Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldy


Türkmenbaşynyň halkara hwoa menzili. Illýustrasiýa suraty.
Türkmenbaşynyň halkara hwoa menzili. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň Balkan welaýaty Jebel şäherçesinde täze halkara howa menzili gurulýar. Täze aeroportuň gurluşygy prezident Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji iýulda gol çeken karary bilen “Gündogdy” hususy kärhanasyna ynanyldy. Azatlygyň çeşmeleri bu firmanyň Türkmenistanda ozal guran aeroportlarynyň yzyny çaldylar we Jebel howa menzilini gurmak baradaky tenderiň “Gündody” firmasyna berilmegini sorag astyna aldylar.

1-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” gullugyna Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde halkara howa menzilini gurmak barada “Gündogdy” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmen metbugatyna görä, “Türkmenhowaýollary” agentligi Jebel şäherçesinde täze aeroport gurmak baradaky tenderi 2021-nji ýylyň iýun aýynda yglan etdi.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesine görä, 2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel halkara aeroportynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

"Potratçysy bäsleşik esasynda kesgitlenjek bu halkara toplumyň gurluşygy ýurdumyzyň hökümeti bilen Abu Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan karz ylalaşygyna laýyklykda maliýeleşdirilýär" diýip, eks-prezident bir ýyl mundan ozal howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.

Jebel aeroportunyň gurluşygy baradaky tenderiň türkmen metbugatynda çap edilmegi, “Gündogdy” hususy kärhanasynyň ýurduň gündogar sebitinde guran beýleki bir halkara aeroportynyň, Kerki halkara howa menziliniň 2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda açylyp, ulanylmaga berilmeginiň edil yz ýanyna gabat geldi.

“Gündogdy” hususy kärhanasy 2018-nji ýylyň fewralynda Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde beýleki bir halkara howa menziliň gurluşygyny tamamlady.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri Türkmenabat we Kerki howa menzilleriniň gurluşygy bilen bagly käbir ýagdaýlara ünsi çekýärler we täze aeroportuň gurluşygynyň şol bir firma ynanylmagyny sorag astyna alýarlar.

Çeşmeler Türkmenabat halkara aeroportuna gonýan uçarlara guýulýan ýangyjyň aeroportdan 28 kilometr töweregi aradaşlykdakyn, Türkmenabadyň köne aeroportundan ýangyç daşaýjy ýörite ýük ulaglary bilen daşalýandygyny aýdýarlar.

2018-nji ýylda ulanylmaga berlen aeroportuň gurluşyk taslamasynda uçarlar üçin göz öňünde tutulan ýörite ýangyç bekedi heniz hem işe girizilmändir.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Türkmenabat howa menziline niýetlenen ýangyç bekedi aeroportdan 1 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýär. Ýangyç beketinden aeroporta ýerasty turbalar çekilip, meýilnama görä, uçarlar şol turbalardan barýan ýangyç bilen üpjün edilmeli ekeni. Ýöne çeşmeleriň öwrenen maglumatlaryna görä, ýerasty turbalar arkaly ýangyç bilen üpjün edilmegi üçin ýörite enjamlar, nasoslar zerur bolup durýar. Şol nasoslar entek oturdylmandyr.

“Uçarlar üçin niýetlenen ýangyç bekedi [Türkmenabadyň täze halkara aeroportunyň] bir kilometr günortasynda ýerleşýär. Şol beketden uçar gonalgasyna ýerasty turbalar çekilipdir, ýöne turbalar arkaly ýangyjy uly basyş bilen iteklär ýaly nasoslar gurulmandyr. Bu nasoslar daşary ýurtlardan satyn alynmaly. Olaryň bahasy gymmat. Türkmenabat aeroportynyň gurluşygy tamamlanandan soň, iki ýyl möhlet bilen garantiýasy bardy. Şol kepillik möhleti tamamlanmanka, nasoslar hem gurnalmalydy we gurluşyk doly tabşyrylmalydy. Ýöne “Gündody” firmasy Türkmenabat aeroportunyň gurluşygy doly tamamlanmanka Kerkidäki aeroportyň tenderini utdy” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kerkide howa menzilini gurmak baradaky karara 2019-njy ýylyň 23-nji fewralynda gol çekdi. Kerki aeroportynyň gurluşygyny 2021-nji ýylyň aprel aýynda tamamlamak göz öňünde tutulypdy. Ýöne aeroport bellenen möhletden iki aý töweregi giç 2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda ulanylmaga berildi. Howa menziliniň açylyş dabarasy uludan tutuldy.

Azatlygyň çeşmeleri özlerinde Kerki aeroportynyň hem doly taýýar däldigini görkezýän maglumatlaryň bardygyny aýdýarlar. Çeşmeler, muňa garamazdan, “Gündogdy” hususy kärhanasyna Jebel şäherçesinde täze aeroportyň gurluşygynyň ynanylmagyny sorag astyna alýarlar.

Türkmenabatda guran howa menziliniň gurluşygy, ilkibaşda, 2013-nji ýylda Ukrainanyň “Altkom” firmasyna ynanylypdy. Bu aeroportuň düýbüni tutmak dabarasyna 2013-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ukrainanyň şol wagtky prezidenti bolan ýöne 2014-nji ýylda Ukrainada tutaşan köpçülikleýin protestlerden soň ýurtdan gaçmaly bolan Wiktor Ýanukowiç gatnaşdy.

“Ukrainanyň şol wagtky prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen Gurbanguly Berdimuhamedow [Türkmenabat halkara howa menziliniň] düýbüni tutdy. 2014-nji ýylda Ukrainada rewolýusiýa boldy. Ýurt bulaşdy. ‘Altkom’ bu gurluşyga başlapdy, ýöne soňuna çenli tamamlap bilmedi. Gurluşyga zerur bolan enjamlar Ukrainadan gelmedi. Problemalar köpeldi. Şol sebäpden ‘Altkom’ aeoporty soňuna çenli gurup, tabşyryp bilmedi. ‘Altkom’ üç kilometr töweregi uçuş-gonuş zolagyny we baş terminalyň gurluşygynyň 40 göterim töweregini tamamlaberende aeroportuň gurluşygy “Gündogdy” hususy kärhanasyna tabşyryldy. Altkom bilen baglaşylan şertnama bozuldy. “Gündogdy” hususy kärhanasy bu obýekti tas taýyn aldy. Sebäbi terminalyň sütünleri dikeldilipdi. Uçuş-gonuş zolagy taýyndy. Iň möhümi – aeroportuň taslamasy, meýilnamasy, hemme zady taýýar edilensoň, “Gündogdy” firmasy gurluşygy dowam etdirdi” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlygyň çeşmelerina görä, Türkmenabat howa menziline gonýan uçarlar üçin zerur bolan ýangyç serişdeleriniň heniz hem köne aeportdan daşalmagy dürli oňaýsyzlyklary döredýär.

“Türkmenabadyň häzirki aeportuna ýangyç köne aeroportuň çäginden, 28 kilometr uzaklykdan ýangyç daşaýjy ýörite ýük ulaglary arkaly daşalýar. Bu ýük ulaglary ýangyjy wagtynda eltmek üçin, uçarlary zerur bolan ýangyç bilen üpjün etmek üçin köp wagt sarp etmeli bolýar. Bu dürli problemalara ýol açýar. Adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagy mümkin, ýa-da her hili ulag hadysalarynyň bolmagy mümkin. Uzakdan ýangyç daşalmagynyň her hili problemalara ýol açmagy mümkin. Aeroportuň edil golaýynda 60 göterim tamamlanan ýangyç bekedi bar. Onuň işe girizilmegi diňe nasoslara bagly bolup dur” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri aýdýarlar.

Jebel şäherçesinde gurulmaly halkara howa menziliniň gurluşygyna 2022-nji ýylyň iýulynda başlap, ony 2024-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

“Türkmenhowaýollary” täze aeroportyň gurluşygy boýunça yglan edilen tendere hödürlenen beýleki teklipler barada maglumat bermeýär.

Azatlyk Radiosy “Türkmenhowaýollary” agentliginden kommentariý alyp bilmedi.

Media maglumatlaryna görä, “Gündogdy” hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşiginiň agzasy bolup durýar.

Türkmenistanda millionlarça ýolagçy geçirmäge ukyby bolan halkara aeroportlar, synçylara görä, doly kuwwatynda ulanylmaýar. Halkara aeroportly bolan Kerki şäheri ýurduň Owganystan we Özbegistan bilen serhetleşýän gündogar böleginde, 7500 töweregi ilaty bolan Jebel şäherçesi ýurduň Hazar deňzine golaý günbatar sebitinde ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG