Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan COVID çäklendirmelerini girizmegi, halkara uçar gatnawlaryny togtatmagy maslahat edýär


Türkmenistan dünýäde ilaty sany 100 müňden geçýän ýurtlaryň arasynda, öz çäginde COVID-19-y ykrar etmedik ýeke-täk döwletdir.
Türkmenistan dünýäde ilaty sany 100 müňden geçýän ýurtlaryň arasynda, öz çäginde COVID-19-y ykrar etmedik ýeke-täk döwletdir.

Türkmenistan 1-nji awgustdan başlap ozal gowaşadyan COVID çäklendirmelerini gaýtadan ornaşdyrmak meselesine garaýar. Bu barada habar berýän Azatlygyň ýurduň saglyk pudagyndaky çeşmesi häzirki wagt anyk çäreleriň üstünde işlenýändigini aýtdy.

“Öňümizdäki aýdan başlap toý mekanlaryň, bazarlaryň, restorandyr garbanyşhanalaryň işlerini çäklendirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, wirusyň ýüze çykan sebitlerine, onuň gerimine laýyklykda, sary, gyzyl derejelerini bermek planlaşdyrylýar. Muňa görä-de soň, goşmaça haýsy çäklendirmeleriň geriziljekdigi kesgitlener” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ygtybarly çeşmämiz gürrüň berdi.

Ol bu taslamanyň entek Ministrler Kabineti tarapyndan garalmagyna garaşylýandygyny belledi. Çeşme eger-de ol tassyklansa, onda çäklendirmeleriň ilki 1-20-nji awgust aralygynda ornaşdyryljakdygyny, soňy bilen-de olaryň möhletiniň ýene-de uzaldylyp bilinjekdigini aýtdy.

Türkmenistanda koronawirusyň ýokdugyny erjellik bilen inkär edýän türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda ýurduň Saglyk we derman senagaty ministrliginden hiç hili kommentariýa almak başartmaýar.

Ýöne çäklendirmeleriň gaýtadan girizilmeginiň mümkindigi baradaky maglumaty çeşmämiz bilen birlikde, habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolýan lukmanlar hem tassyklaýarlar.

Mundan öň, koronawirus pandemiýasy wagtynda Türkmenistan ilatyň ýurduň içinde hereket etmek mümkinçiligini ep-esli çäklendirdi, uçar gatnawyny togtatdy, koronawirusa garşy waksinany hökmany etdi we maska dakynmak we sosial aralygy saklamak talaplaryny girizdi. Ýurtda ilatyň ep-esli bölegini birnäçe aýlap eklençden mahrum eden berk çäklendirmeleri ornaşdyrdy.

Bu aralykda, başga bir çeşmämiz golaýda käbir ugurlar boýunça ýola goýlan halkara uçar gatnawlarynyň hem ýatyrylmagynyň, şeýle-de ýurtda karantiniň girizilmeginiň mümkindigini aýtdy. Ol häzir bu barada maslahat edilýändigini we netijäniň 1-nji awgusta çenli kabul ediljekdigini aýtdy.

Garaşsyz turkmen.news neşiri hem, öz çeşmelerine salgylanyp, maýyň aýagynda gaýtadan dikeldilen Dubaý, Kazan we iýulda ýola goýlan Moskwa ugurlary boýunça dowamly uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň mümkindigini aýdýar. Neşir bu maglumatyň etnek doly tassyklanmandygyny nygtap, şol bir wagtda öňümizdäki aýdan başlap mejbury maska režiminiň hem gaýtadan ornaşdyrylyp bilinjekdigini belleýär.

Mundan öň, Azatlygyň habarçylary şu aýyň başyndan bäri Aşgabadyň hassahanalarynda maska dakmagyň güýçlendirilen görnüşde talap edilip başlanandygyny habar beripdiler.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri býujet işgärlerinden koronawirusa garşy dördünji sanjymy urdurmagy talap etmegini dowam etdirýärler. Türkmenistan 2021-nji ýylyň iýunynda 18 ýaşdan ýokary ähli raýatlar üçin waksinany hökmany diýip yglan edipdi.

“Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde dynç alyşa çykan maşgala lukmanlaryny hem işe çykmaga mejbur edip, ilata dördünji buster sanjymyny etdirdýärler. Bu daşary ýurtlardan gelýän raýatlardan wirusyň has köp ýüze çykarylmagy bilen düşündirilýär. Häzir ilkinji nobatda mugallymlara sanjym urulýar, sebäbi täze okuw ýyly başlananda mekdepleriň işiniň togtap galmagyndan howatyr edilýär. Mundan başga-da, bazar söwdagärlerinden hem sanjym urdurmak talap edilýär. Boýun gaçyran telekeçilere söwda patentiniň ellerinden alynjakdygy bilen haýbat atylýar” diýip, Türkmenbaşy şäheriniň maşgala lukmanlarynyň biri 22-nji iýulda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Ylmy barlaglar Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan tassyklanan sanjymlaryň koronawirusa garşy täsirlidigini subut edýär.

2019-nji ýylyň ahyrynda Hytaýda ýüze çykan COVID-19 ýokanjy 2020-nji ýylyň martynda pandemiýa yglan edildi. Türkmen häkimiýetleri şondan bäri ýurduň çäginde wirusyň ýokdugyny öňe sürmegini dowam etdirýär.

Emma ýurduň içinden syzyp çykan maglumatlarda wirusa ýoluganlaryň we ondan ölenleriň hem köpdügi nygtalýar.

Türkmenistan dünýäde ilat sany 100 müňden geçýän ýurtlaryň arasynda, öz çäginde COVID-19-y ykrar etmedik ýeke-täk döwletdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG