Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda adamlar täze desgalara begenýär, ýöne ýowardan ýadady


Tämizleýji aýal

Türkmenistanda her ýylyň iýun aýynda geçirilýän medeni hepdelikler ýurduň prezidentiniň doglan gününiň öňüsyrasynda guralýar we, uzak garaşan ýaşaýyş jaýlaryna ýeten ýaşaýjylar, beýleki aýlarda hem bolşy ýaly, özlerine berlen jaý üçin TW-dede döwlet baştutanyna minnetdarlyk bildirýärler.

Türkmenistanda adat bolan ýowar kösençlikleriniň bu ýyl Lebapda iýun aýynyň birinji ongünlügine çenli dowam etdirilmegine we kerkili hojalyklaryň onlarçasynyň prezidentiň doglan gününiň öň ýanynda täze jaýlaryna göçmegine garaşylýar diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär.

Mundan öň ýowarlaryň maý aýynyň aýaklarynda paýtagtda bellenjek şäher güni we senesi bilen tamamlanmagyna, adamlaryň dynç günlerinde biraz maşgalasy bilen bolmagyna mümkinçilik berilmegine garaşylýardy.

Emma görlüp oturylsa, öňünden medeniýet hepdelikleri bilen dabaralandyrylýan doglan gün toýy hem bar eken diýip, lebaply bir ýaşaýjy güldi.

Türkmenabat şäherinde býujet işgärleriniň mejbury-meýletin gatnaşmagynda geçirilýän arassaçylyk işleri doly güýjünde dowam edýär, adamlar şenbe we ýekşenbe günlerinde dynç almaga, çagalary, maşgalasy bilen bolmaga derek, özlerine tabşyrylan ýerleri ýuwup-ardýar, tämizleýär diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, prezidentiň nobatdaky bag ekmek çärelerine badalga bermegi bilen başlanan ýowarlar adamlary ýadadan hem bolsa, Lebapda bu kösençlikler maýda hem tamamlanjaga meňzemeýär.

Has anygy, Türkmenabatdaky ýowarlar iýun aýynyň ortalaryna çenli hem dowam etdirilip bilner. Munuň sebäbi Lebapda 21-nji iýundan başlanýan Medeniýet hepdeligi bilen düşündirilýär.

Tutuş ýedi gün, bir hepde dowam etjek dabaralara şu wagtdan uly taýýarlyk görülýär, Medeniýet hepdeliginiň esasy geçiriljek ýeri bolan Ruhyýet köşgüniň öňünde sahnalaşdyryljak medeni çäreleriň, toý-şowhunyň tutumy uly diýip, habarçy aýtdy.

Ruhyýet köşgüni ýerleşýän ýeri bolan Bitarap şaýolunyň ugrundaky ýaşyl zolaklarda berk arassaçylyk işleri geçirilýär, gök-guşak otlaryny gaýtadan ekýärler. Ýöne taýýarlyk işleri diňe Türkmenabat bilen çäklenmeýär. Medeniýet hepdeliginiň çäginde ýene bir täze desganyň, Kerki şäherindäki uçar menziliniň açylyp, ulanmaga berilmegine garaşylýar.

Kerkide "Gündogdy" hususy kärhanasy tarapyndan gurulýan uçar menziliniň 95 prosent çemesi taýýar edilendigi, bu desganyň iýun aýynyň birinji ongünlüginde açyljakdygy aýdylýar.

Sagatda 100 adama hyzmat etjek döwrebap howa menzilini gurýan kärhana ozal Türkmenabadyň halkara howa menzilini gurupdy.

Mejbury ýowara gatnaşýan býujet işgärleriniň biri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde dynç günlerinde dowamly arassaçylyk işlerine çykarylmagyndan örän nägiledigini, emma Kerkide açyljak täze uçar menziliniň ýolagçylara berjek mümkinçiligine begenýändigini aýtdy.

Ýerli hünärmeniň sözlerine görä, täze howa menzili ulanmaga berlensoň, hepdede bir gezek Aşgabat-Kerki, Kerki-Aşgabat uçar gatnawy ýola goýlar.

Medeniýet hepdeliginiň çäginde diňe täze uçar menzili däl, Azatlyk etrapçasynyň Arkadag köçesinde, aeroport ýolunyň ugrunda gurlan köp gatly 17 jaý hem dabaraly ýagdaýda açylyp, ýerli ýaşaýjylara ulanmaga berler.

Belki-de tötänlikdir, türkmen prezidentiniň doglan gününiň öň ýanynda taýyn boljak jaýlaryň Türkmenabadyň Demir-beton zawody we Lebapgurluşyk kärhanasy tarapyndan bina edilýändigi aýdylýar.

Türkmenistanda her ýylyň iýun aýynda geçirilýän medeni hepdelikler adatça ýurduň prezidentiniň doglan gününiň öňüsyrasynda guralýar we, uzak garaşan ýaşaýyş jaýlaryna ýeten ýaşaýjylar, beýleki aýlarda hem bolşy ýaly, özlerine berlen jaý üçin TW kameralarynyň öňünde döwlet baştutanyna minnetdarlyk bildirýärler.

Täze uçar menzilinden uçup, syýahat etjeklere, täze jaýa girjeklere garşylygym ýok, elbetde, ýöne her hepde ýowara çykyp, ýogsa-da işimden kowlup, bu ýerde meniň näme günämiň bardygyna düşünemok" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG