Dnipropetrowsk sebitini raketa tutup, ABŞ-nyň Kiýewe berýän täze ýaraglaryny we ok-däri kömegini yglan etmegine gabat, Moskwa on müňlerçe rus esgeri bilen Ukrainanyň günortasyndaky Kriwi Rih we Mikolaýow şäherlerine tarap ilerlemäge taýýarlanýar diýip, prezidentiň geňeşçisi Oleksi Arestowiç aýtdy.
Arestowiçiň hasaplamalaryna görä, Russiýanyň hüjüme taýýarlaýan güýçleriniň sany 22,000 töweregi esger bolup, olar "ýeterlik derejede uly" ukrain goşuny tarapyndan garşy alnar.
Dnipropetrowsk sebitiniň harby administrasiýasynyň başlygy Walentin Rezniçenko rus goşunlarynyň Dnipropetrowsk sebitiniň Sinelnikowski we Kriworizki etraplaryny raketa atyjylary we artilleriýa bilen topa tutandygyny habar berdi.
"Duşman Sinelnikowskini uçara garşy raketa bilen urdy. Pokrowska hromadasynda ýaşaýyş jaýlary weýran boldy, awtoulaglara zeper ýetirildi” diýip, ol telegramda ýazdy.
Gara deňiz porty Mikolaýewde 2-nji awgustda ýene güýçli partlamalar boldy, bir adam ýaralandy diýip, şäher häkimi Oleksandr Sienkowiç aýtdy.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasy (OHCHR) Ukrainada rus goşunlary çozaly bäri 5327 raýatyň öldürilendigini, 7,257 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Birleşen Ştatlar 1-nji awgustda Ukraina täze ýarag bukjasyny, şol sanda raketa atyjylar üçin ok we artilleriýa ýaraglaryny iberýändigini yglan etdi. Ukrain harby resmileriniň aýtmagyna görä, bu ok-ýaraglar rus goşunlaryny yza serpikdirmekde we olaryň üpjünçilik liniýalaryna zarba urmakda möhüm rol oýnaýar.
550 million dollarlyk täze ýarag bukjasy “HIMARS” diýlip atlandyrylýan kämil raketa ulgamlarynyň has köp möçberdäki oklaryny, şeýle-de artilleriýa üçin ok-därileri öz içine alar diýip, Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Jon Kirbi Ak tamda žurnalistlere aýtdy.
Bu prezident Jo Baýden wezipesine girişeli bäri Ukraina berlen umumy harby kömegiň bahasyny 8 milliard dollardan geçirýär diýip, Kirbi aýtdy.
HIMARS-lar has uzak aralyga ýetýän ýarag bolup, Ukrainanyň arsenalynda sowet döwründen galan artilleriýa ýaraglaryna garanyňda has anyk nyşanalara urup bilýär.
"Söweş meýdanynyň barha ýokarlanýan talaplaryny kanagatlandyrmak üçin, Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary Ukrainany esasy zerurlyklary bilen üpjün etmek üçin edýän hyzmatdaşlygyny dowam etdirer" diýip, Pentagonyň beýanatynda aýdylýar.
Ak tam ABŞ resmileriniň täze kömek bukjasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin 1-nji awgustda Ukrainanyň ýokary derejeli resmileri bilen telefonda gürleşendigini aýtdy.
"ABŞ resmileri öz ukrain kärdeşlerini Baýden administrasiýasynyň şu gün Ukrainany HIMARS we söweş meýdanynda üýtgeşiklik döredýän artilleriýa ulgamlary üçin goşmaça ok-däri bilen üpjün etjek täze bukjanyň jikme-jiklikleri bilen tanyşdyrdy" diýip, At tamyň beýanatynda bellenýär.
Bu telefon söhbetdeşligi goranmak ministri Lloýd Ostiniň Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksi Reznikow bilen 29-njy iýulda eden telefon söhbetdeşliginiň yz ýanyndan geçirildi. 29-njy iýulda olar öňde durýan howpsuzlyk kömegi barada pikir alşypdylar.
1-nji awgustda geçirilen söhbetdeşlige döwlet sekretary Antoni Blinken, milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi Jeýk Salliwan, Baş ştabyň başlygy Mark Milli we Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Ukrainanyň prezident diwanynyň başlygy Andriý Ýermak, ukrain goşunynyň baş serkerdesi Waleri Zalužni dagy gatnaşdy diýip, Ak tamyň beýanatynda aýdylýar.
Blinken aýratynlykda Moskwanyň Ukrainanyň Zaporižýadaky iň uly ýadro elektrik desgasynda goşun ýerleşdirmek bilen, ukrain güýçleriniň aýylganç ýadro heläkçiligine uçramak ähtimallygy zerarly gaýtargy bermekden saklanmaklary üçin, bu binany "ýadro galkany" hökmünde ulanýandygyny aýtdy.
Blinken Waşingtonyň Zaporižiýadaky desga meselesinde “çuňňur alada” galýandygyny aýtdy. Ozal, mart aýynda Orsýet bu desganyň gaty golaýyna, howply derejede top atmakda aýyplanypdy, indi rus goşunlary bu ýeri harby baza edinip, golaýdaky ukrain güýçlerini oka tutmak üçin ulanýar diýip, Blinken sözüniň üstüni ýetirdi.
Forum