Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bugdaý hasyly güýçli gözegçilik astynda ýygnalýar


Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.

Dünýäde azyk howpsuzlygynyň ýakyn geljegi bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, Türkmenistanda bugdaý oragy häkimiýetleriň güýçli gözegçiligi astynda alnyp barylýar. Tejen we Babadaýhan etraplarynyň gallaçylary bu ýylyň hasylyndan özlerine ‘ýeke bugdaý dänesini alyp galmaga’ rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.

“Öňler galla hasylyndan özümiz üçin 5-10 halta bugdaý alyp galardyk. Emma bu ýyl gözegçilik gaty güýçlendirildi” diýip, kärendeçi daýhanlar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýärler.

Türkmenistanyň oba hojalyk kanunçylygyna görä, döwlet bilen şertnama baglaşan gallaçy kärendeçiler ekin meýdanlarynda ösdürip ýetişdiren bugdaý hasylyny döwlete tabşyrmaga borçlanýarlar.

Türkmenistanda bugdaý oragyna köplenç iýun aýynyň başlarynda resmi taýdan badalga berilýär. Ýöne orum işlerine resmi çäreleriň öň ýany girişilýär.

Ahal welaýatynyň Tejen we Babadaýhan etraplarynda döwletden kärendesine ýer alyp, döwlet tabşyrygy esasynda, kärende ýerlerinde bugdaý ösdürip ýetişdirýän gallaçy kärendeçiler dowam edýän orak möwsüminde özlerine hasyldan paý almaga rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.

Soňky birnäçe ýyl bäri azyk önümleriniň gytçylygyny we gymmatçylygyny başdan geçirip gelýän ýerli daýhanlar, güýçli gözegçilige garamazdan, her ýylyň bugdaý hasylyndan özleriniň birnäçe halta bugdaý hasylyny alyp galmaga mümkinçilikleriniň bolandygyny, ýöne bu ýyl gözegçiligiň has-da güýçlendirilendigini aýdýarlar.

“Öňler kombaýn sürüjisi bilen gürleşip, bugdaý hasylynyň hojalyga gerek mukdaryny dökdürip alardyk. Emma bu ýyl her kombaýnyň daşynda 30-40 adam, edil ary üýşen ýaly üýşüp, gözegçiligi güýçlendirdiler” diýip, tejenli kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gallaçylaryň sözlerine görä, bugdaý oragyna gözegçilik edýän häkimiýet wekilleri hasyl ýygnalýan mahaly kärende ýer eýeleriniň kombaýnçylar bilen gürleşmegine hem rugsat bermeýärler.

“Kombaýn sürüjisiniň golaýyna eltmeýärler. Sebäbi gizlin gürleşilmeginden şübhelenýärler” diýip, kärendeçi daýhan gürrüň berdi.

Türkmenistanda döwlet bilen şertnama esasynda kärende ýerlerinde gowaça, bugdaý ýa-da döwlet tabşyrygyna girýän beýleki gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlar ekin meýdanlaryndan ýygnan hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlandyrylýarlar.

Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan esassyz çozuşynyň arasynda dünýäde emele gelen ýagdaýlar zerarly iri galla öndüriji ýurtlar bugdaý eksportyny çäklendirip, dünýä ilatynyň azyk howpsuzlygynyň ýakyn geljegi, synçylara görä, wehim astynda galýan mahaly, türkmen häkimiýetleri ýerli bugdaý önümçiligine gözegçiligi görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirýär.

Kärendeçiler kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň bugdaý meýdanlaryna barýan ýollaryň ugrunda durup, ulaglary barlaýandyklaryny aýdýarlar. Kanun goraýjylardan daşary, kärendeçileriň sözlerine görä, orak möwsüminde bugdaý meýdanlarynyň töwereklerinde 'elewräp, satlyk bugdaý soraýan' köne egin-eşikli, köne ulagly adamlar peýda bolupdyr. Kärendeçiler şeýle adamlary howpsuzlyk işgärleriniň özlerine gurýan 'duzagy' atlandyrýarlar.

Daýhanlaryň sözlerine görä, häkimiýetler öz hasylyndan bugdaý alan adamlary jenaýatda aýyplap, döwlet telewideniýesinde elleri gandally görkezmek haýbatyny atýarlar.

Türkmenistandyň döwlet telewideniýesi wagtal-wagtal jenaýatda aýyplanýandyklary aýdylýan raýatlary mawy ekranda “aglap toba edýän görnüşde” elleri gandally görkezýär.

Türkmenistanyň hökümeti nobatdaky hasyl möwsüminden 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýär.

Türkmen kärendeçileri ýyllarboýy suw, dökün we tehnika ýetmezçiliginden şikaýat edýärler. Döwlet metbugaty kärendeçileri “ýeriň hakyky eýesi” atlandyryp, olaryň ‘täze eýýamyň galkynyşynda’ ruhubelent zähmet çekýändiklerini gaýtalaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG