Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda tüwiniň gymmatlamagy palawyň hiline täsir ýetirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň bazarlarynda tüwiniň bahasy ortaça 40% gymmatlady. Şu günler ýerli tüwiniň bir kilogramy 30 manada, daşary ýurtlardan import edilen tüwüniň bir kilogramy 50 manada çenli ýokarlandy. Bu gymmatlama hojalyklarda we üýşmeleňlerde türkmen saçagynyň esasy nahary hasaplanýan palawyň hiline täsir ýetirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.

Onuň sözlerine görä, tüwileriň nyrhlary hiline görä üýtgeýär. Daşoguzyň tüwisiniň bir kilogramy 25-30 manat aralygynda bahalanýar. Mundan ozal onuň bahasy takmynan 19 manada deňdi.

"Daşary ýurtlardan import edilen tüwiler, hiline görä, 45-50 manat aralygynda satylýar. Mundan ozal bularyň bahasy 30-35 manada deňdi. Häzir iň pes hilli, ýagny il içinde "ýarma" atlandyrylýan tüwiniň bir kilogramy hem 15 manada ýetdi. Ol öň 5 manat bahalanýardy" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde 9-njy iýunda gürrüň berdi.

Tüwiniň bahasynyň gymmatlamagynyň sebäpleri barada anyk maglumat ýok. Käbir ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, gymmatlamanyň sebäbi Gurban baýramynyň ýetip gelýändigi bilen baglanyşykly. Käbir tüwi söwdagärleri bolsa, tüwiniň gymmatlamagy bilen bagly ýagdaýyň her ýylyň tomus aýlarynda ýüze çykýandygyny aýtdylar. Ýöne olar munuň sebäplerini düşündirmediler.

Häzirki gymmatlama toýlaryň, ýaslaryň we sadakalaryň köpüsinde bişirilýän palawyň hiline hem täsir ýetirdi. Habarçymyzyň maglumatyna görä, şu günler bu üýşmeleňlerde köplenç tüwiniň pes hilli görnüşi, arzan ýarma ulanylýar.

"Palawa ýokary hilli tüwini goşmak gymmada düşýär. Köp hojalyklaryň maddy ýagdaýy pes bolany üçin gymmat bahaly tüwini satyn almaýarlar. Bir kilogram tüwili palawy bişirmek üçin ortaça 60-70 manat çykdajy etmeli bolýar. Ýarym kilogram et 28 manada, bir kilogram ýerli tüwi 25-30 manada, käşir 4 manada, bir sany sogan bir manada, bir käse ýag takmynan 5 manada deň bolýar" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Türkmenistanda tüwiniň gymmatlandygy baradaky maglumatlar soňky gezek mart aýynda, Remezan aýynyň öňüsyrasynda gelip gowşupdy. Şonda habarçylarymyz tüwiniň bir kilogramynyň 10-11 manatdan 18-20 manada gymmatlandygyny habar beripdiler.

Häzirki wagtda tüwiniň bahasynyň gymmatlamagy gara bazarda dollaryň bahasynyň durnuksyz bolan mahalyna gabat geldi. 7-nji iýunda ýurduň dürli künjegindäki habarçylarymyz dollaryň gara bazar nyrhynyň 20 manatdan 17 manada çenli arzanlandygyny habar berdiler. 9-njy iýunda dollaryň gara bazar bahasy 18 manada ýokarlandy.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri käbir azyk önümleriniň şu ýylyň ýanwar we iýun aýlaryndaky bahalaryny öwrendi. Onuň maglumatlarynda azyk önümleriniň käbiriniň belli bir dereje arzanlandygyny synlasa bolýar:

  • Çörek - ýanwarda 5-20 manat, iýunda 5-15 manat
  • 1 kg un - ýanwarda 12 manat, iýunda 8 manat
  • 1 litr süýt - ýanwarda 5 manat, iýunda 5 manat
  • 1 litr günebakar ýagy - ýanwarda 50-60 manat, iýunda 36-40 manat
  • Bir öý ýumurtgasy - ýanwarda 3-4 manat, iýunda 1 manat 60 teňňe
  • 1 kg şeker - ýanwarda 25 manat, iýunda 16 manat
  • 1 kg kartoşka - ýanwarda 10 manat, iýunda 7 manat
  • 1 kg sygyr eti - ýanwarda 70-100 manat, iýunda 56-60 manat
  • 1 kg goýun eti - ýanwarda 60-70 manat, iýunda 54-60 manat

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG