Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda soňky aýda dört ýigit özüni heläkledi, iki oglan gark boldy


Türkmenabat
Türkmenabat

Türkmenistanyň gündogar Lebap welaýatynda soňky bir aýyň dowamynda dört ýaş oglan öz janyna kast etdi, şeýle-de ýene iki ýaş ýigit suwda gark boldy. Bu ýagdaýlary tassyklatmagy başaran Azatlygyň sebitdäki çeşmesi, pajygaly hadysalaryň welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda we Çärjew etrabynda ýüze çykandygyny belledi. Azatlykda heläk bolanlaryň şahsyýeti, olaryň ýaşaýan sebiti barada maglumat bolsa-da, merhumlaryň ýakynlary bilen gürleşip, degişli rugsat alynmandygy sebäpli, bu jikme-jikleri aýan etmekden saklanýarys.

“Iýul aýynda aýry-aýry ýagdaýlarda dört ýigit özüni heläkledi. Olaryň ikisi entek ýokary klas okuwçylardy, beýleki ikisi hem 25 ýaşa ýetmedik ýigitlerdi. Olaryň hiç biri entek durmuş toýuny hem tutmandy” diýip, ýerli çeşmämiz gürrüň berdi.

Ol geçen aýda Türkmenabadyň ‘Saglyk ýolunyň’ golaýyndaky ýapda suwa düşmekçi bolan, mekdebe şu ýyl gatnap başlamaly, bir ýaş oglanyň gark bolup ýogalandygyny aýtdy.

“Mundan başga-da, 3-nji awgustda bir ýaş okuwçy oglan Türkmenabadyň ‘Nebitçiler’ etrapçasynyň golaýyndan geçýän suw akabasyna gaçyp, ýitirim boldy. Bu waka şaýat bolanlar, oglanyň suwa çümeninden soň, yzyna çykmandygyny gürrüň berdiler. Çarşenbe güni ýerli gulluklar onuň gözlegini ençeme sagatlap alyp barsalar-da, ony tapyp bilmediler. Olar oglanyň uly ähtimallyk bilen heläk bolandygyny aýtdylar” diýip, çeşmämiz sözüne goşdy.

Gürrüňi edilen ýokarky pajygaly hadysalar barada Türkmenabadyň we Çärjew etrabynyň degişli häkimliklerinden we polisiýa edaralaryndan maglumat almak başartmady. Azatlyk ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň arasynda, esasan hem dürli dabaralara toplanýan pullary tapyp bilmän, ýaş oglandyr-gyzlaryň özlerini heläkleýändigi barada maglumat berip gelýär. Emma türkmen häkimiýetleri bu barada hiç hili statistika bermeýärler, galyberse-de soňky döwür has köpelendigi aýdylýan ýaşlaryň arasyndaky bu hili pajygaly ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan bilim pudagynda zähmet çekýän ýerli bir synçy, ýaşlaryň arasyndaky geljege bolan barha artýan umytsyzlygy synlaýandygyny nygtady.

“Ýurtdaky ykdysady krizis adamlaryň ozalam kyn durmuşyny has agyrlaşdyrýar we işsiz, gazançsyz, azyk almaga pullary ýetmeýän maşgalalara agyr täsir ýetirýär. Bu sebäpli ýokary okuwa girip bilmeýän, maşgala gurup bilmeýän ýaş adamlaryň käbiri çykalgasyzlykdan utanyp, öz janyna kast etmäge synanyşýarlar. Galyberse-de, ýaşlar ýurtdaky ýaýran parahorlyk sebäpli, pullary bolmasa, diňe bir öz ukyplarynyň hasabyna geljek gurup bilmejekdiklerini aýdyp, umytsyzlyga uçraýarlar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli bilim işgäri gürrüň berdi.

2019-njy ýylda Merkezi Aziýada adamlaryň öz janlaryna kast etmeginiň 30 ýyllyk maglumatlaryna syn berlende, Türkmenistanda ýylda her ýüz müň raýatdan 15,8 adamyň özüni heläkleýändigi aýdyldy. Bu Merkezi Aziýa sebitinde Gazagystandan soňky ikinji uly görkeziji bolupdy.

Türkmenistanda öz janyna kast edýän adamlar barada açyk statistiki maglumatlar çap edilmeýär, emma ýerli synçylar, Azatlygyň habarçylary bu meseläniň türkmen hökümetiniň halkara guramalaryna berýän resmi maglumatlarynda görkezilişinden has çynlakaý bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Döwlet metbugaty Türkmenistanda ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdýar. Ýöne on müňlerçe türkmen ýaşlary daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýede eklenç üçin agyr şertlerde zähmet çekýär. Galyberse-de, Türkmenistanyň çagalar baglaryndan tä ýokary okuw jaýlaryna, ol ýerden iş ýerlerine çenli ýaýran alym-berim ýaşlaryň adalata bolan ynanjyna zarba urýar diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG