Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdep uçurymy öz janyna kast etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenabatda 27-nji mekdebiň uçurymy Kemran Meftyýew öz janyna kast etdi diýip, turkmen.news neşiri habar berýär. Neşiriň çeşmelerine görä, ýaş oglan özüni 23-nji iýulda bir köp gatly binadan aşak oklapdyr. Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz iki çeşmesi bu maglumaty tassyklady.

Neşiriň habaryna görä, Kemran maýyplygy bolan ejesi bilen bilelikde ýaşaýardy we maşgala ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýärdi.

Azatlygyň bir çeşmesine görä, Kemran Türkmenabadyň Ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebini tamamlapdyr.

“Bu waka 23-nji iýulda [Türkmenabadyň] “Gagarin” etrapçasynda boldy” diýip, çeşme aýdýar.

Ol "dokuz gatly jaýdan özüni zyňdy we ýogaldy” diýip, maglumatynyň üstüni ýetirýär.

Tanyşlarynyň sözlerine görä, Kemran saglyk ýagdaýlary sebäpli harby gullukdan bir ýyl möhlet bilen galdyrylypdyr; maşgala agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýärdi we ýaş oglan gazanç etmek üçin iş gözleýärdi.

Mekdep uçurymynyň öz janyna kast etmeginiň mümkin bolan anyk sebäpleri barada başga jikme-jiklik elýeterli däl, ýöne turkmen.news neşiriniň hem-de Azatlygyň çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, maşgala agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýärdi.

Ýaş oglanyň tanyşlary ony “akylly oglan” häsiýetlendirýärler we 11-nji synpy şu ýyl tamamlandygyny aýdýarlar.

Çeşmäniň sözlerine görä, eje-ogul diňe döwlet kömek puly bilen gün görmäge synanyşýan ekeni. Pajygaly wakadan ozal Kemran ýerli kafelerde ofisiant hökmünde işlemek üçin iş gözläpdir. Ýöne onuň iş gözlegleri netijesiz tamamlanypdyr.

Azatlyk Radiosynyň ikinji çeşmesi, Kemranyň bäş gatly jaýdan özüni oklap, öz janyna kast edendigini aýdýar.

Galyberse-de, ikinji çeşme sebitde öz-özüni heläkleýänleriň sanynyň artýandygy barada habarlaryň bardygyny aýdýar. Ol bu maglumatlar boýunça statistika ugrundan işleýän bir tanşyna salgylanýar.

Türkmenistanyň hökümeti jenaýatçylyk hadysalary barada statistiki maglumatlary jemgyýetçilige aýan etmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurtda ýaramazlaşan ykdysady krizisiň arasynda sosial problemalaryň barha ýitileşýändigini, ogurlyk, talaňçylyk ýaly jenaýatlaryň köpelýändigini habar berýärler.

Ýöne hökümet resmileri dolandyryp bolmaýan sosial problemalary, ýokarlanýan jenaýatçylyk hadysalaryny ýurduň ykdysady krizisi bilen ýa-da ýurtdaky syýasy atmosfera bilen ilteşdirmeýärler. Muňa derek, resmiler şeýle hadysalar boýunça raýatlaryň maşgala ýagdaýlaryny we beýleki faktorlary bahana edýärler.

1-nji iýulda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen mejlisinde raýatlaryň öz-özüni heläklemegi ýaly ýagdaýlaryň psihiki bozulmalar, spirtli içgiler, psihotrop maddalar, raýatlaryň maşgala ýagdaýlary ýaly faktorlaryň täsirinden döreýändigi barada maslahat edildi, ýöne raýatlaryň durmuş goragsyzlygynyň, ýurtda giň ýaýran işsizligiň, ykdysady kynçylyklaryň bu ýagdaý bilen mümkin bolan arabaglanyşygy agzalmady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli künjeklerinde käbir mekdep uçurymlarynyň öz-özüni heläklemegi ýaly ýagdaýlar boýunça mundan ozal hem habar berdi.

Bu ýagdaýlar, synçylara görä, kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjeklere mekdeplerde berilýän bilim-terbiýäniň hili, ýaş ýetginjeklere ahlak we durmuş gymmatlyklarynyň öwredilmegi, olaryň durmuşa taýýarlanylmagy, galyberse-de raýatyň zähmet we durmuş goraglylygy, ykdysady problemalar boýunça çynlakaý soraglary döredýär; şeýle-de, bu problemalara döwletiň çözgüt tapmak islegine, ukybyna we mümkinçiliklerine üns çekýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG