Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şaly suwsuz bolmaz – palaw bugsuz bolmaz: Lebaply şalyçylar suw ýetmezçiliginden şikaýat edýär   


Illýustrasiýa suraty. Ekerançylyk meýdany
Illýustrasiýa suraty. Ekerançylyk meýdany

Türkmenleriň arasynda “şaly suwsuz bolmaz, palaw – bugsuz” diýlen nakyl bar. Ýöne, şu günler Türkmenistanyň günorta sebitlerinde şaly ekilen meýdanlara ekerançylyk suwlary ýetmezçilik edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Saýat we Halaç etraplaryndaky şaly meýdanlarynyň suw üpjünçiligindäki bökdençlikler barada habar berýär.

“Şaly ekilen ýerlere suw ýetmeýär. Şalyçy daýhanlar suw üstünde uruş-dawa edýärler” diýip, lebaply daýhanlar aýdýarlar.

Habarçymyza görä, pagtaçy ýa-da gallaçy kärendeçiler bilen deňeşdirilende şalyçy daýhanlar ekine höwesli çemeleşýärler.

“Şalydan 20-30 müň manat girdeji gazanyp bolýar, ýöne bugdaý ýa-da pagtany döwlete tabşyrsaň 6 müň manat töweregi girdeji bolýar” diýip, lebaply ýaşaýjy aýdýar.

Türkmen daýhanlary ýyllarboýy bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň pesligini aýdyp gelýärler.

Türkmenistanda ýylda ýüzlerçe müň gektara döwlet tabşyrygy esasynda bugdaý we gowaça ekilýär. Ýurduň gündogar we demirgazyk sebitlerinde şaly ekini hem döwlet plan borçnamasyna girizilýär.

Bu ýyl Lebap we Daşoguz welaýatlarynda 18 müň 300 gektar meýdandan 82 müň 400 tonna şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Lebabyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki we Döwletli we etraplarynda şaly ekmek üçin ekerançylyk ýerleri bölünip berildi. Lebap welaýatynyň ençeme etraplary Amyderýanyň golaýynda ýerleşýär. Şaly ekini köp suw talap edýär. Ýöne lebaply şalyçylar suw ýetmezçiliginden şikaýat edýär.

“Her bir şalyçy kärendeçi gijesi bilen ekin meýdanyny garawullap çykýar. Eger kärendeçi öýüne gitse, onuň şalysyna barýan suwa böwet urulýar. Ol irden gelip, öz şalysyna gidýän suwuň kesilendigini görýär we gaharlanyp, öz üstünden geçýän suwuň ýabyny ýapýar. Gapdaldaky şaly meýdanynyň eýeleri ‘suwy näme üçin ýapdyň’ diýýärler, uruş edýärler, ýakalaşýarlar” diýip, lebaply şalyçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Oba hojalyk hünärmenlerine görä, 1 kilogram tüwi 5 tonna töweregi suw talap edýär. Ýöne şu günler Türkmenistanda diňe bir ekerançylyk suwlarynyň üpjünçiliginde däl, eýsem käbir sebitlerde içimlik agyz suwunyň üpjünçiliginde hem bökdençlik ýüze çykýar.

Suw meseleleriniň fonunda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde arassa agyz suwlarynyň tygşytsyz ulanylýandygyny, edara-kärhanalara berkidilen agaç-nahallarynyň agyz suwy bilen suwarylýandygyny habar berýärler.

“Köp edaralar öz baglaryny agyz suwy bilen suwarýar” diýip, lebaply bir suw hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bu aralykda, habarçymyz Türkmenabadyň şäher häkimligine degişli suw daşaýjy ulaglaryň Aşgabada we Balkan welaýatyna ugradylandygyny habar berýär.

“Aşgabatdan daşary Balkan welaýatyna hem 10 töweregi suw daşaýjy awtoulag iberildi. Balkanda Awazanyň gazonlaryna suw ýetmeýär diýýärler. Şol sebäpden, Awazanyň gazon otlaryny suwlamaga ýardam bermek üçin Türkmenabatdan suw daşaýjy ulaglary iberdiler” diýip, lebaply çeşmämiz aýdýar.

Lebaply şalyçylar suw ýetmezçiliginiň fonunda zeýkeşlerden nasoslar arkaly suw sorduryp, ekerançylyk meýdanlaryny suwarmaga çalyşýandyklaryny aýdýarlar.

“Mundan bir aý ozal hem, zeýkeşlerde şor suwlar bardy. Indi zeý suw akýan kiçiräk zeýkeşler hem gurap başlady. Howa-da bu aý yssy boldy” diýip, lebaply şalyçylar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdylar.

13-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň Lebap, Mary, Ahal we Balkan welaýatlaryny, paýtagt Aşgabady suw bilen üpjün edýän Garagum kanalynyň suwunyň azalýandygyny habar berdiler.

Şaly ekini Türkmenistanyň günorta etraplarynda iýunyň ikinji ýarymynda, demirgazyk etraplarynda apreliň soňky hepdesinde we maý aýynyň dowamynda ekilýär. Hasyl güýzde, oktýabr aýynda ýygnalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG