Ukrain prezidentiniň edarasy ruslaryň ýurduň ikinji iri şäheri Harkowa zarbalary urandygyny aýdýar
Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitinde gazaply söweşler dowam etdirilýär. Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistler Kiýewiň güýçlerini Bahmut we Awdiýiwka şäherlerinden yza tesdirmäge synanyşýarlar. Bu aralykda, ukrain harbylary Russiýanyň ýurduň günorta sebitlerine täze hüjümleri başlatmagynyň mümkindigini duýdurýarlar.
Rus güýçleri Ukrainanyň Zaporižýe ýadro desgasynyň golaýyndaky şäheri topa tutdular diýip, 4-nji awgustda ýerli häkim maglumat berdi. Şol bir wagtda, ukrain prezidentiniň edarasy ruslaryň ýurduň ikinji iri şäheri Harkowa zarbalary urandygyny aýdýar.
Hüjümiň dowamynda şäheriň birnäçe senagat sebitlerine zarba atyldy, şeýle-de golaýdaky Çuhuiw şäherinde rus raketasy bäş gatly ýaşaýyş jaýyna gelip urdy.
Ukrainanyň baş harby ştabynyň ýolbaşçysynyň orunbasary, general Oleksiý Hromowyň 4-nji awgustdaky sözlerine görä, ukrain güýçleri ruslaryň Donetskiň Soledar we Bahmut ugurlary boýunça hüjümlerini üstünliki yza tesdirýärler. Ol günorta şäheri Bahmut ugrundaky söweşleriň dowam etdirilýändigini hem sözüne goşdy.
Ýöne Hromow ukrain güýçleriniň Semyhirýa obasyndan we Awdiýiwkanyň günorta-gündogaryndaky pozisiýalaryndan yza çekilmeli bolandyklaryny hem belledi.
Hromow metbugat ýygnagynyň dowamynda ukrain güýçleriniň günortadaky Slowýansk şäheriniň birnäçe obasyny yzyna alandyklaryny, emma soňra golaýdaky bir şähere yza çekilmäge mejbur bolandyklaryny aýtdy.
Mundan başga-da, ol Moskwanyň Ukrainanyň gündogaryndaky Herson şäherine hüjüme geçmeginiň mümkindigini, ruslaryň bu ugur boýunça eýýäm harbylarynyň sanyny artdyryp başlandygyny nygtady.
Donetskdäki Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň liderleri Ukrainanyň Donetske uran zarbalarynyň netijesinde, azyndan bäş adamyň ölendigini we altysynyň ýaralanandygyny aýtdy.
Donetsk şäheriniň özi 2014-nji ýyldan bäri Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň gözegçiliginde bolsa-da, ukrain güýçleri Donetsk regionunyň köp sebitlerini öz kontrollygynda saklaýarlar. Bu aralykda, Russiýa öz güýçleriniň uly sebitleri eýeläp başlandygyny öňe sürýär.
Donetskiň ukrain häkiminiň maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Russiýanyň Bahmut, Marynka we Şewçonka sebitlerine atan zarbalarynda parahat ilatyň arasyndan üç adam ölüpdir we bäşisi ýaralanypdyr.
“Belki, ertirki gün bolmaz”. Ukraina nikanyň sany boýunça rekord goýýar
1/10Ukrainanyň harby gullukçysy 25 ýaşly Witaliý nika ýazlyşygy dabarasyndan birnäçe minut soň öz gelinligi bilen. Kiýew, 23-nji iýul.
24-nji fewralda rus goşunlarynyň Ukraina çozup gireli bäri, bu ýurt görlüp-eşidilmedik nika ýüz tutmalary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Soňky bäş aýyň dowamynda, Kiýewde 9120 jübüt nikadan geçdi. Deňeşdirmek üçin: geçen ýylyň degişli döwründe, 1110 nika hasaba alnypdy.
Ukrainada dowam edýän rus çozuşynyň fonunda, nikalaşýanlaryň sany artýar. Adamlar beýleki bir wagta garanda, özlerini has tutanýerli duýup, durmuş gurýarlar hem maşgala döredýärler.
2/10Rus çozuşy başlanandan gysga wagt soň, Milli gwardiýanyň agzalarynyň nikasy. 2022-nji ýylyň 8-nji marty.
Kiýewden bolan, özüni Witaliý diýip tanadan ýigit (onuň suraty ýok) nikadan geçiş dabarasynda, AFP habar gullugyna häzir öýlenmek kararyna gelmek urşuň näbelliligi sebäpli "iň batyrgaý we kyn ädim" diýdi. "Islendik wagt frontda bolup bilerin" diýip, ol düşündirdi.
Ukrainada dowam edýän rus çozuşynyň fonunda, nikalaşýanlaryň sany artýar. Adamlar beýleki bir wagta garanda, özlerini has tutanýerli duýup, durmuş gurýarlar hem maşgala döredýärler.
3/10Mihail we Anastasiýa Dewberriler, Kiýewiň golaýyndaky Buçada toýdan soň zeper ýeten binanyň öňünde. 26-njy maý.
Buçadaky we golaýdaky Irpen şäherindäki nikany hasaba alyş býurolary maý aýynda, rus goşunlary Kiýewiň eteginden çykarylandan soň, täzeden açyldy.
Ukrainada dowam edýän rus çozuşynyň fonunda, nikalaşýanlaryň sany artýar. Adamlar beýleki bir wagta garanda, özlerini has tutanýerli duýup, durmuş gurýarlar hem maşgala döredýärler.
4/10Kiýewiň golaýyndaky Browaride täze durmuş gurýan ýaş çatynjalar – harby gullukçylar. Şol döwürde Ukrainanyň paýtagty rus goşunlary tarapyndan gurşalypdy.
Atlarynyň tutulmazlygyny haýyş eden ýigit hem gelin ilkinji gezek 2015-nji ýylda, Ukrainanyň gündogaryndaky ruslary goldaýan separatistlere garşy durulýan ýerde duşuşypdyrlar. 2022-nji ýylda ruslaryň çozmagyndan soňky ilkinji günlerde, ykbal olary tötänleýin ýagdaýda duşuranda, olaryň arasyndaky söýgi ýaňadan güýçlenipdir.
Ukrainada dowam edýän rus çozuşynyň fonunda, nikalaşýanlaryň sany artýar. Adamlar beýleki bir wagta garanda, özlerini has tutanýerli duýup, durmuş gurýarlar hem maşgala döredýärler.
5/10Anastasiýa Graçewa we Anton Sokolow 3-nji aprelde, Harkowyň weýran edilen howlusynda toý suratyna düşdüler. Şepagat uýasy hem wraç bilelikde mugt lukmançylyk kömegini berýärler, olar şäheriň ýaşaýjylary üçin, derman almaga pul ýygnaýarlar.
Ukrainada dowam edýän rus çozuşynyň fonunda, nikalaşýanlaryň sany artýar. Adamlar beýleki bir wagta garanda, özlerini has tutanýerli duýup, durmuş gurýarlar hem maşgala döredýärler.
6/10Milli gwardiýanyň gullukçysy Igor we onuň gelinligi Kira ýerzeminden çykyp, ulaga tarap barýarlar. Harkow, 23-nji iýun. Şäherde nika dabaralary köplenç gizlin ýerde geçirilýär. Bu raketa we artilleriýa toplary bilen bombalanýan şäherdäki seresaplylyk üçin edilýär.
Ukrainada dowam edýän rus çozuşynyň fonunda, nikalaşýanlaryň sany artýar. Adamlar beýleki bir wagta garanda, özlerini has tutanýerli duýup, durmuş gurýarlar hem maşgala döredýärler.
7/10Ýewgeniý Lewçenko we Nadežda Pritula 21-nji iýunda, Irpen şäherinde nikadan geçmek dabarasyna garaşýarlar. Täze durmuş guranlar derrew aýrylmaga mejbur boldular. Nadýa daşary ýurda okamaga gitdi, Ýewgeniý erkekleriň ýurtdan çykmagy gadagan edilendigi sebäpli, ýurtda galmaly boldy.
Ukrainada dowam edýän rus çozuşynyň fonunda, nikalaşýanlaryň sany artýar. Adamlar beýleki bir wagta garanda, özlerini has tutanýerli duýup, durmuş gurýarlar hem maşgala döredýärler.
8/10Ukrainanyň "Karp" harby bölüminiň esgeri we onuň ýanýoldaşy Anna Harkow sebitinde geçen nika dabarasynda, ruhanynyň yzyndan barýarlar, 24-nji iýul.
Uruş döwründe Ukrainada nika toýlaryň sanynyň köpelmegi Ikinji jahan urşy döwründäki ýagdaýa meňzeýär, ýöne dünýäniň beýleki tarapynda bolan ýagdaýy ýada salýar. 1942-nji ýylda ABŞ-da 1,8 million nikalaşma hasaba alyndy we bu ýurt üçin rekord dereje bolupdy.
Ukrainada dowam edýän rus çozuşynyň fonunda, nikalaşýanlaryň sany artýar. Adamlar beýleki bir wagta garanda, özlerini has tutanýerli duýup, durmuş gurýarlar hem maşgala döredýärler.
9/10Ukrainanyň sebit Goranmak Güýçleriniň harby gullukçylary Lesýa Iwaşenko we Waleriý Filimonow Kiýewdäki barlag nokadynda geçen toý dabarasynda ruhanyny diňleýärler, 6-njy mart.
Ukrainada dowam edýän rus çozuşynyň fonunda, nikalaşýanlaryň sany artýar. Adamlar beýleki bir wagta garanda, özlerini has tutanýerli duýup, durmuş gurýarlar hem maşgala döredýärler.
10/1031 ýaşly Darýa Stenýukowa 16-njy iýulda, Winnisedäki bombalanan kwartirasynda toý suratyna düşdi. Toýdan bir gün öňinçä, Kiýewiň 200 km günorta-günbatarynda ýerleşýän şäher raketa hüjümine sezewar boldy. 26 adamyň ölümine sebäp bolan raketa hüjümine garamazdan, ýoga mugallymy Darýa özüniň hem ýanýoldaşynyň durmuş gurmak maksadyndan el çekmändiklerini aýdýar. "Meniň öýüm ýykyldy, ýöne durmuşymyz däl" diýip, ol AFP habar gullugyna mälim etdi.
Ol: “Bu bütin dünýä ýüzlenme – biz ukrainleriň nähili derejede güýçlüdigini nygtaýarys. Raketalar depämizden uçup geçse-de, biz durmuş gurmaga taýýar" diýdi.
Ukrainada dowam edýän rus çozuşynyň fonunda, nikalaşýanlaryň sany artýar. Adamlar beýleki bir wagta garanda, özlerini has tutanýerli duýup, durmuş gurýarlar hem maşgala döredýärler.
Previous slide
Next slide
Ol Donetskiň Toretsk şäherine atylan artilleriýa toplarynyň netijesinde, sekiz adamyň öldürilendigini we bäşisine şikes ýetendigini hem belledi.
BMG Zaporižýa ýadro desgasynyň golaýyna atylýan zarbalar bilen baglylykda eýýäm alada bildirdi.
Halkara Atom Energiýa Agentliginiň baş direktory Rafael Grossi desgada “mümkin bolan ähli howpsuzlyk prinsipleriniň bozulandygyny” aýtdy. Ol “bu ýagdaýlar juda çynlakaý, şeýle-de iňňän howply we howatyrly” diýip, belledi.
Britan Goranmak ministrliginiň 5-nji awgustda ýaýradan gündelik brifinginde Russiýanyň ýadro desga babatyndaky meýilleriniň aýdyň däldigi nygtalýar.
Emma onda ruslaryň çäreleriniň “desganyň adaty iş tertibine we howpsuzlygyna zeper ýetirendigine meňzeýändigi” hem bellenilip geçilýär.
Dnipropetrowskiň regional häkimi ruslaryň bu desgadan, Dnepr derýasynyň beýleki kenaryndaky Nikopol şäherine 60 raketa atandygyny aýtdy.
Walentin Rezniçenkonyň maglumatyna görä, ruslaryň hüjümi netijesinde 107 müň ilatly şäheriň 50 sany ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi, şeýle-de sebitde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi kesildi.
ABŞ-nyň habar serişdelerinde Russiýanyň ýadro desgasyna hüjüm edilmejekdigi sebäpli, ol ýerden ýöriteläp zarba urýandygy baradaky harby ekspertleriň sözleri getirilýär.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Moskwany bu desgany “ýadro galkany” hökmünde ulanmakda aýyplady.
Forum