Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply ýaşaýjylar: Amyderýanyň suwy çekilýär


“Amyderýada suw az. Derýanyň akymy peseldi. Ol bir akaba ýaly akýar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.
“Amyderýada suw az. Derýanyň akymy peseldi. Ol bir akaba ýaly akýar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.

Lebap sebitiniň ýaşaýjylary Amyderýanyň suwunyň çekilen böleklerine, derýada emele gelen adajyklara alada bilen syn edýärler.

Şu günler Türkmenistanda gowaça ekiş möwsümi dowam edýär. Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary we welaýat häkimleri ekiş möwsüminiň agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirilip, bellenen möhletde tamamlanjakdygyny aýdýarlar. Ýöne resmiler ýurtda ýüzlerçe müň gektarlyk meýdana gowaça ekmegiň töweregindäki mümkin bolan meseleler, şol sanda gowaça ekinine ummasyz köp mukdarda suw serişdeleriniň sarp edilmegi we munuň ýol açmagy ahmal negatiw netijeleri barada gürrüň gozgamaýarlar.

“Amyderýa köprüsiniň üstünden geçip barýarkam köprini saklap oturan sütünlere gözüm düşdi. Derýanyň çekilen suwunyň yzy sütünlere siňipdir. Suwuň ýüzünden 1,5 metr töweregi ýokarda derýanyň çekilen suwunyň yzy palçyk bolup sütünlerde galypdyr” diýip, lebaply ýaşaýjy gürrüň berýär.

Öz gözbaşyny Hindiguş daglaryndan alyp gaýdýan Jeýhun derýasy Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny zerur suw serişdeleri bilen üpjün edýän esasy suw çeşmeleriniň biridir. Ýöne suw hünärmenlerine görä, ne derýanyň suwunyň çekilýändigini görkezýän alamatlar , ne-de suw serişdeleriniň bisarpa ulanylýandygy baradaky aladalar ýerli häkimiýetleriň ekerançylyga çemeleşmelerine täsir edýär.

Bütindünýä Tebigat gaznasyna görä, 1 kilogram pagta öndürmek üçin 20 müň litrden gowrak suw sarp edilýär. 1 kilogram pagtadan, çen bilen aýdylanda, aňry gitse bir köýnek ýa-da bir jinsi balak öndürilýär.

Geçen ýyl 620 müň gektar meýdana gowaça eken Türkmenistan, bu ýyl 580 müň gektar meýdandan pagta hasylyny ýygnamagy göz öňünde tutýar.

“Gowaça ekişi dowam edýär. Tiz wagtdan gowaçany ýekeläp başlarlar, soňra ilkinji suw tutular” diýip, bir cärjewli kärendeçi gürrüň berýär.

“Ýöne suw problema” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär. Kärendeçi Çärjew etrabynyň ekin meýdanlaryna barýan bäş sany akabada suwuň pes akýandygyny aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar “ozallar däli-jeýhun bolup, bulanyp akan Amyderýanyň suwunyň indi pessaýlap, ýuwaş akýandygyny” aýdýarlar.

“Amyderýada suw az. Derýanyň akymy peseldi. Ol bir akaba ýaly akýar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.

Hünärmenler we synçylar Merkezi Aziýa sebitiniň suw problemasyna öňden bäri alada beýan edip gelýärler. Kimler Merkezi Aziýanyň suw problemasyny geljekde “sebite abanýan iň uly howplaryň” hatarynda agzaýar, kimler bolsa sebitiň suw ýetmezçiligi bilen bagly problemasynyň töweregindäki dowly “suw uruşlary” atlandyrýar. Ýöne suw üpjünçiligi sebitde geçmişden bäri käbir ganly çaknyşyklaryň sebäpkäri bolup gelýär.

Merkezi Aziýanyň suw serişdeleriniň esasy çeşmeleri Amyderýa we Syrderýa bolup durýar. Gyrgyzystan we Täjigistan suw serişdelerinden esasan elektrik energiýasyny öndürmek üçin peýdalanýar. Türkmenistan we Özbegistan suw serişdeleriniň esasy bölegini oba hojalyk pudagyna sarp edýär.

Ýöne, hususan-da, Sowet Soýuzy döwründe sebitde pagtanyň esasy oba hojalyk önümine öwrülmegi bilen, synçylar sebitde suw serişdeleriniň bisarpa ulanylandygyny aýdýarlar. Aral deňziniň guramagy hem sebitiň pagta önümçiligi bilen ilteşdirilýär.

Has ozal, dünýäniň iň uly dördünji köli bolan Aral deňzi, sebitde köpçülikleýin gowaça ekilmäge başlanmagyndan 40 ýyl töweregi soň, 1960-njy ýyllarda gurap başlaýar we gysga wagtyň içinde kölüň ýarpy suwy çekilýär. Häzirki wagtda sebit üçin “umumy tragediýa” hasaplanýan bu tebigy betbagtçylyk ynsan eli bilen tebigata ýetirilen iň uly zyýanyň biri bolup durýar.

Ozal bir çeşmesi Amyderýa bolan Aral deňzi, ekspertlere görä, sebite abanýan ekologik kynçylyklardan habar berýär.

Türkmenistanda gowaça ekiş möwsümi dowam edýän mahaly, lebaply ýaşaýjylar Amyderýanyň suwunyň azalmagyna alada bildirýärler.

Şaýatlaryň sözlerine görä, Amyderýanyň ozal joşup akan hanasynyň ugrunda häzirki wagtda futbol meýdançasynyň ululygynda emele gelen kiçi-kiçi adalar bar.

“Uzynlygy 1,5 kilometr bolan köpriniň aşagynda derýa üç bölek aýry-aýry akaba öwrülipdir” diýip, ýerli ýaşaýjy derýanyň suwunyň nä derejede çekilendigini suratlandyrýar.

“Akabalaryň ortasy boş, gury ýer. Futbol meýdançasy ýaly meýdan gurap ýatyr. Öň bu gury meýdanyň 2 metr üstünden suw akyp geçýärdi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýerli ýaşaýjy Amyderýanyň suwuny onlarça ýyl mundan ozalky derejesi bilen deňeşdirdi.

“Öňler suw bulanyp akýardy, towlanyp akýardy. Şol wagtlar Amyderýa 'däli derýa' atlandyrylýardy” diýip, ýerli ýaşaýjy belleýär.

Özbegistan we Türkmenistan ekerançylyk üçin Amyderýanyň suwundan peýdalanýar, iki ýurduň resmileri wagtal-wagtal duşuşyp, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagy maslahat edýändiklerini aýdýarlar. Iki ýurduň arasynda Suw hojalyk meseleleri boýunça ýörite hökümetara topar hereket edýär.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy geçen ýyl çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw resurslaryna agram düşýändigini duýdurdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG