Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gallaçy kärendeçiler bugdaý meýdanlaryndan ikinji hasyl almakda häkimiýetleriň böwedine duçar bolýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky kärende ýerlerinde bugdaý oragy tamamlanan gallaçy daýhanlar özleriniň ekerançylyk meýdanlaryndan ikinji hasyl almak mümkinçilikleriniň ellerinden alynýandygyny aýdýarlar. Kärendeçiler öz eýeçiligindäki ýerlerden ikinji hasyl almak hukugynyň gurply adamlaryň, kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýa-da beýleki ýokary wezipelerde işleýän döwlet gullukçylarynyň howandarlyk edýän adamlaryna berlendigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy 23-nji iýunda habar berdi.

Türkmenistanyň gündogar sebitleri maýyň ahyrlaryndan iýunyň başlarynda bugdaý oragyna girişdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky birnäçe ýyl bäri orak möwsüminiň yz ýany ýerli daýhanlaryň bugdaý meýdanlaryndan ikinji hasyl almak mümkinçilikleriniň töweregindäki meseleler barada habar berip gelýärler.

Çärjewli kärendeçiler özleriniň kärende ýerlerinden ikinji hasyl almak mümkinçilikleriniň çäklendirilmegine nägilelik beýan edýärler.

“Bugdaý oragynyň yz ýany, ekerançylyk meýdanlaryna şaly, mäş ýaly däneli ekinler, käşir ýaly gök-bakja ekinleri ekildi. Ýöne ekin meýdanlary bugdaý ekip ýetişdiren kärendeçilere berilmän, gapdaldan pully adamlara, ýa-da prokuraturada işleýän adamlaryň, ýokary wezipelerde işleýän adamlaryň howandarlyk edýän adamlaryna berildi” diýip, ýerli kärendeçiler aýdýarlar.

Olar özleriniň kärende ýerlerinden ikinji hasyl almakçy bolýan adamlaryň ýokary wezipelerdäki adamlaryň goldawy bilen hereket edýändiklerini, özlerine bolsa öz kärende ýerlerine ikinji ekin ekmäge rugsat berilmeýändigini aýdýarlar. Daýhanlaryň sözlerine görä, häkimiýetler we olaryň howandarlygyndaky adamlar kärendeçileriň ekerançylyk meýdanlaryndan alan hasylyny we girdejilerini bölüşmek boýunça ylalaşýarlar.

“Meselem, prokuratura işgäriniň öz adamy bar. Prokuratura işgäri öz adamyna ýer kärendesine alyp berýär, daýhan birleşikleriň başlyklary bilen gepleşip, ýeriň päsgelçiliksiz suw we tehnika bilen üpjün edilmegine ýardam berýär” diýip, bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, prokuratura işgäri tarapyndan howandarlyk edilýän adam ekerançylyk ýerlerine ideg edýär, tohum ekýär, çil çekýär, suw tutýar we zerur oba hojalyk işlerini ýerini ýetirýär.

“[Ikinji] hasyl taýýar bolandan soňra, hasyl ýygnalýar. Meselem, hasyl şaly bolsa, şalyny satyp, onuň girdejisiniň 50 göterimi howandarlyk edýän adama, 50 göterimi howandarlyk edilýän adama gidýär” diýip, ýerli daýhanlar aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Lebap welaýatynyň häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Gallaçy kärendeçiler öz ekerançylyk meýdanlaryndan özgäniň ikinji hasyl almagyna rugsat berlip, özlerine rugsat berilmezligine nägilelik beýan edýärler.

“Bugdaý ekip ýetişdiren daýhanlara bugdaýyň yzyndan ikinji hasyl almaga mümkinçilik berilmeýär” diýip, bir ýerli kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Galyberse-de, daýhanlar käbir oba hojalyk hyzmatlaryndan bökdençsiz peýdalanmak üçin, meselem tehnika we suw üpjünçiliginiň ýola goýulmagy üçin daýhan birleşikleriň başlyklaryna para bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Kärendeçiler ekerançylyk ýerlerine tohum satyn almak üçin hem oba resmilerine goşmaça para bermäge mejbur galýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurduň oba hojalyk pudagynda bar bolan problemalary agzamaýar. Muňa derek, resmi metbugat daýhanlar üçin “ähli şertleriň döredilendigini we olaryň ruhubelent zähmet çekýändiklerini” gaýtalaýar.

Türkmenistanyň hökümeti bu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýär.

“Daýhan birleşikleriň suw üpjünçiligine gözegçilik edýän işgärine para bermeseň, suwuň kesilýär. Şalynyň düýbünde elmydama suw bolmaly. Suw bolmasa hasyl gowy bolmaýar” diýip, bir lebaply şalyçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG