Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: Gara bazarda dollar 17 manada arzanlady. Arzan towuk budy çäksiz satylyp başlandy


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dollaryň gara bazardaky nyrhy duýdansyz arzanlady. Munuň bilen bir wagtda, sebit ilatyna arzan towuk butlary çäksiz möçberde satylyp başlandy. Söwda resmileri we gara bazar söwdagärleri bu özgerişlikleriň anyk sebäplerini düşündirip bilmeýärler. Ýöne bu wakalar Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan saparynyň öňüsyrasyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, 6-njy iýunda öýlän wagty dollaryň gara bazardaky nyrhy 18 manada çenli aşaklan bolsa, 7-nji iýunda 17 manada çenli düşdi. Mundan ozal gara bazar söwdagärleri bir amerikan dollaryny 20 manatdan satyn alýardylar.

"Dollaryň birden aşaklamagy hemme adamy geň galdyrdy. Köp dollarçy dollar satyn almagyny bes etdi. Sebäbi 7-nji iýunda bir dollar 18 manada satyn alnan bolsa, öýlän sagat 2 töwereginde 17 manada düşdi" diýip, türkmenabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde 7-nji iýunda gürrüň berdi.

Türkmenistanda 2016-njy ýylda daşary ýurt walýutasynyň resmi alyş-çalyş amallarynyň gadagan edilmegi bilen ýurtda walýutanyň gara bazary emele geldi. Häzirki wagtda ýurtda walýutanyň iki bahasy hereket edýär we gara bazaryň bahasy resmi kursdan dört-bäş esse ýokary bolmagynda galýar. Türkmenistanyň Merkezi Banky bir dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklaýar.

7-nji iýunda giçlik Azatlygyň ýurduň beýleki welaýatlaryndaky, şeýle-de paýtagt Aşgabatdaky habarçylary hem, gara bazarda dollaryň bahasynyň arzanlap başlandygyny habar berdiler.

Bu aralykda, sebitiň bazarlarynda we döwlet dükanlarynda ilata arzan towuk butlary hem çäksiz möçberde satylyp başlandy.

"Mundan iki gün öň ilata arzan towuk butlary çäkli möçberde satylýardy. Adamlar uly nobatlarda durmaly bolýardy. Häzir towuk butlaryny çäksiz möçberde satýarlar. Şol sebäpli adamlaryň nobatlary hem azaldy" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

6-njy iýunda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy bir kilogramy 16 manatdan satylýan towuk budunyň günüň dowamynda iki gezek, irden bazarlarda we öýlan dükanlarda, satuwa çykarylýandygyny habar berdi. Mundan ozal bazarlarda towuk budunyň bir kilogramy 40 manatdan satylýardy.

Şonda habarçymyz her adama üç kilogram satylýan towuk buduny almak üçin bazarlarda nobata duran adamlaryň sanynyň dükanlaryň öňündäkiden has uludygyny hem belledi.

Lebapdaky habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, söwda resmileri we gara bazar söwdagärleri dollaryň arzanlamagy we arzan towuk butlarynyň çäksiz satuwa goýberilmeginiň anyk sebäplerini düşündirip bilmeýärler. Redaksiýamyzyň 7-nji iýunda ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden telefon arkaly kommentariýa almak synanyşygy hem başa barmady.

Ýöne bu wakalar Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan saparynyň öňüsyrasyna gabat gelýär.

Geçen hepdäniň ikinji ýarymynda Azatlygyň sebitdäki habarçylary öňki prezident, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebaba sapar etmegine garaşylýandygyny habar berdiler.

Şonda habarçylarymyz munuň bilen baglylykda, Türkmenabatda mejbury arassaçylyk işleriniň, ýowarlaryň geçirilýändigini hem aýtdylar.

Geçen hepdäniň ahyrynda bolsa, Türkmenabatda ilata arzan bahadan towuk budy we günebakar ýagy satylyp başlandy. 5-nji iýunda habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň ençemesi arzan harytlaryň peýda bolmagyny häkimiýetleriň öňki prezidentiň sebite etmegine garaşylýan saparynyň öňüsyrasynda "emeli azyk bolçulygyny" döretmek tagallalary diýip häsiýetlendirdiler.

Ozalky prezidentiň Türkmenabada etjek saparynyň anyk senesi we onuň gün tertibi barada resmi maglumat ýok. Türkmen häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri ýurt resmileriniň welaýatlara etjek saparlary barada öňünden hiç hili habar bermeýärler. Şol sebäpli ýurt resmileriniň sebitlere planlaşdyrýan saparlarynyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Ýöne adatça ýurt ýolbaşçylarynyň we resmileriniň sebitlere etjek saparynyň öňüsyrasynda welaýatlarda giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilip, köplenç "emeli azyk bolçulygy, arzançylygy we köpdürliligi döredilmäge" çalşylýar. Ýöne bu ýagdaý gysga wagt dowam edip, "emeli bolçulyk" ýom-ýok bolýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji maýda Daşoguz welaýatynda saparda bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG