ulanyş möhleti 1 ýyldan köp bolsa, onda olaryň bahasy 10%, bir ýyldan az bolsa 20% gymmatlady" diýip, telekeçi aýtdy.

Şol bir wagtda, habarçylarymyz dollaryň bahasynyň 17 manada çenli aşaklan döwründe azyk önümleriniň bahasynyň arzanlamandygyny, olaryň nyrhynyň dollaryň gara bazardaky bahasynyň 20 manatdaky derejesinde saklanandygyny hem belledi.

Mary welaýatyndaky habarçymyz hem, dollaryň gara bazardaky bahasynyň durnuksyzdygyny habar berip, onuň gaýtadan ýokarlanyp başlamagynyň azyk we senagat harytlarynyň bahalarynyň ýene gymmatlamagyna getirendigini aýdýar.

"Söwdegärler ilki bilen dollaryň nyrhy bilen gyzyklanyp, soňra işlerine başlaýarlar. Köp marketler, dükanlar harytlaryň nyrhyny dollaryň gara bazar nyrhyndan 2-4 manat ýokary edip goýýarlar. Olar muny gara bazarda dollaryň üýtgäp durmagy we ýene gymmatlamak ähtimallygy bilen düşündirýärler" diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde 20-nji iýunda gürrüň berdi.

Türkmenistanda 2016-njy ýylda daşary ýurt walýutasynyň resmi alyş-çalyş amallarynyň gadagan edilmegi bilen ýurtda walýutanyň gara bazary emele geldi. Häzirki wagtda gara bazarda dollaryň bahasy resmi kursdan dört-bäş esse ýokary bolmagynda galýar. Türkmenistanyň Merkezi banky, manadyň dollara bolan gatnaşygyny 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri üýtgewsiz, ýagny bir amerikan dollarynyň bahasyny 3,5 manat derejesinde saklaýar.

Şol bir wagtyň özünde, "gara bazarda" walýutanyň hümmeti wagtal-wagtal üýtgäp durýar. Bu bolsa bahalaryň her gezek ýokarlanmagyna getirýär we ilatyň ýaşaýyş derejesine öz täsirini ýetirýär.

"Gymmatçylyk ozal hem ykdysady kynçylyklardan we döwlet dükanlaryndaky azyk ýeter-ýetmezçiliginden ejir çekýän köp maşgalany surnukdyrýar" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, azyk we senagat harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy, dollaryň gara bazary, azyk ýeter-ýetmezçiligi barada aç-açan çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG