Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moskwa topa tutmagyny ýygjamladýar, Kiýew Russiýanyň täze hüjüme taýýarlanýandygyny aýdýar


Russiýa parahat ilaty nyşana alýandygy barada aýdylýanlary inkär edýär, emma fewral aýynyň aýagynda başlanan urşuň dowamynda köp şäher we oba weýran edildi, müňlerçe adam öldürildi.

Russiýanyň Ukrainanyň birnäçe künjegini bombalap, adam pidalaryna we weýrançylyga sebäp bolmagy bilen, Ukraina Moskwanyň prezident Wolodymyr Zelenskiniň dogduk şäheri bolan Kriwiý Rihe hüjüm etjek güýçleri bir ýere jemleýändigini aýdýar. NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Ýewropada Ikinji jahan urşundan bäri iň howply ýagdaýy döreden Ukraina urşuny başlan Russiýanyň ýeňiş gazanmagyna ýol berilmeli däldigini aýtdy.

Gündogar Donetsk sebitiniň häkimi Pawlo Kirilenko telegramda Bahmutda, Mariýnkada we Şewçenkoda üç parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini, soňky 24 sagatda bäş adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Russiýa bilen araçäkleşýän Sumy sebitiniň gubernatory Dmitro Žiwitski rus güýçleriniň 3-nji awgustda üç şähere jemi 55 raketa atandygyny aýtdy. Ol ýerde ýaralanan bolmady, ýöne ýaşaýyş jaýlaryna we söwda desgalaryna zeper ýetdi.

Şeýle-de, Žiwitski sekiz sany artilleriýa okunyň Krasnopilska jemgyýetiniň ilatly ýerlerine gelip düşendigini aýtdy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 4-nji awgustda Russiýanyň Kriwiý Rih ugrunda zarba uruş toparyny döredip başlandygyny we Ukrainanyň günortasynda täze hüjüm operasiýalaryna taýýarlanýan bolmagynyň ähtimaldygyny habar berdi.

Polat öndürýän Kriwiý Rih, Zelenskiniň önüp-ösen şäheri günorta frontdan 50 km uzaklykda ýerleşýär.

Merkezi Ukrainadaky Zaporižýanyň günbatarynda ýerleşýän Nikopol şäheriniň häkimi Yewhen Ýewtuşenko Telegram kanalynda öten agşam öz şäheriniň topa tutulandygyny we bir aýalyň ýaralanandygyny aýtdy.

Rus harbylary Dnipropetrowsk sebitiniň Kriworizki etrabyna-da hüjüm etdiler. Sebitiň harby dolandyryş gullugynyň başlygy Walentin Rezniçenko ruslaryň bu hüjümde Hrad raketalaryny ulanandygyny habar berdi.

Britan Goranmak ministrligi özüniň gündelik aňtaw maglumatlarynda ukrain güýçleriniň Russiýanyň front liniýasyndaky harby berkitmelerine, goşun toparlaryna, maddy-tehniki üpjünçilik bazalaryna we ok-däri ammarlaryna garşy raketa we artilleriýa zarbalaryny urmagyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Brtitan aňtaw gullugynyň çakyna görä, rus goşunynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligine uly zyýan ýetirmek ahtimallygyndan başga, ukrain taktikasy Moskwanyň söweş goldaw elementlerine hem basyş görkezer.

Şeýle-de, britan maglumatynda rus güýçleriniň Dnepr derýasynda, ABŞ-dan alnan HIMARS raketa ulgamlary bilen urlan Antoniwski köprüsiniň golaýynda radar şöhlelendirijilerini oturdan bolmagynyň örän ähtimaldygy bellenýär.

Aňtaw gullugynyň pikiriçe, radar reflektorlary zyýan ýeten köprini indiki uruljak zarbalardan goramaga niýetlenen.

Býulleten: "Bu Russiýanyň Günbatar tarapyndan berlen ulgamlaryň giňelden takyklyk geriminden abanýan howpy duýýandygyny görkezýär" diýip, aňtaw maglumatynda aýdylýar.

Prezidentiň geňeşçisi Oleksiý Arestowiçiň pikiriçe, rus goşunlarynyň gündogardaky hüjüminiň bar matlaby Ukrainany hakykatdanam howp astyndaky Zaporižýa sebitinden goşun getirmäge mejbur etmekden ybarat.

Russiýa mart aýynda Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna howply derejede golaý top atmakda aýyplandy. Rus güýçleri bu desgany urşuň ilkinji hepdelerinde ele geçirdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Moskwany Ukrainanyň iň uly ýadro elektrik desgasyny ukrain güýçleriniň edýän hüjümlerinden goranmak üçin "ýadro galkany" hökmünde ulanmakda aýyplady.

Russiýa parahat ilaty nyşana alýandygy barada aýdylýanlary inkär edýär, emma fewral aýynyň aýagynda başlanan urşuň dowamynda köp şäher we oba weýran edildi, müňlerçe adam öldürildi.

Ukraina we onuň günbatar ýaranlary rus güýçlerini uruş jenaýatlarynda aýyplaýarlar.

Şu aralykda, NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Ýewropada Ikinji jahan urşundan bäri iň howply ýagdaýy döreden Ukraina urşuny başlan Russiýanyň ýeňiş gazanmagyna ýol berilmeli däldigini aýtdy.

Stoltenberg 4-nji awgustda Norwegiýada çykyş edip, bileleşigiň we agza ýurtlaryň Ukraina esassyz çozan Russiýanyň üstünlik gazanmazlygy üçin Kiýewi uzak wagtlap ýarag we beýleki ýardamlar bilen goldap biljekdigini aýtdy.

"Bu hili agressiw syýasatyň başa barmazlygy biziň bähbidimize" diýip, Stoltenberg nygtady.

Forum

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG