Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident öz häkimiýet dolandyryşyndaky 'iň uly' kadr çalşygyny geçirdi


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde ösüş sanlaryndan doly hasabatlary diňläp, hökümetiň düzüminde kadr çalşyklarynyň ençemesini geçirdi.

Prezidentiň karary bilen wezipesinden boşadylanlaryň arasynda bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew hem-de ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedow ýaly resmiler bar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinde hem işleýän Sapardurdy Toýlyýewiň işden boşadylmagynyň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmady. Muhammedowyň başga işe geçýändigi aýdyldy, ýöne haýsy işe geçýändigi mälim edilmedi.

Toýlyýew bu wezipä häzirki döwlet baştutanynyň kakasy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçen ýylyň 25-nji awgustynda bellenipdi.

Muhammedow Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine kasam kabul edenden sanlyja gün soň, ýagny 25-nji martda bu wezipä bellenipdi. Ol bu wezipä bellenmezden ozal ýurduň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meselelerine Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýärdi.

Beýlekiler bilen bir hatarda, ýurduň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenilen mejlisden soň çap edilen kararlarda azyndan 26 sany hökümet ýolbaşçysynyň wezipeden boşadylandygy ýa-da başga işe geçirilendigi yglan edildi. Bu, prezident Serdar Berdimuhamedow işe girişeli bäri bir bada amala aşyrylan iň uly kadr çalşygy ýaly bolup görünýär.

Prezident Türkmenistanyň Awstriýadaky, Ýaponiýadaky, Belgiýadaky, Fransiýadaky, Türkiýedäki, Azerbaýjandaky, Ukrainadaky we Günorta Koreýadaky ilçilerini hem täzeledi.

Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda prezident wezipesine kasam kabul edensoň Ministrler Kabinetinde we Döwlet howpsuzlyk geňeşinde möhüm kadr çalşygyny geçirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG