Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Adamym çagalarymy görmäge rugsat bermeýär". Aýalyň öz janyna kast etmek synanyşygyna näme itergi berdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanyň Oş welaýatynda bir aýal Süleýman dagdan özüni aşak taşlap, janyna kast etmäge synanyşdy. Ol näme üçin beýle çärä ýüz urandygyny düşündirýär.

Gyrgyzystanly aýal maşgaladan aýrylyşandan soň, öňki adamsynyň çagalaryny görmäge rugsat bermeýändigini we mundan ozal maşgala zorlugyna sezewar edilendigini aýtdy. Öňki adamsy ähli aýyplamalary ret edýär. Sosial ulgamlarda öz janyna kast etmekçi bolan dört çaganyň ejesini milisiýa işgärleriniň nädip halas edendigi barada, wideo ýaýradyldy.

«Gyzym maňa seredip aglaýar»

Süleýman dagda öz janyna kast etjek bolan Aýgerim Emilbek kyzy 28-nji iýunda metbugat ýygnagyny geçirdi. Onuň aýtmagyna görä, alty aý mundan ozal adamsy bilen aýrylyşypdyr, şondan bäri-de adamsy oňa çagalaryny görmäge rugsat bermändir:

Aýgerim Emilbek kyzy
Aýgerim Emilbek kyzy

– Bäş aý bäri çagalarymy görmedim. Gyzym 1-nji synpda okaýar. Mekdepde gyzymy görmek üçin baryp, okuw jaýynyň gapysyny açanymda, adamym tarapyndan hakyna tutulan garawul gapyny ýapdy. Çagalaryň psihologiýasy – ruhy dünýäsi döwüldi. Naçar gyzym maňa ilkinji partadan seredip aglaýar. Emma ol meniň ýanyma gelip bilmeýär. Çagalary almaga gelmedim, iň bolmanda olary bagryma basmak isledim. Gyzym maňa gelme diýdi. Bu maňa agyr degdi. Ol menden öýkeländir öýtdüm. Görsem, kakasy olara: "Ejeň bilen görüşseň, men sizi uzak bir ýere äkiderin, soň gaýdyp ony görmersiňiz” diýipdir – diýip, Aýgerim gürrüň berýär.

Aýgerim 17 ýaşynda durmuşa çykypdyr. Iki ogly we iki gyzy bar. Iň kiçi çagasy bir ýarym ýaşynda, iň ulusy 7 ýaşynda. Dokuz ýyl maşgala durmuşynda, onuň sözlerine görä, ol zorluga sezewar edilipdir. Ol mundan öň hem özüni öldürmäge synanyşyk edendigini aýdýar:

– Näme üçin men şu wagta çenli çydam etdim? Men ozal köp horlugy başdan geçirdim. Ene-atam aýrylyşdylar, şonuň üçin ene-atanyň ähmiýetini gowy bilýärin. Kakam bilen gatnaşygym ýok, ejem Russiýanyň raýaty, ol şol ýerde ýaşaýar. Meni atam bilen enem durmuşa çykardylar. Geçen dokuz ýyl içinde, köp ejir çekdim. Adamym çagalarymyň gözüniň alnynda maňa el göterenden soň, beýnime sarsgyn düşdi, maňa atam garaşyk etdi. Üç ýyl mundan ozal meni şeýle bir urdy welin, reanimasiýada boldum, şonda atamyň gan basyşy ýokarlanyp, netijede insult boldy. Ol şondan bäri düşege baglandy. Ýakyn adamyň düşekde ýatanyna gynanmagyň ýerine maňa: “Sizde kim bar, näme bar? Saňa kim sereder? Sen meniň aýalym, seni öldürerin ýa-da zorluk ulanaryn, näme etmelidigimi özüm bilýärin” diýdi. Käbirleri meniň şeýle zorluga çydap biljekdigimi pikir edýärler. Dawa-jedel wagtynda, ol atamyň ýanyna baryp: "Sen aýal ýaly, gyzyňy biraz ýençsem derrew ylgaýarsyň" diýipdir. Hatda eneme-de sögünipdir. Onda hiç bir hormat-sylag ýok. Ol bolsa muny boýun almaýar.

Aýgerimiň sözüne görä, ol dokuz ýyllyk maşgala durmuşynyň dowamynda, üç gezek agyr ýagdaýda keselhana düşüpdir.

“Men köp çydadym. Dokuz ýylda ol maňa bir telefon satyn aldy. Gümrük gullugynda işleýär, gowy gazanýar. Men aýnadylan maşgaladan däl, bolçulykda ýa-da mätäçlikde ýaşamagyň nämedigini oňat bilýän. Dokuz ýylda üç gezek reanimasiýa düşdüm. Soňky gezek janyma kast etmek synanyşygy sebäpli, 14 sagat komada boldum. Bu biziň gatnaşygymyza soňky nokady goýdy" diýip, ol aýdýar.

Aýgerim adamsynyň işlemegine rugsat bermändigini aýdýar. Iş tapan ýerinde, onuň adamsynyň adyny aýdyp, hiç bir sebäpsiz, ondan işden gitmegi haýyş edipdirler.

Aýgerimiň aliment, çaga goldawyny tölemeýändigi üçin, çagalaryň kakasynyň kazyýete ýüz tutandygy mälim boldy.

Zorluk üçin – jerime ýeterlikmi?

Aklawçy Islam Mamadaliýew Aýgerimiň maşgala zorlugy baradaky arzalaryna administratiw kodekse laýyklykda garalandygyny ýazgardy. Ol onuň adamsynyň Aýgerime çagalaryny görmäge rugsat bermeýändigi barada ýazylan ses we wideo materiallarynyň bardygyny aýtdy:

Islam Mamadaliýew, aklawçy
Islam Mamadaliýew, aklawçy

– Kanun goraýjy edaralar Administratiw kodeksini tutaryk edinýärler. Sizi kemsitdiler, ýençdiler, psihologiki basyş etdiler. Bu 177-nji madda däl-de, Administratiw kodeksine degişli edilip, 5 müň som jerime bilen iş tamamlanýar. Utanmak gerek! [Äri] aýalyny bir ýa-da iki gezek urýar, bedenine şikes ýetirýär. Üçünji gezekde öldürer. Ölümden ozalky ýagdaýlaryň hemmesi üçin 5 müň som jerime göz öňünde tutulýar! Ine, adamyň ykbaly şeýle çözülýär. Meniň müşderimiň aýtmagyna görä, ol üç gezek dürli beden şikeslerini alyp, milisiýa ýüz tutupdyr. Şundan ugur alyp, maý aýynyň ahyrynda, Jelal-Abad şäher prokuraturasyna ýüz tutduk. Işi şäher milisiýasyna tabşyrdylar. Emma şäher milisiýasynyň başlygynyň orunbasary Bekzadyň dosty bolup çykdy, biz munuň täsiriniň bardygyna ynanýarys – diýip, aklawçy aýdýar.

Bekzat Rahmatilaýewiň Aýgerim bilen nikasy ikinji bolmaly. Onuň ilkinji nikasyndan bir gyzy bar. Aýgerimiň sözlerine görä, onuň gaýynenesi ony oglunyň ilkinji nikasyny bozmakda aýyplaýar.

Azatlyk Radiosy Bekzat bilen gürrüňdeş bolanda, ol öz pikirini beýan etdi. Ol çagalarynyň ejesini görmegine garşy däldigini, ýöne kazyýetiň kararyna garaşýandygyny aýdýar:

– Onuň görkezmeleri durşuna ýalan. Olaryň hiç birine-de subutnama berip bilmedi. Beýle bolup bilmez. Meniň aýal doganlarym we gyzlaram bar. Men gowy maşgalada önüp-ösdüm. Zorluk hakda aýdylanda – beýle zat bolup bilmez. Çagalary oňa görkezmeýär diýmegi-de ýalan. Çagalary görýär. Belli bolşy ýaly, çagalar bagyna we mekdebe baryp, olary görýän eken. Biz 2014-nji ýyldan, 2022-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli bile ýaşadyk. 10-njy ýanwarda ony milisiýa işgärleri ogurlykda aýyplap tussag etdiler. Ol çagalary bilen duşuşmak üçin, ýarym ýylyň dowamynda, olary bir ýere getir diýip, hiç wagt aýtmady. Elbetde, öýe gelip bilmeýär, sebäbi ol ogurlykda aýyplanyp masgaraçylyk bilen gitdi. Enelik hukugy – ol dogry. Meniň çagalary görkezmezlige hakym ýok, men olara duşuşmaga rugsat bermeli. Muňa kazyýet tarapyndan karar berler. Elbetde, çaga ejesiniň ýanynda bolmaly, ol çagalary terbiýelemeli. Emma ol çagalary terbiýeläp biljekmi? Bu-da aýratyn mesele. Onuň ogurlyk edeni hem-de öz janyna kast etmek synanyşyklary subut edildi. Bolýar, çagalaryny oňa bersinler, ertirki gün öz janyna kast etmejekdigine kim kepil geçýär? Kynçylyklar sebäpli çagany satsa nätjek? Meniň çagalarymyň horlanmajagyna kim kepil geçýär? – diýip, Bekzat ýagdaýy düşündirýär.

Bekzadyň sözüne görä, olar resmi taýdan aýrylyşypdyrlar, kazyýet 27-nji iýunda karar beripdir. Indi kazyýet çagalar meselesine seredýär.

Köne ýaralar

Aýgerim maşgaladaky zorluk barada, ozal milisiýa arza beripdir. Jelal-Abad Içeri işler müdirliginiň metbugat sekretary Nurdin Žeentaýew ol gelin tarapyndan arza alnandygyny tassyklady. Onuň sözüne görä, ogurlyk üçin kazyýet işi hem geçirilipdir:

– Şeýle arza Harby prokuratura tarapyndan, Jelal-Abadyň Içeri işler müdirligine iberildi. Arzada: "Men 2014-nji ýyldan bäri maşgala zorlugyna sezewar boldum" diýilýär. Biz [bedene] düşen köne şikesleri kesgitläp bilmeýäris. Ony derňewçiler barlap bilýärler. Eger maşgalada zorluk bolsa, oňa kazyýete ýüz tutmagy maslahat berdik.

Içeri işler bölümiň wekili Nazgül Žakypowa Azatlyk Radiosyna çagalar hakda maglumat alýandyklaryny mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Aýgerim Emilbek kyzy maşgaladaky zorluklar barada ozal olar bilen habarlaşmandyr:

– Meseläni biz çözüp bilmesek, muny kazyýet çözýär. Şoňa görä [işe] kazyýetde seredilýär. Derňew çäreleri bilen baglanyşykly çagalaryň psihikasyny bozmazlyk üçin, biz garaşmak kararyna geldik. Ilki bilen meselesini çözsünler, soň bolsa çagalar üçin alada ediler diýip pikir etdik. Köplenç maşgaladaky gatnaşyklar ýaramazlaşanda, çagalar bilen oturyp, işlemäge wagty bolmadyk aýallar olary özlerine alyp bilmeýärler. Aýgerim Emilbek kyzy kazyýete ýaşaýan ýerini we çagalaryna goldaw bermek üçin, ýeterlik boljak girdejisini görkezmeli. Häzirlikçe onuň işi ýok, ýöne aklawçy Aýgerimi terbiýeläp ýetişdiren enesiniň öz öýüni oňa berendigini aýtdy – diýip, kanun goraýjy aýdýar.

"Sezim" krizis merkeziniň başlygy Býübýüsara Ryskulowa Aýgerim Emilbek kyzy bilen bagly ýagdaý içgin öwrenilmeli diýip hasaplaýar.

Ombudsmen instituty çagalaryny görüp bilmeýän we maşgala zorlugyna sezewar edilendigi aýdylýan bir aýalyň meselesini şahsy gözegçiligine alandygyny aýtdy.

Resmi maglumatlara görä, Gyrgyzystanda maşgaladaky zorluk faktlarynyň sany ýylsaýyn diňe artmak bilen bolýar. 2021-nji ýylda 8405 iş hasaba alyndy, 2016-2018-nji ýyllarda bu görkeziji 7000-den pes däldi.

Statistika maglumatlaryna görä, maşgaladaky zorluk bilen baglanyşykly aýyplamalaryň 90%, hatda ondan gowragy kazyýete barmaýar, dürli sebäplere görä, ol iş bes edilýär.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG