Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda COVID möwjeýär, lukmanlar hassalaryň ony ‘ýeňil geçirýändigini’ aýdýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Öz serhet çäklerinde koronawirusyň ýokdugyny tekrarlaýan Türkmenistanda barha köp covid ýagdaýlary ýüze çykarylýar. Ýerli lukmanlar ýokanjyň ozalky tolkunlaryndan tapawutlylykda, hassalarda degişlilikde has aňsat geçýändigini, şeýle-de pajygaly ýagdaýlaryň tas ýokdugyny belleýärler.

“[Lebabyň dolandyryş merkezi] Türkmenabatda koronawirus ýagdaýlary barha köp ýüze çykarylýar. Wirus tapylanlar dessine Keselleriň öňüni alyş gullugy tarapyndan hassahana alnyp gidilýär” diýip, ýerli çeşmämiz 9-njy awgustda gürrüň berdi.

Ol her gün, häkimiýetleriň talaplary esasynda, ýurduň beýleki sebitlerine syýahat etmekçi bolýanlaryň Keselleriň öňüni alyş gullugyna baryp, covid testini tabşyrýandyklaryny, şeýdip hem bu wirusa ýoluganlaryň anyklanýandygyny belledi.

“Aşgabada, ‘Awaza’ we Daşoguza gitmek üçin her gün 250-300 adam Keselleriň öňüni alyş gullugynda test tabşyrýar. Bularyň arasyndan her gezekde azyndan 25-30 adamda koronawirus ýüze çykarylýar. Ol adamlar dessine üzňeleşdirilýär, şeýle-de olaryň maşgala agzalaryndan hem test alynýar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz nygtady.

Ol covid tapylan bir ýaşaýjynyň öýüne ýörite gorag lybasyndaky bir maşgala lukmanynyň gelip test alanyndan soňra, onuň çagalaryndan hem koronaiwirusyň tapylandygyny, munuň netijesinde onuň gatnaýan çagalar bagynda hem köpçülikleýin test barlaglarynyň geçirilendigini aýtdy.

“Munuň ertesi güni gürrüňi gidýän çagalar bagyndaky dört terbiýeçiden we enekeden wirus tapyldy. Olar hem şol bada hassahana äkidildi” diýip, çeşmämiz çagalar bagyndaky birnäçe enekäniň sözlerine salgylanyp maglumat berdi.

Bellesek, çeşmämiziň we Azatlygyň söhbetdeşleriniň howpsuzlygy nukdaýnazaryndan anyk adam we ýer atlaryny, şeýle-de takyk seneleri agzamakdan saklanýarys.

Şol bir wagtda, Azatlygyň çeşmesi bilen söhbetdeş bolýan lukmanlar covid-yň nobatdaky tolkunynyň, ozalkylara garanyňda has aňsat geçýändigini aýdýarlar.

“Saglyk işgärleri wirusa täze ýolugýanlar köp bolsa-da, keselçiligiň öňkülere garanyňda has aňsat, dümew ýaly geçýändigini adýarlar. Olar häzir koronawirus sebäpli saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, heläk bolanlara entek gabat gelmändiklerini hem aýdýarlar” diýip, çeşmämiz sözüne goşdy.

2019-nji ýylyň ahyrynda Hytaýda ýüze çykan COVID-19 ýokanjy 2020-nji ýylyň martynda pandemiýa yglan edildi. Türkmen häkimiýetleri şondan bäri ýurduň çäginde wirusyň ýokdugyny öňe sürmegini dowam etdirýär.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistan dünýäde ilat sany 100 müňden geçýän ýurtlaryň arasynda, öz çäginde COVID-19-y ykrar etmedik ýeke-täk döwletdir. Türkmenistan bilen bilelikde iki ýyllap öz çäginde koronawirusyň ýokdugyny öňe süren Demirgazyk Koreýa maýda COVID-19 keseline uçran ýagdaýlary ilkinji gezek resmi taýdan ykrar etdi.

Şol bir wagtda, ozalky ýyllarda Türkmenistanyň içinden syzyp çykan maglumatlarda wirusa ýoluganlaryň we ondan ölenleriň hem köp bolandygy nygtalypdy.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri geçen aýdan bäri ozal gowşadylan koronawirus çäklendirmelerini hem gaýtadan ornaşdyryp başladylar. Bir tarapdan iri şäherleriň köçeleri dezinfeksiýa edilse, beýleki tarapdan käbir sebitlerde ilatdan gaýtadan maska dakynmak talap edildi.

Mundan başga-da, tomsuň başyndan bäri ilatdan koronawirusa garşy dördünji buster sanjymlaryny urdurmak talap edilýär.

Şol bir wagtda, sebitlerdäki habarçylarymyz ilat arasynda dördünji waksinany kabul etmekden ýüz öwürýänleriň bardygyny we munuň sebäbiniň sanjymlara bolan ynamsyzlykdan ugur alýandygyny aýdýarlar. Bellemeli ýeri, ylmy barlaglar Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan tassyklanan sanjymlaryň koronawirusa garşy täsirlidigini subut edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG